Ol barmana uzyn ýazylan sms-e gözi düşdi.Onda
— gelneje, bu men Jemal.
Siz bu haty okaňyzda men ýa bolaryn ýa ýok onçasyny bilemok,ýöne men indi bu dunýede ýaşasym gelenok.
Size meniň telefonym getirip beraý diýen gunim siz giddiňiz welin joram Gülbahar geldi.
Sähet maňa jaň edip,jaň edip halys ýadansoň jorama sms ýazypdyr.
Şol nämeüçin jaňy alanok,jany bir sagmy,ýa başga ýigit tapana däldir-dä herna, barda ondan sorap ber, we şo taýdan maňa jaň et: - diýipdir
Joram hem öýe geldi.Men Sähede ýaraman ýatyn, agyr dumewledim diýdim.
Biz kan gurleşdik. Men oňa ýaman bar zady aýdasym geldi. Ýone onyň nahili kabul etjegin ilki barlap gormelidim Soňam ol gullukda, özine bir zat edaýmesin diýip hem gorkdym
Men soň Sähede
-janym,eger men şu wagt başga birine durmyşa çyksam näderdiň:- diýip soradym
- goni senäm öldurerin özimam:- diýip jogap berdi
Soň men ondan
- janym, eger maňa keseki bir adam topylaýsa ,öýe, milese aýtmaga, ile gune gep bolmaz ýaly derejede mende waka bolsa onda name ederdiň diýdim
- gidip özimi asardym - diýdi
Gelneje men näme edeýin,ol maňa goni şeý diýdi, men oňa erteki gun name jogap bereýin, öýden daşa çykmadyk halyňa bu zatlar nadip boldy diýse, häää näme diýeýin
Men şol wakadan soň özim bilen däl, içimiň ýanşyna ,hatda saňada aýtmaga mende guýç ýok, içim döker ýaly bolmadyma men, gul ömrümi baş minudyň içinde küle öwurdiler ahyry naýynsaplar,hudaýsyz mahlyklar
Jan gelneje, eger men bu dunýede bolmasam Sähet gelende oňa hakykaty aýt,goý ol meniň häzirem ony söýýänligim bilsin,men ony mydamada söýerin, özümdäki gara tegmili oňa degirmage welin meniň wyždanym çatmady. Men indi oňa mynasyp dal. Meniň mynasyp adamym indi bolmaz.Men sizi gowy gorýan, ejem, doganym,siz,jiglem Sähet, siziň baryňyz meniň üçin bir ýupuň ugryna duzulen ýaly maňa juda juda gerekdiňiz.Men ony söýýan. Ol ýene sanlyja wagtdan gullykdan gelmeli.Men onyň ýuzune seredip bilmen,ondan nameüçin ýuz öwurenimi hem oňa aýdyp bilmen.Şonyň üçin gelnejejan men bu dunýani terk edýan. Gorup ýananymdan ölup gidenim gowydyr ýene. Sagbol mähriban uýam
Mähri duran ýerinden dyzyna çökdi we ýene aglap başlady.Bu zatlaryň bar sebabi şo elhenç waka. Jemal oňa döz gelip bilmedi.Döz geler ýaly hem däldi, wyždanyň etiňi iýip barýardy
Ol birden bir zat ýadyna düşen ýaly ,ýatýan ýassygyn bir gyrasyny sokup içine elini sokdy.Ol o taýda adam gara goraýmesin diýip gizlap giýýan şol teh pasporty eline aldy we bar pikir oýy ar almaly diýip kellesine aýlady...
Ýöne nadip başlamaly we nirden gözlemeli hiç pikirin jemlap bilmedi. Ol goni baryp polisýa aýdasy geldi.olaň berjek öliň soragyndan welin özi utandy çekindi ile gune gep bolmakdan,gorkdy we ýene ol teh pasporty ýassygynyň içinde gizlap goýdy
Jemalyň gaýyn enesi gyzynyň ölumine çydam edip bilmedi ol Jemalym alty aý belli gun sadakasyna çenli gan basyşynyň beýgelmegi keseli boýunça bu dünýeden tarpa taýyn ötdi.
Indi Mähri öýde çagalary bilen galyberdi Şajan bolsa şol 15 gun öýde 15 gun işde bolyp işlap ýordi.
Mähri soňky dowur kop ýatmany çykaryp ugrady. Şajan ony lukmanlara gorjezende bagrynyň çişligi we sarygetirme keseliniň barlygyn ony hassahana bergisinde uzak wagtlap bejermekidigin zerurdygny aýtdylar. Bejerilman galsa sarygetirmaň ýapyk görnüşine geçaýmek howpy mümkindigni aýtsada ,Mahri bir hepde ýa ýatandyr ýa yok ol hasahanadan öýine gaçyp gaýtdy .Ol öýde öziçe dermanjyklaryn içen bolup ýördi. Ol gun geldigije saralyp solyp barýardy,gowresinde galan çagany hem aýyrmaly boldy
Ol bar zady içine salyp, içine salyyp içine kitüw boldy
Günlerde bir gun ol öýlerin işin edip ýorka öýiň içinde birden ysgyndan gidip çaşýar . Süýt almaga gelen goňşysy ony gorup tiz kömegi çagyryp hassahana ugratýar Mähri wagty bilen özine gelmänsoň Şajana habar edilýar
Mähriň bolsa şol ýatyşydy
Lukmanlaryň öýňize äkidäýiň, bizlik iş etdik, indi urlan dermanlar yoranok,öýde ýakynlarňyzy çagyryp jemleniberiň diýeňsoň.Şajan ony hassahanadan öýine alyp gaýtdy
Öýde ony 3-4 gun derman bilen towuk çorba bilen sakladylar.Bäşilenji diýlen gun Mähri bar gunjin jemlap Şajany öz ýanyna çagyrdy we
- ezizim, men size bir zat aýtmaly:- diýdi
Şajan
- müň zat aýt Mährim ýone meni bu dunýede ýeke goýma sen , men indi ýuregim goterenok
- Men bu syry özim bilen äkitseň hem bolardy ýone içime salyp salyp halys guradym
- o nahili syr, aýt hany eşdeýin ...

Dowamy bar

Edebiýat, Nowcha90 tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir