Gurban Berdiýew Lebap welaýatyna geldi

Şu gün meşhur tälimçi Gurban Berdiýew Lebap welaýatynyň adminstratiw merkezine - Türkmenabat şäherine geldi. Aşgabat - Türkmenabat howa gatnawy bilen welaýata gelen tälimçiniň sport jemgyýetçiliginiň wekilleri garşyladylar.
Bellenen meýilnama laýyklykda, Lebap welaýatynyň Sport we ýaşlar syýasaty müdirliginiň mejlisler jaýynda welaýatyň futbol tälimçileriniň Gurban Berdiýew bilen duşuşygy geçirdi. Bu duşuşyga Lebabyň ähli etrap-şäherlerinden tälimçiler ýygnanypdyrlar.
Duşuşykda sebitde futboly mundan beýläk hem ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Häzir Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň sport merkezinde maslahatçy bolup işleýän meşhur tälimçi ýerli kärdeşleriniň berýän tekliplerini öwrenip, olaryň geljekde sebitde futboly mundan beýläk hem ösdürmekde ähmiýetli bolup biljekdigini nygtadylar. Bir sagat çemesi dowam eden duşuşykda tälimçi bilen aç-açan gürrüňdeşlik boldy. Gozgalan meseleleriň arasynda Lebap welaýatyndan bir toparyň Türkmenistanyň Ýokary ligasynda çykyş etmegi bilen bagly mesele hem bar.
Tälimçiler bilen bolan duşuşykdan soňra, Gurban Berdiýew welaýatyň ýolbaşçylarynyň hem käbiri bilen duşuşdy. Duşuşykda esasy gürrüň sebitde futboly ösdürmäge bagyşlandy.
Duşuşyklardan soňra tälimçi Türkmenabat şäherindäki 10 müň orunlyk sport toplumyna, 14-nji we 12-nji sport mekdeplerine baryp gördi. Şeýle hem Birinji liganyň wekilleri "Amyderýa" bilen "Garagumyň" arasynda geçirilen ýoldaşlyk duşuşygyna hem tomaşa etdi.
Gurban Berdiýewiň Lebap welaýatyna sapary şu gün tamamlanar.

Bilim, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir