Mugawyýa bin Ebu Sufýan


602 ý - 06.05.680 ý.
Geçenki sanymyzda Ymam Hasan bilen Huseýin hakdaky makalamyz taýyn bolansoñ Mugawyýa hakynda-da agzap geçmekligi makul bildik. Mugawyýanyñ doly ady Ebu Sufýan ogly Mugawyýadyr. Arapça bolsa şeýle ýazylýar: معاوية بن أبي سفيان  Muawiýýe ibn Ebu Sufýan.
Ol Yslam halyfly Alydan soñ Emewi dinastiýasyny gurýar. Musulman bolmazdan öñ Uhut we Hendek söweşlerinde Muhammet aleýhissalama we musulmanlara garşy söweşen Ebu Sufýan bin Harbyñ ogludyr.
Ejesi Kureýşiñ baştutanlaryndan bolan ''Utbe bin Rebiýanyñ'' gyzy Hind bint Utbedir (1). Aly bilen söweşdi, Müsüri eýeledi we Alynyñ 661-nji ýylda dildüwişijiler tarapyndan öldürileninden soñ Halyflygy Hasandan zorluk bilen alyp halyflygyny yglan etdi. 661-nji ýyldan 680-nji ýyllar aralygynda Emewi halyflygyny dolandyrdy.
* * *
Mugawyýa bin Ebu Sufýan 602-nji ýylda Kureýş kabylasynyñ agzalaryndan bolan Beni Abdyşşems maşgalasynyñ perzendi bolup eneden doguldy.
Arabystan ýarym adasynyñ demirgazyk-günbatarynda ýerleşen Mekge şäheri araplaryñ Kureýş kabylasynyñ häkimýeti astyndady.
Beni Abdyşşems maşgalasyndan örñänler bu ýeriniñ ilatyny güreldipdir.
Mugawyýanyñ kakasy Ebu Sufýan bin Harb, ejesi bolsa Hind bint Utbedi. Muhammet aleýhissalam Mekgede täze dini ýaýmaga başlanda Abdyşşems maşgalasynyñ köpüsi oña garşy çykdy.
Pygamberimiziñ Hijret etmegine sebäp boldylar we yz ýany Musulmanalara garşy söweşe girişdiler. 630-njy ýylda Musulmanlar Mekgäni gurşap alyp içine girenlerinde Mekgeliler bilen birlikde Abdyşşems maşgalasy musulman boldy.
Käbir taryhçylaryñ habar bermeklerine görä Mugawyýa garyndaşlarynyñ garşy çykmagyna garamazdan musulman boldy. Şygalar bolsa Mekgäniñ musulmanlar tarapyndan eýelenenden soñ Yslamy kabul edendigini aýdýarlar. Muhammet olara merhemetlik görkezdi. Goşunyna goşulyp esasy wezipeleriniñ başyna geçmeklerine rugsat berdi(2). Mugawyýa 632-nji ýylda pygamberiñ ölüminden soñ Siriýadaky Wizantiýa tarap ýörüşe çykan goşun gullugyna goşuldy. Goşunda uly derejelere ýeteninde eýýäm halyflyk Omardady. Omar bin Hatdap tarapyndan Şamyñ häkimligine geçdi. Üçünji halyf Osmab bin Affan döwründe halyf tarapyndan Siriýanyñ welaýat häkimligine bellenildi. Özünden 130 sany hadysy rowaýat edipdir. Bularyñ içinde diñe dördüsi Buhary we Muslimiñ ynamdar hadyslarynda agzalyp geçilýär.
Ebu Zer - El Gifary, Ibn Abbas ýaly sahabalaryñ hem hadys rowaýatlaryny ezberläpdir. Tabygyndan Jubeýr ibn-i Nufeýr, Said ibn-i Museýýeb we başgalaram onuñ aýdanlary bilen kybap gelýän hadys rowaýatlary edipdir(3).
Mugawyýanyñ dogany Ýezit 640-njy ýylda wepat bolanynda Omar bin Hatdap tarapyndan Şam häkimligine bellenildi. Osman bin Affan döwründe tutuş Siriýany häkimýeti astyna aldy.
Obanyñ, halkyñ we harby goşunyñ ýetmezçiligini düzeldip abraý gazandy. Ýuwaş-ýuwaşdan öz döwletiniñ tohumlaryny ekmäge başlady.
647-nji ýylda Wizantiýalylaryñ çozuşlaryny yzyna serpikdirmek üçin goşun toplady. Şondan soñ 649-njy ýylda Kipr adasyny we 654-nji ýylda Rodos adasyny eýeledi. 655-nji ýylda Likiýa taraplarda Wizantiýa gämilerini agyr ýeñlişe sezewar etdi. Şol ýyllarda Kiçi Aziýa (häzirki Türkiýa) tarap birnäçe gezek ýörüş gurnaldy. Hezreti Alynyñ halyf bolandygy hakdaky habary eşidip harby ýörüşlerini togtatdy.
Şygalar Muhammet pygamberden soñ halyflygyñ Ala we onuñ maşgalasyna degişlidigini aýdýarlar. Ýöne Ebu Bekr, Omar, Osman dagylaryñ halyflykda hiç gandaşlygyñ ýokdugyny bilselerem olaryñ sebäpsiz halyflygyñ başyna geçendiklerini aýdýarlar. Şolar ýaly hem Mugawyýa Alynyñ halyflygyna garşy çykandygy bilen aýyplaýarlar.
Ýöne sünniler Mugawyýanyñ ''Ijtihad'' edendigi we pygamberiñ sahabasyndan bolandygyny, Kuranyñ wahyý kätiplerinden biri bolandygy üçin aýyplamaýarlar.
Muña garamazdan Ebu Hanyfa bilen birlikde birnäçe sünni alymlary bolsa Aly halyfka Alynyñ halyflygyny äsgermän ikinji halyf bolup orta çykmagyny laýyk görmeýärler. Şonuñ ýalyda Muhammet aleýhissalamyñ: ''Bir halyf barka soñ orta çykan halyfyñ aradan aýrylmagy wajyp'' (4-5) diýip aýdan düzgünini bozan Mugawyýanyñ tarapdarlarynyñ hem hataly (günäkär) bolandyklaryny we haramlyk edendiklerini açyklapdyrlar.
Sünnilikde yktydar syýasy mesele bolup pygamberiñ nesli bolsalaram nebere hasaba alynmazdan ymmatyñ öz içinden goldanylyp çözülmegi laýyk görülýär we ''Saýlanylyp - seçilen döwlet baştutanyna boýun bolunýar''.
Şygalarda bolsa yktydar ynanç meselesidir we syýasy lider şol bir wagtda ruhany liderligi hem elinde tutan Aly we onuñ neberesinden gelenler ymam bolmaga (lider) degişlidir. Japary Şygasy jemi kyýamata çenli gizlin galan Mehdi (Mäti) bilen birlikde on iki ymamy kabul edýärler(Japary şygasy). 12 ymamyñ günäsiz bolandygyna ''wahy almakda'' hem pygambere meñzeýändiklerine ynanýarlar. Şygalyk içinde Zeýdilik we Ysmaýyllyk ýaly mezhepler bir ölçegde tapawutly belli bir ymamlar şejeresini düzýärler.
Hyýanata düşürlen Halyf Osman bin Affanyñ aryny almak üçin Mugawyýa orta çykypdyr.
Mugawyýa Osmanyñ ganyna galanlary yzarlap tutmandygy üçin şol ganyna galanlar bilen Alyny şärikdeş hasaplap onuñ halyflygyny rowa görmedi. Şonuñ bilen birlikde, ilki Aýşe (Äşe), Talha we Zubeýr bin Awwamyñ döreden pitnesine goşulmady. Pitnäniñ yz ýany Jemel söweşinde ýeñiş gazanan Aly Aýşanyñ günälerini geçirdi. Alynyñ ýola goýan ýolagçylary bilen Medinä giden Aýşa aýlyk hem berdi.
Aly Jemel söweşinden soñ häkiminiñ turuzan gozgalañy sebäpli Siriýa hereket etdi. Ýewfrata golaý gelen Aly 657-nji ýylda Mugawyýanyñ güýçleri bilen çaknyşdy. Mugawyýa Syffyn söweşinde ýeñilen wagty hilelige ýüz urup gaçyp ýetişdi.
Mugawyýa Alynyñ tarapynda söweşenleriñ dindarlygyny görkezmek üçin esgerleriñ naýzalaryna Kurandan sahypalar asdyrandygy aýdylýar. Duşmanlaryny görüşmäge we düşünişmäge yran Mugawyýa Alynyñ ýandaşlaryny bölüp halyflyga ymtyldy.
Hezreti Alynyñ öñki egindeşleri haryjylaryñ haýynlygyndan emele gelen pitnelerden peýdalanan Mugawyýa Müsüri eýelemek üçin herekete geçdi. Mugawyýa Amr bin Asyñ serkerdeliginde Müsüre harby goşun ugratdy.
Amr bin As, halyf Ala bagly bolan Müsüri dolandyran we birinji halyfyñ ogly Muhammet bin Ebubekri söweşleriñ birinde ýeñip öldürdi.
Amr bin As iki ýyllap bu ýerleri Mugawyýa bagly bolup dolandyrdy.
Hezreti Aly Kufede şehit bolanyndan soñ musulmanlar Alynyñ ogly Hasana äht etdiler(1). Bu ähti-peýmany bolsa Mugawyýa özüne bildirilen äsgermezlik diýip düşündi.
Mugawyýa derrew Siriýadaky,Palestinadaky we Libiýadaky goşun serkerdelerine söweş taýýarlyklaryny görmekleri üçin buýruk berdi.
Ýene bir tarapdan ýaş häkim Hasan bilen düşünişmek üçin gepleşikler alyp barjak boldy. Bir tarapdan hem ähli güýçleriñ özündedigini aýdyp halyflykdan çekilmegini ýañzytýan hat ýazdy. Hasan bolsa bir bada muña razy bolmasa-da soñundan musulmanlaryñ gany dökülmezligi üçin Mugawyýa halyflyk tagtyny bermeli boldy. Şeýle-de Hasanyñ öz goýan şerti bardy. Şertnama görä Mugawyýa dünýeden ötýänçä halyflyk Mugawyýada galmaly we eger Hasan dünýeden ötse jigsi Huseýine halyflygyñ berilmegini isledi. Mugawyýa muña razy bolsa-da on ýyldan soñ Hasany öldürtdi.
Mugawyýa halyflygyny äsgermeýänlere gazaply darap zyndana atdyrdy we içki garşylyklary basyp ýatyryp kuwwatly Emewi Halyflygyny gurdy.
Halyflygyny binýat edeninden soñ täzeden basyp alyşlara girişdi. Emewi halyflygyny gündogarda Hindistan töwereklerine, günbatarda Demirgazyk Afrika, ol ýerdenem Günorta Ispaniýa çenli giñeltdi. Täzeden gurulan gämiler bilen 669-678-nji ýyllar aralygynda Wizantiýanyñ paýtagty Konstantinopoly eýelemek üçin ýörüşler geçirdi, ýöne kuwwatly şäheri alyp bilmän yzyna dolandy.
Mugawyýa 680-nji ýylda dünýeden öteninde ogluna güýçli döwleti galdyrdy. Halyflygy diniýetden syýasyýete öwürdi. Mugawyýanyñ ölüminden öñ 679-njy ýylda Hasan bilen şertnama baglaşmagyna garamazdan Huseýin we Abdylla bin Zubeýriñ garşy çykmagyna garamazdan ogly Ýezidi halyf yglan etdi we özüne äht edilmegini isledi.
Indi halyflyk halk tarapyndan saýlanylanok, kakadan ogula geçmelidi. Şonluk bilenem Mugawyýanyñ ýerine ogly Ýezid I tagta geçipdi.

* * *

Ölmezinden öñ Hasan bilen düşünişip gürrüñdeşlik geçiren Mugawyýa bar ünsüni Wizantiýa imperiýasyna gönükdirdi. Amr bin El-Asyñ ýegeni bolan Ukbe bin Nafiniñ serkerdeliginde Emewi goşuny demirgazyk Afrikada Günorta Akdeñiz kenarlaryny eýeläp Fasa çenli bu etraplary halyflygyna birikdirdi. Ukbe bin Nafi Yfrykiýýede Emewileriñ merkezi bolan täze şäher Keýrewany gurdy we bu şäheri Yfrykyýýanyñ merkez şäherleriniñ birine öwürdi.
Bu şäherde bina etdiren Ukbe metjidi ajaýyp mtjitdir. Ýörüşlerinden bir näçe ýyl geçenden soñ Taryk bin Ziýad we Musa bin Nusaýryñ baştutanlygyndaky Emewi goşunlary Ispaniýa we günorta Frank imperiýa çozup girdiler(6-7-8-9-10-11-12).

Peýdalanylan edebiýatlar

1. Üçok, Bahriýe (1968), Yslam Taryhy: Emewiler - Abbasylar, Ankara: Ankara Uniwersitetiniñ Ylahyýet fakultetiniñ neşiri 27-neş. (türkçe).

2. Hafiz Ibn Katheer (iñlisçe terjime - Yoosuf Al-Hajj) (2012) Caliphate of Banu Umayyah From Al-Bidayah Wan-Nihayah Ibn Kathir Darusselam ISBN 9786035000802 say.113 (iñlisçe) Ibni Katiriñ Taryhynyñ gysgaldylan iñlisçe terjimesi.

3. Abdyl Latif iz Zebidi, Sahyhy Buhary Muhtasary, Tejrid-i Sarih terjimesi we şerhi, Ankara, 1984 (VII basgy) t - 8, sah- 129. (türkçe)

4. Muslim, Imare 46, Hadys belgisi - 3431.( Aýratynam serediñ: Nesaýi, Beýat 25; Ibni Maje, Fiten 9).

5. (Ebu Said el-Hudri, Müslim; Tefsir-i Kurtubi, t - 1, sah. 185)

6. Kufä ýakyn bir ýer. (e-Berki, II, 1227; Ýakut, V, 127-128)

7. Halyf, Taryh, 203; Ibn Kuteýbe, el-Maarif, 349
8. el-Bekri, 11, 1304; Ýakut, V, 278-279

9. el-Isfahani, Mekatil, 70.

10. Saryçam, Ybraýym (1997) Emewi-Haşimi gatnaşyklary. Yslamdan öñ Abbasylara çenli, Türkiýa Diýanat Wakfy neşirýaty ISBN 975-389-284-5

11. Bewley, Aisha Abdurrahman (2002 ) Muawiya Restorer of the Muslim Faith, Dar Al Taqwa Ltd ISBN 1870582568 (iñlisçe)

12. Bu söweş sebäpli Mugawyýa (Mugawyýanyñ Ala, Hasana garşy söweşi) Sünni hem-de Şyga taryhçylary tarapyndan tankyt edilipdir. 55-56.

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir