Melehaýran Zaratuştra ybadathanasy

1995-nji ýylda Polşa döwletiniň Warşawa uniwersitetiniň ylmy-gözleg topary şertnama esasynda Sarahs etrabyndaky ýadygärliklerde gazuw işlerine başlady. Bilelikdäki türkmen-polýak arheologik topary 1995-2000-nji ýyllarda Köne Sarahs şäheriniň erkgalasynda we şähristanynda gazuw-agtaryş işlerini alyp bardy. Ekspedisiýa 1997-nji ýylda öz işlerini Melehaýran ýadygärliginde dowam etdirdi. Bu ýerde 1997-2002, 2004, 2007-2009-njy ýyllarda iş alnyp baryldy.

2007-2008-nji ý. arheologik möwsümlerinde Warşawa uniwersitetiniň professory B. Kaimiň ýolbaşçylygyndaky türkmen-polýak ekspedisiýasy Melehaýran ýadygärliginde gazuw-agtaryş işlerini geçirmek bilen bir hatarda Sarahs etrabynyň arheologik kartasyny çyzmak we suwaryş ulgamynyň taryhyny öwrenmek boýunça iş alyp bardy. Goraghananyň işgärleri polýak alymlary kartograf Jakub Kaniszewski we gidrogeolog Maciej Adam Dluzewski bilen bilelikde etrabyň çägindäki sasany döwrüne degişli 17 ýadygärlikde ylmy-gözleg işlerini geçirdiler, kämil tehnologiýany ulanyp, olar hakyndaky maglumatlary kompýutere geçirip, olaryň 3 göwrümli çyzgylaryny taýarladylar we 32 ýadygärlikde deslapky barlag işlerini geçirip, olardan ýerüsti tapyndylary toplamagy ýola goýdular. Olar Sarahs etrabyndaky suw hanalarynyň galyndylarynda gözleg işlerini geçirip, bu ýerde gadymyýetde bolan suwaryş ulgamynyň taryhyny öwrendiler.

Gazuw işleriniň başynda Melehaýran depesi gadymy Sarahs şäheriniň daşynda ýerleşen sasany emeldaryna degişli bolan köşk-gala diýip çaklanylypdy. Emma işiň dowamynda ataşgähiň binýady tapylyp, alymlar bu ýadygärligiň otparazçylyk dinine degişli ybadathanadygyny anykladylar. Bu ýadygärlik sasanylar döwrüne degişli bolup, biziň eýýamymyzyň II-V asyrlary bilen senelenýär .Ol belentligi 7 metre golaý, ini 30 metr we boýy 40 metre barabar bolan esasy depeden we onuň günbatarynda ýerleşen 5 sany kiçiräk gum depejiklerinden ybaratdyr we 1,5 gektar ýaly meýdany tutýar.

Arheologlar tarapyndan üsti açylan bu otparazçylyk ybadathanasy diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem daşary ýurtlarda hem uly gyzyklanma döretdi. Bilelikdäki türkmen-polýak arheologik toparyň ýolbaşçysy Warşawa uniwersitetiniň professory Barbara Kaimiň teleýaýlymlarda,metbugatda eden çykyşlary daşary ýurt alymlarynyň ünsüni çekdi.Pariž uniwersitetiniň professory Oliwýe Lekontyň ýolbaşçylygy bilen Fransiýada çapdan çykýan "Dossiers d'archeologie" žurnalynyň 317-nji sanynda Melehaýrandaky ot ybadathanasy hakynda doktor B.Kaimiň makalasy ýerleşdirilipdir.

Melehaýran ybadathanasy gala diwary bilen gurşalypdyr. Gazuw işleriniň dowamynda häzire çenli oda ybadat etmek bilen baglanyşykly 8 sany otag ýüze çykaryldy. Ybadathananyň esasy otagynyň merkezinde oda ybadat edilýän ýeriň (ataşgäh) galyndylary saklanyp galypdyr. Onuň palçykdan ýasalan durky öz görnüşi boýunça bir-birne gabşyrylan guýgyjy, ýa-da çäge sagadyny ýatladýar. Ataşgähli otagyň gündogarynda girelge otagy ýerleşýär we ol eýwan görnüşinde bolup, ondan insiz uzyn otagjagazyň üsti bilen ataşgähe girmek mümkin bolupdyr. Eýwanyň üsti gümmezli bolandygyny çak etmek mümkin, sebäbi köp sanly gaçan kerpiçler we saklanyp galan ýarym aýlaw muňa esas berýär. Eýwanyň günbatar we günorta diwarlarynyň ýüzi ýaramaz saklanyp galypdyr, bu bolsa olaryň ýüzünde bolan nagyşlaryň ilki-başdaky sudurynyň şekilini gaýtadan dikeltmegiň (rekonstruksiýa) taslamasyny düzmäge mümkinçilik bermeýär. Emma aýlaw şekilli gümmeziň saklanyp galan galyndylary onuň iç ýüzüniň dür dänelerini alamatladyrýan asma şekiller bilen bezelendigini çaklamaga mümkinçilik berýär. Ybadathana gelen zyýaratçylar köpçülikleýin dini däp-dessurlary hut eýwanda ýerine ýetiripdirler.

Eýwandan ataşgähe geçilýän girelgäniň gabat garşysynda pagsadan gurnalan sypa işigiň öňünde keserip dur. Ol göniburçly aýaksyz uzyn stola çalym edýär. Bu sypa 2001-nji ýylyň gazuw möwsüminde tapyldy. Onuň uzynlygy 3,08m, beýikligi 0,88m, ini 0,6m barabar bolup, gündogar ýüzünde gips suwagynyň üstünde güberçek görnüşde ýerine ýetirilen owadan nagyş bar. Türkmen-polýak ekspedisiýasynyň rejeleýji hünärmeni Malgožata Soltys tarapyndan dikeldiş işleri geçirilenden soňra 2007-nji ýylda ýüzi güberçek nagyşly bu panno Türkmenistanyň Milli Şekillendiriş muzeýine tabşyryldy we häzir onuň sergi zalynda ýerleşýär.

Eýwanyň demirgazyk we günorta diwarlarynyň aşak eteklerinden hem pagsadan ýasalan ýüzi nagyşly kiçiräk sypalar (seki) tapyldy. Olar bir-birine bakyp dur. Şeýle-de 4-nji otagyň demirgazyk diwarynyň ýüzünde reňkli suratyň galyndylary tapyldy. Merkezi sypanyň ýüzündäki güberçekli şekil 3 sany düwün görnüşinde bolup, bu düwünler 2 dürli bezeg zolaklarynyň 8-sini bilelikde daňyp birleşdirýär hem-de olar palma ýapraklarynyň suratlarynyň içinden geçirilipdir.

Demirgazyk we günorta diwarlardaky sypalaryň ýüzünde nagyşlar gül şekilli äheňlerde gipsiň ýüzünde güberçek örtük (metop) görnüşde ýerine ýetirilipdir. Bu örtükler 2 görnüşde, ýagny haç şekilli we ýürek şekillidir. Örtügiň birinde 4 sany ýorunja ýapragy bir-birne gabşyrylyp, ikileme äheňde haç şekilini döredip, bir merkeze birigip, sekiz burç ýyldyzy alamatlandyrýar. Beýleki örtükde kiçiräk ýorunja ýaprajyklary palma ýaprajyklary bilen doldurylyp, ýürek şekilini döredip, bir merkeze birigip, bägüli sypatlandyrýar. Nagyşly örtükler sypalaryň ýüzünde 2 hatara düzülip, olaryň arasyndan inçejik göni zolak geçirilipdir. Demirgazyk sypanyň ýokarky hataryndaky nagyşlar günorta sypanyň aşaky hataryndaky şekillere meňzeş. Günorta sypanyň ýokarky hatary demirgazyk sypanyň aşaky hataryndaky nagyşlara meňzeş.Ýöne weli günorta sypada örtükleriň nagyşlarynyň kämahal çalşyrylyp gelýän halaty hem bar.

Melehaýran ýadygärliginden tapylan bezegli sypalaryň ýüzündäki gül we ösümlik äheňindäki şekiller şol döwürlerden biziň günlerimize ýetip gelipdir. Olary häzirki döwürde türkmen gelin-gyzlarynyň şaý-sepleriniň ýüzünde görmek bolýar. Alymlaryň pikirlerine görä bu ýüzi şekilli sypalar keramatly ot saklanylýan otagyň öňünde bolmak bilen ybadathana gelen zyýaratçylary eýwanda saklap, olara sadakalaryny goýmaga mümkinçilik beripdir. Giň halk köpçülgi bilen ybadat däpleri hut şu ýerde geçirilipdir. Şol sebäpden zoroastrizmiň irki döwürlerinde eýwanyň içi,gümmeziň iç ýüzi, sypalar kaşaň nagyşlar we surat bilen bezelipdir. Şol bir wagtyň özünde merkezi sypa ybadata gelenleri ataşgähli otaga goýbermän saklapdyr, olaryň öňünde owadan görnüşli böwet bolupdyr. Sebäbi otparaz dinine laýyklykda keramatly oduň ýanyna barmaga we oňa hyzmat etmäge aýratyn derejeli ruhanylara rugsat edilipdir. Şol zamandaky dini düşünjelere görä, o:t hudaý derejesindäki but bolup, ruhanylar ony başga adamlardan gorap saklapdyrlar.

Ataşgähli otagyň günbatarynda ýene bir otag bar. Oňa uly we giň girelge alyp barýar. Otagyň merkezi böleginde çig kerpiçden örülen, belentligi 30sm bolan belentlik ýerleşdirilip, onuň üsti dörtgyraň bişen kerpiçleriň 15-si bilen 3 hatar edilip, düzlenipdir. Kerpiçleriň üstünde 4 sany oýuk mese-mälim duýulýar, bu bolsa olaryň üstünde içi şerbetdir-içgili, iýmitli humlaryň ýerleşendigini çak etmäge esas berýär. Belki, olarda "haoma" içgisi saklanandyr. Melehaýranda gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda şirmaýydan ýasalan ýüzi suratly zenan şaý-sepleri saklanýan gutujygyň (şkatulka) bir bölegi, misden gulak halka, boýuna dakylýan bezeg halkasy, horaz kekejini aňladýan süňkden ýasalan saça dakylýan iňňe bagjyk, oýnalýan şaşka çöpleri, b.e.Ш-VI as.degişli köp sanly mis teňňeler, şirmaýydan ýasalan adam, it, guş şekilleri we ş.m. tapyldy. Hormatly Prezidentimiz G. Berdimuhamedowyň "Ahalteke bedewi - biziň buýsanjymyz we şöhratymyz" atly kitabynyň 26-njy sahypasynda Melehaýrandan tapylan şirmaýydan ýasalan at üstündäki adam şekiliniň suratynyň ýerleşdirilmegi ekspedisiýanyň agzalary üçin guwandyryjy hadysadyr.

Taryh ylmynda bütin dünýä boýunça otparazçylyk (zoroastrizm) dinine degişli bolan ybadathanalaryň birnäçesi bellidir. Olar Türkmenistanda (Akdepe, Artyk), Eýranda (Deregez, Tagty Süleýman) tapyldy. Melehaýranda tapylan ybadathana özüniň käbir aýratynlyklary bilen olardan düýpli tapawutlanyp, ony dünýäde ýeke-täk we deňi-taýy bolmadyk arheologik tapyndy diýip atlandyrsak, ýalňyşdygymyz bolmasa gerek. Tapylan teňňeleriň ýüzündäki suratlardan we otparazçylyk desgalarynyň galyndylaryndan belli bolşy ýaly, ataşgäh Deregezde, Tagty Süleýmanda, Türeňdepede basgançakly görnüşde bolupdyr. Emma Melehaýranda ataşgäh basgançakly görnüşde däl, onuň binýadynda beýle alamatlar duýulmaýar. Ybadathana örän gowy saklanyp galypdyr - bu onuň ýene bir aýratynlygy. Onuň diwarlarynyň beýikligi 4,5 mеtre ýetýär.Ybadathananyň binagärçilik gurluşy juda üýtgeşik. Bu ýerde ataşgähiň gapdalynda goşmaça otagyň bolmagy ünsi çekýär. Ataşgähiň basgançaksyz bolmagy hem alymlary haýran galdyrýar. Orta asyrlarda meşhurlyk gazanan Sarahs bimagärçilik mekdebiniň ýöne ýerden döremän, onuň hut Sarahsda gurlan Melehaýran ybadathanasy we şoňa meňzeş köp sanly binalaryň ussalarynyň nesilden nesle geçiren ussatlygyndan gelip çykandygyny belläsimiz gelýär. Şol döwürlerde ulanylan binagärçilik we gurluşyk usullary, görnüşleri, dälizler, şekiller, ýarymaýlaw diňler, gapy üsti aýlawlar, gümmezli desgalar we ş.m. beýleki zatlar soňky nesiller tarapyndan ýatdan çykarylman ösdürilipdir we döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirilip, Sarahs binagärçilik mekdebiniň döremegine alyp gelipdir. Ýadygärligiň gowy saklanyp galan durky, otaglardan tapylan köp sanly we oňat saklanyp galan zatlar gadymy otparazlyk zamanasynyň däpleriniň we ykdysady-durmuş ýagdaýlarynyň nähili bolandygyny öwrenmekde alymlar üçin bu ybadathanany uly ähmiýetli tapynda öwürdi.

Bilim, 12 tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir