«Aýdyň gijeler» 73 müň 885 sany kompýuter öndürdi
2019 – 2020-nji okuw ýylynda ilkinji synpa barýan okuwçylara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri tarapyndan öndürilen öwrediji kompýuterler sowgat berildi. Ýurduň hususy pudagynda ilkinji bolup kompýuter önümçiligini ýola goýan kärhana tarapyndan täze okuw ýyly üçin niýetlenilen öwrediji kompýuterleriň 73 müň 885-si öndürildi. Bu hususy kärhana indi ikinji ýyl öz önümlerini köpçülige hödürleýär. Telekeçiler tarapyndan bu ýylda öndürilen kompýuterleriň geçen ýyldakydan tapawutly tarapy, ekranynyň göwrümi uly bolup, tutuşlygyna Türkmenistanda öndürilen çig mallaryň ulanylmagydyr. Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berýär.

Edebiýat, 12 tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir