Bu gûn körpe balañ kejebäniñ üstinde,
Ÿarym bilen toÿ-toÿlaÿan Ejemjan.
A sen bolsa ÿatyrsyñ ÿeriñ astynda,
Merhum enäñ zary bilen Ejemjan.

Shu pursatda aramyzda bolsadyñ,
Hemmeler gülende senem gülsediñ,
Kakam bilen gutlamaga gelsediñ,
Emma Kakam sensiz geldi Ejemjan.

Gal tirsege bu gün ÿatlan mahalym,
Duÿman galÿan suratyña bakanym,
Shum ölime jiger-bagrym ÿakanym,
Duÿmadyñmy bilmediñmi Ejemjan.

Ÿatlan çagym gözüme ÿash aÿladym,
Hiç kime bildirmän sessiz agladym,
Bu gün bolsa söwer ÿarym saÿladym,
Ojagyña gelin geldi Ejemjan.

Mazaryña bashym goÿup otursam,
Gujagyñda ÿeke dañy atarsam,
Oÿan ahyr näme uzak ÿatyrsyñ,
Wahh, arman oÿanmadyñ Ejemjan...

Şahyr Begenç Orazow 99365031234

Edebiýat, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir