Esger buýsanjy

Tebigat bilen ynsanyň duýgulary, göýä bir ajaýyp mukam ýaly sazlaşýar.
Tebigatyň gözelligi bilen oňa utgaşýan beýleki täsinlikleriň özi hem ynsan üçin bir ajaýyp mukama öwrülýär duruberýär. Tebigat hem ynsana özüniň ajaýyp täsinligini peşgeş berýär. Şoňa göräde adam oglunyň özüne mahsus bir aýratynlygy, özüne mahsus ukyp başarnygy bolýar. Obada dogulyp çagalygyndan bäri şäherde önüp-ösen Ylham hem tebigatyň, aýdym-sazyň aşygydy. Ol orta mekdepden daşary sazçylyk mekdebinde hem okaýardy, onuň birnäçe saz-guraldan başy çykýardy. Ylham dynç alyş günlerini obada, enelerinde geçirerdi. Ýaşy ýeten ýigidiň harby gulluga gitmeli günleri golaýlapdy. Ine şol gün hem ýetip geldi. Ylham öz mähribanlary bilen hoşlaşyp Watan goragyna gadam basdy. Ýaş ýigidiň çagalyk arzuwy hasyl boldy, oňa serhet goşunlarynyň hatarynda gulluk etmek nesip etdi. ol ýaşlygyndan serhetçi bolmagyň arzuwyndady. Ylham TDSG-nyň harby bölümiň okuw merkezinde harby tälimleri almaga başlady. Ylhamyň harby gulluga gelenine köp wagt bolmandygyna garamazdan eýýäm okuw merkeziniň serkerdeleri, gullukdaş ýoldaşlarynyň ählisi diýen ýaly ukyply, başarnykly esger hökmünde tanaýardylar. Ýigit özüniň aýdym-saza bolan ukyp başarnygy bilen deň-duşlarynyň arasyndan saýlanmagy başarypdy. Ýöne ol näçe aýdym-saz bilen meşgullansa-da özüniň enelerini, gözel tebigatyň erkanalygyny küýseýärdi. Onuň bar maksady, okuw möwsümini tamamlap serhet galada gulluk etmekdi. Ine, ahyr şol gün hem ýetip geldi. Harby tälimlerini almak üçin okuw möwsüminiň iň soňky günüdi, harby tälim alan esger ýigitler döwlet serhedini goramaga serhet galalara paýlanylyp başlandy. Bölüm serkerdeleriniň biri esgerleriň familiýalaryny okamaga we olaryň ukyp-başarnyklaryna görä mynasyp serhet galalara bölmäge başlady. Sanawdaky familiýalar azalypdy, ahyr soňy: hatarçy “Çaryýew Ylham” diýen ses eşidildi. oglan ynam bilen: ”Men” diýip jogap berdi. Hatarçy ”Çaryýew! Tüweleme seniň saz gurala erk edişiň maňa ýarady, sen harby bölümiň orkestr toparyna gerek, nyzamyň çep tarapyna geç.” diýen sözleri eşidip Ylhamyň susdy basyldy, ol haýsy gyra hereket etjegini bilmän doňup galdy. Ýöne ýigidiň çagalykdan serhetde gulluk etmäge bolan söýgüsi ýene üstün çykdy. Ol: ”Ýoldaş maýor! Ýüzlenmäge rugsat ediň! Men serhet galada gullugymy dowam etdirmek isleýärin.” diýip olaryň ünsüni böldi. “Tuweleme! Saňa hakykatdan hem Watan goragçysy diýseň boljak. Seniň diýeniň bolsun, bar şol duranlaryň arasyna goşul.” diýip bölüm serkerdesi onuň diýenini goldady.
Ylham serhet gala gelen günlerinden başlap gulluga girişmäge çalyşdy. Bu ýeriniň tebigaty, gözelligi, dagdan inýän çeşmedir-çaýlaryň owadanlygy, tebigatyň dürli hili beýleki jandarlary göwnüňi göterýärdi. Tebigat Ylhamyň çaklaýşyndan hem gözeldi. Serhet galada Ylhamyň aýdym-saza bolan ukyby hakynda bilýän azdy. Ol mydama öz içinden aýdyma hiňlener ýörerdi. Serhet gala ýaňy öwrenişip başlan ýigide “Aňtaw gözleg topary” serhet tabşyrygyna gitmek nobaty geldi. Bu tebigatyň täsin hem-de gözel ýerleri Ylhamyň esger kalbynda galdyran tasirini goşgy setirleri bilen beýan etdi.
Gymmatly baýlygym hem altyn känim,
Ýaralara melhem ýeňleder halym,
Ýagşy niýete öwür ýamanyň pälin,
Bu türkmen sährasy, türkmen sährasy.
Bäş müň ýyl taryhyň bardyr üstüňde,
Niçe begler geçdi duşman kasdynda,
Seni peşgeş goýdy ärler nesline,
Eý türkmen sährasy, türkmen sährasy.
Göýä dag-düzleri arşdaky jennet,
Topragym, sen maňa syryňy bagş et,
Sende ömrüň başy, sende ahyrýet,
Eý türkmen sährasy, türkmen sährasy.

Biz atlary kä çapdyryp, kä ýöredip, käte bolsa iýdip belentli-pesli beýiklerde hereket edip gelýärdik. Daş töwerek diýseň gözeldi, hem-de arassa howaly dag tebigaty janyňa hoş ýakýardy. Ylham daş-töweregiň gözelligine utgaşýan tebigatyň owazynyň lezzetinden ganyp barýardy. Bu gömüş göräýmäge owadan tebigatly mukamlar dünýäsine atly syýahat eden ýalydy. Atlaryň toýnaklaryň sesleri bolsa şol sazyň depregini kakýan ýaly bu gömüşe utgaşýardy. Mukaddes Watanmyzyň ajaýyp tebigatynyň sazlaşygynda, serhetçi ýüregimden serhet hakynda ýene bir şygyr joşup çykdy

Watanymy söýýärin men ýürekden,
Men Watan perzendi, özüm serhetçi.
Goragynda sak durýaryn serhetleň,
Men Watan perzendi, özüm serhetçi.
Gözel ülkämizi goramak bagt,
Hemem meniň üçin synmajak tagt,
Buýsanýaryn her bir pursat, her wagt,
Men Watan perzendi, özüm serhetçi.
Eziz Arkadagyň dik bolsun başy,
Goraglydyr ýurduň içi hem daşy,
Kalba çekýän bu owadan durmuşy,
Men Watan perzendi, özüm serhetçi.

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň tagallasy bilen biz serhetçilere gulluk etmäge zerur bolan ähli mümkinçilikler döredilen. Biz serhetçiler baradaky aladany özüniň üns merkezinde saklaýan Hormatly Belent Serkerdebaşymyza esger ýüregimizden köp-köp sagbolsun aýtýarys. Mundan beýläkde mukaddes kasamymyza wepaly bolup serhetlerimiziň goragynda hemişe sak durjakdygymyza tüýs ýüregimizden ynandyrýarys.

Edebiýat, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir