Merjimek noýba we nohudyň dänelerine görä has ýeňil özleşýär

Merjimek topragyň fiziki we himiki düzüminiň gowulanmagyna hem-de gurplanmagyna uly kömek edýär. Merjimek birýyllyk kösükli däneli ekin bolup, onuň däneleri şöhlat önümlerini, köke öndürmekde ulanylýar. Onuň örän tagamly däneleriniň düzüminde 30 göterim ýeňil özleşýän belok saklanýar. Merjimegiň däneleri noýba we nohudyň dänelerine görä has ýeňil özleşýär. Bu ösümligiň boýy ortaça 45-50 santimetr, 1000 dänesiniň agramy 55-65 grama deň bolup, hasyllylygy her gektardan ortaça 13-17 sentnere deňdir. Ol ortaça toýunsow, karbonatly toprakda oňat ösýär. Ösüş döwrüniň dowamlylygy görnüşlerine baglylykda 65-70 güne deňdir. Onuň tohumy ekilenden soň howanyň gije gündizdäki ýylylyk derejesi 4-5 gradus bolanda gögerip çykýar. Onuň boý almagy üçin howanyň ortaça ýylylyk derejesi 17-20, däneleriniň bişmegi üçin 20-23 dereje ýylylyk gerek bolýar.

Bilim, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir