muňa näme diýjek
Pab­lo Pi­kas­so­nyň ser­gi­sin­de bir aýal su­rat­la­ryň bi­ri­ni oňa gör­ke­zip:
– Şu su­ra­ta hiç dü­şü­nip bi­le­mok – di­ýip­dir.
Pi­kas­so jo­ga­ba de­rek, onuň özü­ne so­wal ber­ýär:
– Siz hy­taý di­li­ni bil­ýär­mi­si­ňiz?
– Ýok, bi­le­mok.
– Siz bil­me­ýä­nem bol­sa­ňyz, bu dil­de bir ýa­rym mil­liard­dan gow­rak adam gep­leş­ýär.

Gün­le­riň bi­rin­de meş­hur fran­suz ede­bi­ýat­çy­sy Wol­ter­den dün­ýä­niň nä­çe ýa­şyn­da­dy­gy­ny so­ran­la­ryn­da, be­ýik şa­hyr şeý­le jo­gap be­rip­dir:
– Nä­çe ýa­şyn­da­dy­gyn-a anyk aý­dyp bil­jek däl, ýö­ne dün­ýä me­niň gö­zü­me özü­ni ju­wan gör­kez­jek bol­ýan gar­ra meň­ze­ýär.

Edebiýat, 12 tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir