Türkmen-eýran dost-doganlyk gatnaşyklary berkeýär

2019-njy ýylyň 25-nji awgustynda Eýran Yslam Respublikasynyň Horasan Rezawi welaýatynyň Maşat şäheriniň “Maşad Expo” halkara sergi merkezinde Türkmenistanyň we EYR-nyň degişli wekilleriniň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň senagatçylarynyň önümleriniň sergisiniň açalyş dabarasy geçirildi. Serginiň açylş dabarasyna ýurdumyzyň Ahal welaýatynyň we EYR-nyň Horasan Rezawi welaýatynyň häkimlikleriniň wekilleriniň gatnaşmagy iki döwletiň dostlukly gatnaşyklarynyň berkemegine öz goşandyny goşdy. EYR-nyň dürli künjeginden gelen raýatlary bilen bir hatarda, ýerli telekeçiler Ahal welaýatynyň senagatçylarynyň önümleriniň sergisine uly gyzyklanma bilen gatnaşdylar.
Serginiň dowamynda türkmen senagatçylarynyň arasynda esasan “Muhammet-Balkan” hojalyk jemgyýetiniň (aýak gap), “Ak gaýa” hojalyk jemgyýetiniň (gurluşyk harytlary), “Çigildem” mebel kärhanasynyň sergi bölümlerine çykaran önümlerine eýran halkynyň gyzyklanmalary hasda tapawutlandy. Eýran telekeçileri tarapyndan türkmen senagatçylarynyň öndürýän önümleriniň hiline uly baha berildi. Şeýle hem serginiň dowamynda eýran telekeçileri bilen türkmen telekeçileriniň arasynda, eýran halkynyň gyzyklanma bildirilen türkmen önümlerini Türkmenistandan Eýrana eksport etmek mümkinçilikleri barada özara duşuşyklary hem geçirildi.
Sergi bilen bagly diýarymyzyň Ahal welaýatynyň häkimliginden EYR-na iş sapary bilen baran wetilýet agzalary 26.08.2019-njy ýylda Demirgazyk Horasan welaýatynyň häkimi bilen Goçan şäherinde duşuşyk geçirildi. Bu duşuşykda Demirgazyk Horasan welaýatynyň häkimi 11.03.2015-nji ýylda ýurumyzyň Ahal we EYR-nyň Demirgazyk Horasan welaýatlarynyň arasynda söwda-ykdysady, ylymy-tehniki, medeni hyzmatdaşlyk we özara düşünişmek barada kabul edilen “Ähtnama” esasynda Ahal welaýatynyň alnyp barýan işlerine özüniň minnetdarlygyny bildirdi. Şeýle hem taraplaryň arasynda “Ähtnamanyň” çäklerinde gelejekde alnyp barylýan işleri hasda işjeňleşdirmek barada özara pikir alaşyldy we Demirgazyk Horasan welaýatynyň häkimi Ahal welaýatynyň häkimi S.G.Berdimuhamedowa özüniň salamyny ýollady. Bu wakalar iki döwletiň arasynda öňden gelýän dost-doganlyk gatnaşyklarynyň berkeýändigine we gelejekde hem bu ugrda uly işleriniň durmuşa ornaşdyryljakdygyna şaýatlyk edýär.

Täzelikler, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir