Hä­zir­ki wagt­da äh­li ýer­de di­ýen ýa­ly in­ter­net­den peý­da­la­nyp bol­ýar. Jem­gy­ýet­çi­lik ýer­le­ri­niň kö­pü­si ge­çi­ri­ji­siz in­ter­net bi­len üp­jün edi­len. Ki­tap, žur­nal ýa-da ga­zet oka­mak üçin hem in­ter­net bag­la­ny­şy­gy bo­lan komp­ýu­ter ýa-da mo­bil en­ja­myň bol­ma­gy ýe­ter­lik. Hat­da Ýer­den bir­nä­çe ki­lo­metr be­ýik­lik­de uçar­da bar­ýar­kaň hem in­ter­net­ u­la­nyp bol­ýar. Ýerde ulanylýan in­ter­net antennalar ar­ka­ly paý­la­nyp, onuň bel­li bir hyz­mat ediş çä­gi bar. Eý­sem, ho­wa gä­mi­si­ne in­ter­ne­ti nä­dip bi­rik­dir­ýär­ler.
Öý­ler­de we iş ýer­le­rin­de ge­çi­ri­ji­siz in­ter­ne­ti (Wi-Fi) paý­la­ýan en­jam ulgama ka­bel bi­len gö­nü­den-gö­ni bag­ly bol­ýar. Uçar­da beý­le müm­kin­çi­lik bol­man­soň, in­ter­net hyz­ma­ty­ny üp­jün edi­ji (ISS) ýö­ri­te en­jam oturdylýar. Bu en­jam Ýer­dä­ki özü­ne iň ýa­kyn be­ket­den ra­dio tol­kun­la­ry ar­ka­ly bag­la­ny­şy­gy ýo­la goý­ýar. Um­man­la­ryň üs­tün­den ge­çi­len­de bol­sa, uçar ýo­ka­ry­sy­na ýer­leş­di­ri­len güm­mez gör­nüş­li ýö­ri­te en­jam ar­ka­ly eme­li hem­ra­la­ra bi­rig­ýär. Bu in­ter­ne­tiň tiz­li­gi o di­ýen ýo­ka­ry bol­ma­sa-da, film­le­re to­ma­şa et­mek we jem­gy­ýet­çi­lik tor­la­ry­na gir­mek üçin ýe­ter­lik­dir. Baş­ga bir mik­ro­tol­kun dia­pa­zon­ arkaly has ýo­ka­ry tiz­lik­li in­ter­net­den hem peý­da­la­nyp bol­ýar. Ara­gat­na­şy­gyň bu gör­nü­şi uçar­lar üçin iň ýo­ka­ry tiz­lik­li (se­kunt­da or­ta­ça 70-80 me­ga­bit) Wi-Fi hyz­ma­ty­ny hö­dür­le­ýär. “JetB­lue”, “Vir­gin Ame­ri­ka”, “Emi­ra­tes” ýa­ly bir­nä­çe awia­kom­pa­ni­ýa öz müş­de­ri­le­ri­ne bu hyz­ma­ty goş­ma­ça hö­dür­le­ýär.
Uçar­da in­ter­net hyz­ma­ty­ny üp­jün ed­ýän ýö­ri­te en­ja­myň bel­li bir agyr­ly­gy bo­lup, ol ho­wa gä­mi­si­niň has köp ýan­gyç sarp et­me­gi­ne se­bäp bol­ýar. Hä­zir­ki wagt­da bu en­ja­myň ag­ra­my­nyň ýe­ňil bol­ma­gy we ýo­ka­ry tiz­lik­li in­ter­ne­ti üp­jün et­mek üçin in­že­ner­ler iş alyp bar­ýar­lar.

Tehnologiýa, bank tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir