Ada­myň oý­lap ta­py­jy­lyk uky­by­nyň çä­gi ýok. Ta­ry­h­da adam­zadyň özü­ne ge­rek­li za­dy akyl-paý­ha­sy­ bi­len dö­re­den­di­gi­ni gör­mek bol­ýar. Ga­dy­my dö­wür­ler­de adam­lar üst-başynyň yk­jam bol­ma­gy üçin ütük­le­me­giň dür­li usul­la­ry­ny hem köp ýyl­la­ryň do­wa­myn­da kä­mil­leş­di­rip­dir­ler. Eşik­le­riň te­kiz gö­rün­me­gi üçin peý­da­la­ny­lan daş­la­ry il­kin­ji ütük ha­sap­la­sa bo­lar. Çyg ge­ýim-ge­ji­mler bir­nä­çe sa­gat­lap şol iki da­şyň ara­sy­na goý­lup­dyr. Mi­la­dy­dan ozal­ky IV asyr­da Gre­si­ýa­da eşik ütük­le­mek üçin gyz­dy­ry­lan ýa­sy de­mir ula­ny­lyp­dyr. Or­ta asyr­lar­da bol­sa, ta­ba ça­lym ed­ýän en­ja­myň içi­ne köz bö­le­jik­le­ri sal­nyp gyz­dy­ry­lyp­dyr. Wag­tyň geç­me­gi bi­len daş­ky gör­nü­şi hä­zir­ki­le­re meň­zeş ütük­ler peý­da bo­lup­dyr. Ol ütük­le­r ga­pak­ly bo­lup, için­dä­ki köz gaç­man­soň, has howp­suz bo­lup­dyr. Şol ütük­le­riň iki ta­ra­pyn­da köz­le­riň kö­re­dil­me­gi üçin yş­lar goý­lup­dyr. Soň­lu­gy bi­len içi­ne gyz­dy­ry­lan de­mir bö­le­gi­ni sal­mak ar­ka­ly gyz­dy­ryl­ýan ço­ýun ütük­le­r peý­da bo­lup­dyr. Ço­ýun ütük­le­riň bu gör­nü­şi Ýew­ro­pa ýurt­la­ryn­da XVII asyr­lar­da oý­la­nyp ta­py­lyp­dyr. Ço­ýun ütük­le­riň ag­ra­my on ki­log­ra­ma çen­li bo­lup, ony ýa­rym sa­gat çe­me­si ot­da gyz­dyr­ma­ly eken. XVIII asyr­da ço­ýun ütük­le­riň köp­çü­lik­le­ýin önüm­çi­li­gi ýo­la go­ýul­ýar. XIX asy­ryň ahyr­la­ryn­da gaz bi­len iş­le­ýän ütük oý­la­nyp ta­py­lyp­dyr, em­ma olar ýaý­ra­man­dyr. Tok bilen iş­le­ýän ütük 1882-nji ýyl­da ame­ri­kan in­že­ne­ri Gen­ri Si­li ta­ra­pyn­dan oý­la­nyp ta­py­lyp­dyr. 7 ki­log­ra­ma go­laý bo­lan bu ütü­gi gyz­dyr­mak üçin köp ga­raş­ma­ly bo­lup­dyr. On ýyl­dan soň “Ge­ne­ral Elect­ric” hem-de “Cromp­ton & Co” şe­re­ket­le­ri spi­ral­ly ütü­gi köp­çü­li­ge hö­dür­läp­dir. Şon­dan soň­ra ütü­giň howp­suz gör­nüş­le­ri ýaý­rap baş­lap­dyr. Soň­ky ýyl­lar­da ütü­ge gyz­dy­ry­jy­lyk de­re­je­si­ni ka­da­laş­dy­ry­jy­nyň otur­dyl­ma­gy hem-de ço­ýun düý­bü­niň aý­na­ke­ra­mi­ki we ni­kel ma­te­ri­al­lar bi­len çal­şyl­ma­gy bi­len ol has-da kä­mil­leş­dir­ili­di. Bi­ziň gün­le­ri­miz­de bol­sa, ütü­giň içi­ne suw gu­ýul­ýan gör­nüş­le­ri­ bolup, olar ýy­gyrt­la­ry bug bi­len ýaz­ma­ga ýar­dam ed­ýär.

Tehnologiýa, bank tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir