Go­şar sa­gady nä­me üçin çep ele da­kyl­ýar?!

Adam­la­ryň ag­la­ba bö­le­gi go­şar sa­gat­la­ry­ny çep eli­ne da­kyn­sa­lar, kä­bir adam­lar, esa­san hem, ze­nan­lar sa­ga­dy sag eli­ne da­kyn­ma­gy ma­kul bil­ýär­ler. Ta­ry­hy mag­lu­mat­la­ra na­zar aý­la­sak, XX asy­ryň baş­la­ryn­da il­ki jü­bi sa­gat­la­ry peý­da bo­lup, ola­ry il­ki er­kek­ler ula­nyp­dyr. Olar hä­zir­ki döw­rüň go­şar sa­gat­la­ryn­dan has uly bo­lup, ýö­ri­te ti­ki­len tor­ba­lar­da sak­la­ny­lyp­dyr. Jü­bi sa­gat­la­ry­nyň daş­ky ýü­zi köp dö­w­le­gen bo­lan­dy­gy we sa­ga­dyň hro­no­metr­le­ri­ni ze­per ýet­mek­den go­ra­mak mak­sa­dy bi­len sa­gat­la­ry has az iş edil­ýän çep el­e da­ky­nyl­ma­gy ma­kul bi­l­nip­dir. Ýag­ny, sa­ga­dyň çep ele da­kyl­ma­gy, oňa bel­li bir de­re­je­de zy­ýan ýet­me­gi­niň öňü­ni al­mak­dan yba­rat bo­lup­dyr. Çep el az­rak iş bi­len meş­gul bo­lup, sa­ga­dy dö­wül­mek­den go­rap sak­lap­dyr. Wag­tyň geç­me­gi bi­len go­şar sa­ga­dy iň ge­rek­li en­jam­la­ryň bi­ri­ne öw­rül­ýär.
Sa­ga­dy­ň çep ele da­ky­nyl­ma­gy­nyň ýe­ne bir se­bä­bi ýer ýü­zün­de sag elin­de ýaz­ýan adam­la­ryň çep­be­keý­le­re ga­ra­nyň­da has köp bol­ma­gy­ bi­len bag­ly­dyr. Go­şar sa­gat­la­ry ilat ara­syn­da has meş­hur­ly­ga eýe bo­lan­soň, ola­ry çep ele da­kyn­mak has oňaý­ly bo­lup­dyr. As­lyn­da, ony haý­sy eli­ňe da­ka­nyň ta­pa­wu­dy ýok.
Te­le­fon­la­ryň peý­da bo­lan il­kin­ji ýyl­la­ryn­da go­şar sa­ga­dy­ny ulan­ýan­lar bir­ne­me aza­lan hem bol­sa, soň­lu­gy bi­len ar­typ baş­la­dy. Ony be­zeg hök­mün­de da­kyn­ýan hem az däl. Şeý­le hem soň­ky ýyl­lar­da smart­fon bi­len saz­la­şyk­ly iş­le­ýän, jaň edip, SMS-le­ri­ňi okap bol­ýan, äden ädim­le­ri­ňi sa­na­ýan sa­gat­la­ry­ň peý­da bol­ma­gy bi­len bu en­jam­la­ryň ula­ny­ly­şy has hem art­dy.

Edebiýat, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir