Ösüşleriň ýolunda
Bedew bady bilen öňe barýan Türkmenistan döwetimizde Hormatly Prezidentimiz atalyk aladasy, çäksiz tagallasy bilen türkmen halkynyň bol elin durmuşda ýaşamagy hakda uly aladalar edýär. Şu günki günde Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir” diýip bellemegi uly ruhybelentligiň, çäksiz aladanyň nyşanydyr. Bütin adamzat hakyndaky alada etmek Hormatly Prezidentimiziň baş syýasatynyň biridir. Ýurdumyzyňzyň çäginde hususy telekeçiligi ösdürmeklige edilýän aladalaryň çäklerinde Baş baýramlarymyzyň biri bolan Garaşsyzlyk baýramçylygymyzyň şanly 28 ýyllyk toýunyň öňi syrasynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde günde 300 tonna un öndürýän zawodyň açylyp ulanmaga berilmegi halkymyzy bol hem-de ýokary hilli un we çörek önümleri bilen üpjün edilmegine uly goşant goşýar. Çünki ýurdumyzda hususy telekeçiler tarapyndan Hormatly Prezidentimiziň çäksiz aldalarynyň çäklerinde diňe öz döwletimize ýeterlik mukdarda un we çörek önümlerini öndürmek bilen çäklenmän, tarapyndan daşary döwletlerden getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümleri öndürmek, daşary ýurtlara eksport etmeklik üçin ýeterlik derejede önümleri öndürmeklik uly maksat edinilýär. Bu bolsa dünýä bazarlarynda Türkmenistanda öndürilen ýokary hilli önümleriň artmagyna uly itergi berýär. Bu sepgitler bolsa ýaşlarymyzyň, arassa we päk zähmet çekmkligi üçin täze iş orunlarynyň döremegine getirýär.
Şeýle-de, Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda ýaşlarymyza türkmen halkynyň baý taryhyny hem-de Milli medeni mirasymyzy öwretmeklige uly üns berilýär. Ata-babalarymyzyň geçmişi bolmadygyň geljegi bolmaz diýip belleýşi ýaly, Watanymyzyň çäginde ýerleşýän taryhy we medeni mirasymyzy gaýtadan dikletmeklik hakynda ýeterlik aladalar edilýär. Muňa mysal edip ýaňy ýakynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän türkmen alabaý itleriniň saklanýan ýeri bolan “Türkmen Alabaý itleri” hojalyk jemgyýetiniň binalarynyň açylyp ulanmaga berilmegi uly şaýatlyk edýär. Bu ýerde ata-babalarymyzyň goragçysy hem-de wepaly dosty hasaplanan edermen türkmen alabaý itleriniň tohum görnüşleriniň ýetişdiriljekdigini uly buýsanç bilen bellemek bolar.

Täzelikler, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir