Mej­nun we it
Bir ge­zek Mej­nu­nyň bir ite mä­hir bi­len ideg ed­ýän­di­gi­ni gö­rüp­dir­ler. Ol iti sy­pa­lap­dyr, oňa dür­li nyg­mat­lar be­rip, gül su­wy bi­len ýu­wup­dyr. Bu ýag­da­ýy syn­lap ýö­ren­le­riň bi­ri Mej­nu­na şeý­le di­ýýär:
– Seň bol­şuň nä­hi­li? Eý­sem, Hu­da­ýyň ýa­ra­dan ben­de­si­niň ygyp ýö­ren ha­pa itiň öňün­de pe­sel­me­gi bol­ýan zat­my­dyr?
Ol şeýle diýip, ýene-de äh­li it to­hu­my­na nä­let okap­dyr. Mej­nun onuň sö­zü­ni ahy­ry­na çen­li diň­läp:
– Gadyrdan eger-de, sen dün­ýä me­niň gö­züm bi­len se­re­dip gör­se­diň, me­niň Leý­li­miň kö­çe­sin­de ýa­şa­ýan bu ite baş­ga­ça göz bi­len ga­rar­dyň. Şon­da ma­ňa onuň ýa­şa­ýan ýe­ri­niň to­za­ny­nyň hem dün­ýä­niň bar za­dyn­dan ar­zy­ly­dy­gy­na dü­şü­ner­diň, men bu itiň pen­je­si­ndäki şol ça­ňy öp­mä­ge ta­ýyn – di­ýip, hor­mat bi­len jo­gap be­rip­dir.

Edebiýat, 12 tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir