Eýran

Eýran, Turanyñ günbatar goñşusydyr. Sak diýaryny gaty gyzyklandyran bu döwlet we budun hakynda biraz ýatladyp geçeliñ. Tanalyñ Eýran diýaryny.

* * *

Eýran ili ýüzýyllardyr Turan iliniñ goñşusydy. Bu goñulyk her wagt käte söweşler bilen bolulyp, soñam ýaraşyk bilen täzeden dostluk gazanylardy. Töresi we kanuny üýtgeşikdi. Halky, ynanjy üýtgeşikdi. Iki il, iki halkdylar. Täleýkysmaty köplenç çaknyşýar. Serhetdäki problemmalar öz-özlerine ýetikdi. Bilinen ilkinji Eýran Patyşasynyñ ady Keýumersdi. Ondan öñ adamlar daglaryñ gowaklarynda oturyp gün görerdi Eýran halky. Geýim diýip geýýänleri haýwan derilerine bürenişip, aw-awlap gün görerdiler.
Huwşeñiñ patyşa bolan wagtlarynda näme-de bolsa baýap, ýaşaýyş şertlerini üýtgeden eýranlylar Jemşidiñ Eýrandaky patyşalygynyñ başlanmagy bilen özüne geldi. Tur han Saklar üçin patyşa bolýan bolsa, Patyşa Jemşit hem Eýran üçin şol bir zatdy. Eýran halkynyñ patyşalary Jemşidi gowy görýärdiler we öwgüsini ýetirip arşa çykardylar hem-de onuñ Eýran tagtyna ornaşan gününi baýram güni diýip yglan etdiler we ol güni, şol güni bahar gününi Nowruz bilen birleşdirip iki baýramy bir saparda gutlamaga başladylar. Nowruzda doganyñ täzeden dogulmagy bilen birlikde patyşalaryñ tagta oturan gününi hem gutladylar. Nowruz baýramy diñe Eýranyñ baýramy däl, Turanlylar hem baharyñ gelmegi bilen janlanyşyñ emele gelişini gutlaýardylar Nowruzda. Adamlara baýramçylyk gerekdi. Gün geldi hemmelet Nowruz baýramy bellediler.
Adamlar janlanyş bilen birlikde her baharda täzeden jana gelen ýaly boldular. Nowruz baýramda söweşler, uruşlar durup ýaraşyk yglan edilýärdi.

* * *

Patyşa Jemşitden soñ Eýran täzeden garañky eýýama girdi. Eýranlylar ol günlerini şeýle bir kynlyk bilen geçirdiler kiý ne ýatlap, ne-de agzamak islärdiler ol erbet günleri.
Bir ýandan diýarlarynyñ basylyp alynmagy, bir ýandan tagta geçen patyşasynyñ erbet dolandyryşygy bilen janlaryny pida etdiler. Açlykda surnugyp gün gördiler. Eýrany bu hupbatly günlerde ýene Jemşit neberesinden patyşa Peridun halas etdi.
Peridun haýyrly, ýagşy hökümi bilen Eýran halkynyñ köñlünde tagt gurupdy. Ondan soñra tagtda agtygy Minuçihr oturdy.
Bu aýdýanlarymyz näme üçin gerekli? Çünki Turan bilen Eýranyñ çyzgysy birnäçe nokatlarda kesişdi.
Indi şol kesişme nokatlarynyñ esasy gahrymanlarynyñ ýaşaýyş-durmuşyny gür bermegiñ wagty geldi.
Patyşa Minuçihr döwründe Eýran ülkesiniñ, Turan ülkesine ýakyn bir etraplarynda Sam atly bir ýigit ýaşaýardy. ''Dünýä baýlyk'' diýip hars urup ýören däldi. Halk ony gowy görerdi.
Samyñ hatyny bir oglanjyk dünýä indirdi. Her kimiñ perzendi örän naşyja bolsa-da Samyñ dogulan bu ogly örän hyrsyz we betgelşik çagady. Bu bäbejigiñ ýüz gözi garry adamyñ ýüzi ýaly bürüşükdi gasyn-gasyndy. Saçlary bolsa ap-akdy. Sam oña Zal diýip at goýdy. Ogly bilip bagryna basan ýan-ýoldaşyny ýitiren wagty adamlaryñ içinde seredip ösdürmäge, oña eýe çykmaga gurby çatmady. Iller bu çaganyñ daş keşbinden çekindi. Eýrana bolsa betbagtlyk getirjekdigine ynandylar. Gaýta-gaýta Samyñ üstüne gelip bäbegi başga bir ýere alyp gitmeklerini, hatda öldürmegini aýdyp giderdiler. Soñunda bu igençlere çydam edip bilmedi. Sam bir gün Zaly ölsün diýip tokaýlykda galdyryp gaýtdy. Uly ahy-nala çekdi. Sam ogluny ölüm bilen pete-pet edip gideninden soñ ony ýatdan çykarmak isledi. Günäsizje dogulan çaganyñ howp-hatar getirip biljekdigine ynanan halk tokaýlykda taşlanyp gaýdylan soñ sesleri kesildi. Bir az wagtdan soñ bäbejik öldi diýişip ony ýatdan çykardylar. Ynanjy başy iýen halk bir bäbejikden dyndylar-a, indi olar üçin ölsün-ýitsin tapawudy ýok.
Ýöne ýadyndan çykaryp bilmeýän ýeke biri, aýralyk ajysyny ýüreginde gizlemäge çalyşan Samdy. Ýöne garaşylmadyk zatlar bolup geçdi. Birnäçe ýyllar soñra bu oglan on iki süññi ýerinde görmegeý ýigit bolup yzyna dolanyp bardy. Kakasyny tapdy. Ýüzi şol bir ýüzdi we saçlary ap-ak saçlardy. Ulalyp bilegi bükülmez bir ýigit bolup ýetişipdi. Kakasy ony gören wagty ýyllar içinde geçiren puşmanlygy we utanjy bilen ýüzüne seredip bilmedi. Ýöne Zal hiç zat bolmadyk ýaly bolup hormat bildirip kakasynyñ elini öpdi. Eýranlylarda şeýleräk bir ynanç bar. Olam Zaly Sumrug guş atly zümridanka guşy ony tokaýlykda tapyp ýanyna alyp, höwürtgesine getirip ulaldyp ýetişdiripdir. Zal alan güýç-kuwwaty üçin bu guşa ömür bergidardyr. Sam ogly Zala görkezen şol sütemi üçin boýnuny burup ýaşady. Oña seretdigiçe günäsiz çagany tokaýlykda taşlap gaýdan günleri ýadyna düşdi durdy. Gaty gynanyp oña görkezenleri üçin oglunyñ ýüzüne seretmekden utandy.
Zal ýaly Tañry peşgeşi, bilegi berk bolan ýigide kakalyk etmek hukugyny integem ýitirip bilerdi. Sebäbi Zal gysga wagtyñ içinde Eýranlylaryñ gahrymany, öwgüsi dillerden düşmeýän ýigide öwrüldi.
Aradan ençeme ýyllar geçdi. Sam ogly Zal bir gyza öýlendi. Onuñ hem ogly boldy. Adyna Rüstem dakdylar. Rüstem ulalyp, ýigitlikde kakasy bilen ýaryşyp, bäsleşdi. Gysga wagtyñ içinde meşhurlyga ýetdi. Meşhurlygy Eýrana dessan boldy.
Ozanlar mydama ony dillerinden düşürmediler. Eýran şol iki ýigit bilen güýçlendi. Jeñlerde arkalaryny biri-birine dirän ataly-ogul uly goşunlara garşy durup bildi.
Bu perzendiñ dogumy bilen Turan hany Peşeñ hanyñ oglunyñ dogulşy deñ wagtlarda bolmasa-da täleý kysmat bulary bir gün duşursa gerek.
Tañry hem Turana hem Eýrana gahrymanlar dünýä beripdi.



(dowamy bar)

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir