Biziň ýaşaýan köçäňiziň ilerki çetinde Nepes aga diýip goňşymyz bardy. Onyň meniň bilen deň duşrak gyzy bardy. Ol gyzyň ady Aýjerendi.Ol iki üç ýyl mundan öň, ýol heläkçiligine sezewar bolypdy.Şondan bari hem maýyplyk arabasyna baglanypdy
Aýjeren özi alçajykdy, ýone ýüzi mydama gaýgylydy
Ol indi ýöräp bilmejegini doly boýnyna alypdy
Günlerde bir gun onyň ejesi öýe gelip
- gyzym işden gelen bolsaň Aýjerenjana ukol edip beraýda, ol düýnden bari düşeginden hem galanok,şol aglap ýatyrda :-diýdi
- bor gelneje hazir baraýaryn diýip ony öýlerine ugratdym
Az wagtdan men olara ukola baramda, hakykatdanda Aýjeren aglap ýatan ekeni
- name boldy saňa
- meniň ýaşasym gelenok
- o nameüçin, name boldy beý diýer ýaly
- maňa kyn maýyplyk arabasyna baglanmak
- oňat bolarsyň,sunkler bitişmek üçin wagt gerek
- naçe wagt bir ýylmy ýa on ýyl
- az wagt
- bilmedimda
Şol barmana meniň imoma jaň geldi, men olarda imoň üstu bilen bir ýigit bilen gurleşdim, ol ýanymda biziň gepimizi diňlap otyrdy we
- Söýguliňmi
- ýoklagyz dostym
- o nahili dost,
- internet dostym
- gowlygyn meniň hem şeýle dostym bolsada
- bolar hemme zat, men seniň imoňy alaýyn we seni gruppa goşaýyn, sen ol taýdan öziňe ýakyn dost tapda gruppdan çyk,ýone söýup aldaýma iliň çagasyn
- maýyp gyz bilen kim dost tutunsyn
- beý diýme gowy gowy oglan gyzlar içinde kop, diňe söýgi dal, dost ýaly habarlaşýanlar hem çyda kan
- bolýa
Men şeý diýdim-de ony gruppa goşdym
Şol wakadan soň men olara iki üç gün ýaly ukola bardym ,we şonda ol özine dost,jora tapynandygny begenip guruň berdi,men onyň begenşini daşyndan synlap hem begendim hemde gynandym
Iki üç ýyllykda Iki ýana ylgap iş edip ýoren gyzyň bu gun beýle ýagdaýa duşmesi meni gynandyrdy, ol bolsa ýorasim gelýar, dostlarym goresim gelýar diýip diňe arzuw edip maňa gurruň bererdi
Günlerde bir gun Aýjeren
- öýde bolsaň bize gelip gidaý diýip jaň etdi
Men ýene ýaranokmyka diýip olara ylgap diýen ýaly barsam ol maňa
,- senden bir zady haýyş etjek bir dostym boýyň göräýin,dik duryp surata duşup ugradaý diýip,surat soraýar welin sen surata duşup beraý şony ugratjak diýdi
Elenip ýalwaryp duranyna ýuregim etmedi we ol ýigdiň edil aýtdyşy ýaly surata duşup berdim
Aýjeren begenip ony ol ýigde ugratdy
Men öýe gaýtdym
Aradan bir hepde geçip geçmankä ýene Aýjeren meni çagyryp surat sorady, ýene bu maýyp gyza dözmän surata duşup berdim
Soň soňlar hem birnaçe gezek surat duşup berdim
Günlerde bir gun ol maňa telefon nomer soraýar, seniň nomeriň beraýin diýdi, sen men bolyp gepleşip beraýda diýdi menem nomerim sypyryp onyň eline berdimde
- sen öziň arkaýyn gepleşiber diýip nomerim goýup gaýtdym
Aradan 6 aý towerek geçdi ,Aýjeren ol ýigdi doly derejede söýdi,ýone onyň gözine gornip biljek daldi,sebabi Aýjeren ol ýigdi söýupdi ýigit bolsa şol suratdaky gyzy, surat başga ses hem başgady
Ýene sesin çykarmagym, ýarym gowun çagaň begeneni nama degenok diýdimde dymdym
Bir ýyla golaý wagt geçdi. Indi ol ýigit hiç Aýjereni gunine goýanokdy, gorşeli toý edeli diýip
Aýjerende bolsa muň bahana bardy, ol nadip gorsun, özi maýyp gyz, surat hem başga
Bir gun soň Aýjeren maňa şol ýigdi görmegi haýyş etdi
Menem bolýa işden gaýdyşyn bile gaýdaýaryn diýip aýtdym,şonda gelýakak Aýjeren ýola çykmaly we ol ony görmelidi ýone tanatmaly daldi ....

Dowamy bar

Edebiýat, Nowcha90 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir