Zeýnelabydyn


Nasry-Seýýar, Merwan Hekem döwründe,
Ymamlar galdylar jepa jöwründe,
Çaýa atdyrdylar Dymyşk şährinde,
Zeýnulabydynga bagyşla bizni.
(Magtymguly Pyragy XVIII a)

Hakyky ady Aly bin Huseýin ýa-da Aly el-Asgar (659-713) bolup il içinde Zeýnelabydyn(1) ady bilen tanalypdyr. Kakasy Huseýin bin Aly ibn Ebu Talypdyr.
Ejesi bolsa Eýran zabtyndan soñra musulman bolup, Huseýine durmuşa çykan Sasany imperatory Ýezdigert III gyzy sasany-pers şagyzy Şähri Banu Gazeledir (2-3-4).
Ysnaäşeriýýäniñ dördünji we Ysmaýylyýýäniñ üçünji ymamy kabul edilen tabygynlardandyr.
Zeýnelabydyn Yslam pygamberiniñ giýewsi Alynyñ ogly Huseýiniñ iki oglunyñ biridir. Beýleki oglunyñ ady Aly (el-Ekber) bolup, şoñ bilen meñzeş atly bolup ýalñyşlyk bolmazlygy üçin edebiýatda Aly el-Asgar (Esger) ady bilen, Zeýnelabydyn lakamy bilenem tanalypdyr.
Zeýnelabydyn arapça ''Ybadat edenleriñ mynasyby'' manyny berýär. Ejesi bolsa Eýranyñ zabtyndan soñ musulman bolup Huseýin bin Ala durmuşa çykypdy.
Zeýnelabydyn syrkawlandygy üçin Kerbela söweşine gatnaşyp bilmändi.
Emewi esgerleri tarapyndan öldüriljek bolan wagty Omar bin Sad tarapyndan halas etdi.
Beýleki Ähli-Beýt fertleri bilen birlikde Şama Ýezidiñ ýanyna ugradyldy.
Ol Ýezit tarapyndan mynasyp garşylanýar hem-de islese öz ýanynda galmagyna hem rugsat berýär. Ýöne ol Medinä gitmekligi saýlap aldy.
Bu ýerden Medinä baran Zeýnelabydyn bu ýerde Ýezide garşy aýaga galan Medinelilere goşulman hemmelerden uzakda boldy. Bütin pitneleriñ syýasy bähbitlerden ybaratdygyna düşüneni sebäpli Emewilere garşy aýaga galan toparlardan garaşsyz gezdi. Ömrüni ybadat bilen geçiren Zeýnelabydyn 712-nji ýylyñ dekabrynda Medinede dünýeden ötýär. Baky mazarlygyndaky agasy Hasan kakasynyñ mazarynyñ ýanynda depin edildi(5). Şyga çeşmeleri Emewi halyfy Hyşam bin Abdulmälik tarapyndan zäherlenip öldürilendigini habar berýär.
Çeşmeler Zeýnelabydynyñ on bäş perzendiniñ bolandygyny aýdýar(6). Bu perzentlerden Muhammet el-Bakyr şygalaryñ bäşinji ymamy hasap edilýär. Aslynda Yslam we sünni çeşmeleri Zeýnelabydynyñ On iki ymamlaryñ dördünjisidigini aýdýar.
Beýleki perzentleriniñ atlary: Abdylla, Hasan, Huseýin, Omar, Huseýin Esger, Abdyrahman, Süleýman, Aly, Muhammet Esger, Hatyja, Fatyma (Patma), Aliýýe, Ümmü-Gülsüm.
Zeýnelabydyn Tabygyndan bolan birnäçe sahabany görüpdir.
Zeýnelabydynyñ Essahifetul kämiletus-Sejjädiýýe, Risaletul hukuk, Ez-Zühd wel-Wäsyýýe, Duaul-jewahiril-kebir, Belägatul Imam Aly bin Huseýin, Diwany Eşar we Musnedul imam es-Sejjäd atly ýedi sany eserleriniñ bardygy bellidir.


Peýdalanylan edebiýatlar

1. http://www.islamansiklopedisi.info/dia/ayrmetin.php?idno=440365 (türkçe)
2. WOFIS (2001). A Brief History of the Fourteen Infallibles (3rd bas.). Tehran: World Organization for Islamic Services (iñlisçe).
3. Ibn Hallikän. Ibn Khallikan's biographical dictionary. 2. s. 209. (iñlisçe)
4. Tabatabaýi, Muhammad Husayn (1979). Shi'ite Islam. State University of New York Press. s. 201. (iñlisçe)
5. Keşful-Gumme, j. 2, s. 294.
6. Irşad, j. 2, s. 155.

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir