“Accenture” kompaniýasynyň duşenbe güni neşir eden maglumatyna görä, pul geçirimini aňsatlaşdyrýan täze platformalaryň köpelmegi 2025-nji ýyla çenli bank ulgamynyň girdejisini 280 milliard dollara çenli azaldar.

Geçen bir ýylyň dowamynda banklar tarapyndan amala aşyrylan bütindünýä töleg ulgamynyň gymmatlygy 1.5 trillion amerikan dollaryna deň boldy. Bu mukdaryň 2025-nji ýyla çenli 2 trilliona çenli ýokarlanmagyna garaşylsa-da banklaryň bütindünýä töleg ulgamyndan girdejileriniň 15% azalmagyna garaşylýar diýlip, kompaniýanyň hasabatynda aýdylýar.

Kiçi telekeçilere dürli walýutalarda onlaýn töleg hyzmatlaryny hödürleýän “Stripe”, “Square”, “PayPal” we “TransferWise” ýaly kompaniýalar bilen banklaryň arasyndaky bäsdeşlik yzygiderli ýokarlanýar.

“Accenture”-iň maglumatyna görä, täze töleg tehnologiýalarynyň köpelmegi, banklaryň girdeji ulgamy bolan karz kartlaryny aradan aýyrýar. Şeýle hem ulanyjylaryň ugry mugt hyzmatlara tarap öwrülýär. Kompaniýanyň seljermelerine görä, mugt töleg ulgamlary banklaryň girdejisini 8% azaltmagyna garaşylýar.

“Accenture”-iň bank tejribeleri boýunça jogapkäri Alan Makintaýr sanly töleg ulgamynyň kämilleşmegi netijesinde banklaryň hem öz girdeji strategiýalaryna täzeden seretmelidiklerini aýdyp, täze iş modelleri döretmelidiklerini belledi

Tehnologiýa, bank tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir