Aý nä­me üçin dür­li ulu­lyk­da gö­rün­ýär?

Ýe­riň ýe­ke-täk hem­ra­sy bo­lan Aý pla­ne­ta­my­zyň da­şyn­dan aý­law ede­n­de onuň uzak­ly­gy üýt­ge­ýär. Bu ýag­daý do­lan Aýyň baş­ga­ça ulu­lyk­da gö­rün­me­gi­ne se­bäp bol­ýar. Aý göz­ýe­ti­m çy­zy­gy­na go­laý ýer­de peý­da bo­la­nyn­da adat­da­ky­lar­dan has uly gö­rün­ýär. Mu­nuň se­bä­bi, Ýe­re ýa­kyn ýa­ly bo­lan­dy­gy üçin uly ýa­ly bo­lup gö­rün­ýär. Gys­ga­ça aý­dy­lan­da, Aýyň ulu­ly­gy üýt­ge­me­ýän hem bol­sa, gö­zü­mi­ziň uzak ji­sim­le­ri ki­çi, ýa­kyn ji­sim­le­ri uly gör­ýän­di­gi se­bäp­li, bu as­man ji­si­mi bi­ze dür­li ulu­lyk­lar­da gö­rün­ýär. Şeý­le­-de Aýyň reň­ki hem üýt­ge­şik gö­rün­ýär. Aý gün­di­zi­ne peý­da bo­la­nyn­da ma­wy as­man­da so­lak ak reňk­li bo­lup gö­rün­ýär. Gi­je­le­ri­ne go­ýy sa­ry, kä­ma­hal na­rynç-gy­zyl bo­lup gö­rün­ýär. Kos­mos­dan dü­şü­ri­len su­rat­lar­da bol­sa, onuň ha­ky­ky reň­ki­niň çal­dy­gy­ny gör­mek bol­ýar. Aýyň reň­ki­niň beý­le bol­ma­gy kis­lo­rod, krem­niý, mag­niý, de­mir, kal­siý we al­ýu­min ýa­ly ele­ment­ler­den eme­le gel­me­gi se­bäp­li­dir. Mä­lim bol­şy ýa­ly, Aýyň öz ýag­ty­ly­gy bol­man, ol Gü­nüň şöh­le­si­ni ser­pik­di­rip, ýag­ty ýa­ly bo­lup gö­rün­ýär. Aý­dan ser­pik­ýän yşy­gy at­mos­fe­ra­da­ky to­zan bö­le­jik­le­ri pyt­rad­ýar. Bu şöh­lä­niň dür­li muk­dar­da pyt­ra­ma­gy onuň reň­ki­niň baş­ga­ça gö­rün­me­gi­ne se­bäp bol­ýar. Gün şöh­le­sin­de hem şeý­le ýag­daý bol­ýar. Aý göz­ýe­tim çy­zy­gy­na go­laý wag­ty Aý­dan ser­pik­ýän şöh­lä­niň at­mos­fe­ra­da geç­me­li ýo­ly uzan­dy­gy üçin gyz­gylt bo­lup gö­rün­ýär.

Edebiýat, 12 tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir