Bu ýag­daý­da gi­jik­dir­män il­ki bi­len onuň ak­ku­mul­ýa­to­ry­ny (ba­ta­re­ýa­sy­ny) aýyr­ma­ly. Se­bä­bi çyg­ly­lyk te­le­fo­ny­my­zyň için­dä­ki gur­luş­la­ryň ut­gaş­ma­gy­na ge­tir­ýär. Bu bol­sa ola­ra dü­zet­me­siz de­re­je­de zy­ýan ýe­ti­rip bil­ýär. Eger-de siz ony tutuş­ly­gy­ny su­wa ga­çy­ran bol­sa­ňyz, on­da düw­mä ba­syp öçür­jek bo­lup, gym­mat­ly wag­ty­ňy­zy sarp et­me­li däl­dir.

Bu ýag­daý­da çyg­ly­ly­gyň gur­luş­la­ry za­ýa­la­ma­gy­nyň öňü­ni alyp bil­mer­si­ňiz. Des­si­ne aý­ry­lan ak­ku­mul­ýa­tor (ba­ta­reý) te­le­fo­ny tu­tuş­ly­gy­na elekt­rik ener­gi­ýa­syz go­ýar. Bu ýag­daý­da te­le­fo­na az zy­ýan ýet­ýär. Su­wa ga­çan te­le­fo­ny­ňy­zy sa­tyn alan ýe­ri­ňiz­den ke­pil ha­ty­ňyz (ga­ran­ti­ýa) ar­ka­ly bejert­jek bo­lup aza­ra hem ga­lyp otur­maň. Se­bä­bi te­le­fon­la­ryň is­len­di­gin­de su­wa ga­çan ýag­da­ýyn­da “ha­sa­ba” al­ýan ul­gam otur­dy­lan­dyr. Te­le­fo­ny­ňy­zy do­ly gu­ra­dan ýag­da­ýy­ňyz­da hem bu gur­luş onuň su­wa ga­çan­dy­gy­ny äş­gär ed­ýär. Şol se­bäp­li-de, te­le­fo­ny­ňy­zy iş­jeň ýag­da­ýa ge­tir­mä­ge il­kin­ji no­bat­da özü­ňiz sy­na­ny­şyň. Il­ki bi­len te­le­fo­ny do­lu­ly­gy­na sök­me­li.

Bu ýag­da­ýyň kyn­çy­ly­gy te­le­fo­nyň gur­lu­şy­na (mar­ka­sy­na) gö­rä kes­git­len­ýär. Sö­kü­len­de ýe­ňil bol­ma­gy üçin te­le­fo­ny­ňy­zyň gur­lu­şy­ny in­ter­net ar­ka­ly öw­ren­mek hem mas­la­hat be­ril­ýär. Te­le­fo­nyň esa­sy pla­ta­syn­dan beý­le­ki gur­luş­la­ry­ny (ek­ran, mik­ro­fon…) nä­çe köp aýyr­sa­ňyz gu­tar­nyk­ly ne­ti­jä­niň şow­ly bol­ma­gy­nyň müm­kin­çi­li­gi­ni art­dyr­ýar­sy­ňyz. Eger-de si­ze gur­luş­la­ry aýyr­mak ba­şar­dan bol­sa, on­da il­kin­ji no­bat­da ola­ry izop­ra­nol ga­ryn­dy­sy (bu ga­ryn­dy­ny der­man­ha­na­lar­dan tap­mak bol­ýar) dol­du­ry­lan ga­ba goý­ma­ly. Te­le­fo­nyň gur­luş­la­ry­ny bu ga­ryn­dy­ly gap­da azyn­dan bir gü­nüň do­wa­myn­da sak­la­ma­ly. On­dan soň ola­ry çy­ka­ryp gu­rat­ma­ly.

Izop­ra­nol ga­ryn­dy­sy gur­luş­lar­dan su­wy do­lu­ly­gy­na çy­kar­ma­ga ukyp­ly­dyr. Bu ga­ryn­dy­nyň te­le­fo­nyň hem­me gur­lu­şy­na deň de­re­je­de ýet­me­gi­ni gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ma­ly­dyr. Ha­çan­-da te­le­fo­nyň esa­sy pla­ta­sy do­lu­ly­gy­na gu­ra­nyn­dan soň, ony ýe­ne-de bir gü­nüň do­wa­myn­da bu ga­ryn­dy­ly gap­da goý­ma­ly. Şon­dan soň bir gün­läp ony ýe­ne-de gu­rat­ma­ly. Di­ňe şon­dan soň esa­sy pla­ta­ny te­le­fo­na dak­mak mas­la­hat be­ril­ýär. Hü­när­men­le­riň bel­le­mek­le­ri­ne gö­rä, şu he­re­ket­ler­den soň, te­le­fo­ny­ňyz ag­la­ba ýag­daý­da iş­jeň ýag­da­ýa ge­ler.

Tehnologiýa, Perhat Sabirovv tarapyndan 6 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir