TÜÇJAR we Leý­li
Tüçjar baýa bir gy­zy gör­ke­zip, onuň Leý­li­di­gi­ni aý­dan­la­ryn­da, ol şeý­le di­ýip­dir:
– Aý, ýog-a, sen şol di­ýil­ýän Leý­li­mi, eý­sem, bet­bagt Kaý­sy nä­me aky­lyn­dan azaş­dyr­dyka? Men-ä sen­de hiç hi­li üýt­ge­şik gö­zel­lik gö­re­mok!
Ju­wan gyz oňa ga­rap şeý­le di­ýýär:
– Me­niň gö­zel­li­gi­mi gör­mek üçin sen di­ňe Mej­nun bol­ma­ly. Sen ma­ňa onuň gö­zi bi­len se­ret­me­li, ma­ňa o dün­ýä, bu dün­ýä we­pa­ly bol­ma­ly. Me­niň bir ba­ky­şym­dan ser­hoş bol­ma­ly, şirin ser­hoş­luk­dan aý­ňal­mak is­le­me­li däl. Şeý­le tel­be­lik si­ziň gö­zü­ňi­zi aç­ýar, ha­ky­ky gö­zel­li­gi do­lu­ly­gy bi­len gör­mä­ge si­ze müm­kin­çi­lik be­rýär. Eger-de, se­niň bar gaý­gy-ala­daň özü­ňe gel­jek peý­da­nyň ýa-da zy­ýa­nyň da­şyn­dan aý­la­nyp du­ran bol­sa, on­da sa­ňa neb­sim agyr­ýar. Çün­ki sen ha­ky­ky bag­tyň nä­me­di­gi­ne akyl ýe­ti­rip bi­le­ňok. Sen dur­mu­şyň di­ňe sa­ýa­sy­ny gör­ýär­siň!
Şeý­le­lik­de, biz kä­wagt­lar öm­rü­mi­zi di­ňe sa­ýa­la­ryň we ala­mat­la­ryň yzyn­da ge­çi­rip, Ha­ky­ka­ty we Gö­zel­li­gi gör­me­ýä­ris.

Edebiýat, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir