Gökdepe etrabynda merkezi suw paýlaýjy desganyň gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýar
Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda merkezi suw paýlaýjy desganyň gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýar. Ilatymyzy arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça durmuşa geçirýän giň möçberli işleriň çäginde bu desganyň gurluşygy “Altyn nesil” hojalyk jemgyýeti tarapyndan alnyp barylýar. Şu ýylyň ahyrynda ulanylmaga berilmegi göz öňüne tutulýan kuwwatly desga etrabyň ilatly nokatlaryny, şol sanda etrap merkeziniň we obalarynyň ilatyny arassa agyz suwy bilen üpjün etmekde uly ähmiýete eýe bolar. Häzirki wagtda merkezi suw paýlaýjy desganyň enjamlaryny synagdan geçirmek, ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak bilen birlikde, desganyň suw çeşmesi bolan dik guýulary gazmaga degişli işler alnyp barylýar.

Bilim, 12 tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir