5G-li ilkinji dron
Aragatnaşygyň 5-nji neslinden peýdalanýan smartfonlar entek täze peýda bolup başlady. Tehnologiýanyň bu soňky nesli diňe telefonlara niýetlenmän, esasan, “akylly” ulgamlarda hem peýdalanylýar. Hytaýyň “Suning” kompaniýasy 5G tehnologiýasyndan peýdalanýan drony synagdan geçirdi. Uzakdan dolandyrylýan kiçi howa ulagy sargyt edilen harytlary degişli salgysyna eltmek üçin niýetlenipdir. “Suning” şereketiniň hünärmenleriniň esasy maksady harytlary müşderilere wagtynda we arzan bahadan ýetirmekden ybarat. Iň ýokary tizligi 15 km/sagat bolan enjam ortaça 8 km/sagat bilen hereket edýär. Şäheriň 5G torundan peýdalanýan enjam ýolyşyklary we beýleki jisimleri 100 metr uzaklykdan “görüp” bilýär.

Bilim, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir