soraglarym kändi galdy jogapsyz,
terk etdiň bir pursat eglenmediň sen.
men gynansam juda begendiň welin,
emma şatlanamda begenmediň seň.

gark boldym yşkyň gämisi bilen,
senden özge halasgär ýok janyma.
sogap gazanmagyň ähtimal seniň,
rähim etseň sen ýeke çemçe ganyma.

namartlamok saňa boýun bolmaryn,
başarsaň ber jezalardan agyryn.
belki birgün beren jezalaň bilen
seňem deger ahyrýetde haýyryň.


telbe

Edebiýat, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir