GOŞGY OKAP BEREÝIN…

Goý, kim bizi görse, görüpler geçsin,
Gel, gyz, saňa goşgy okap bereýin.
Gapdaldan gan gusup, göripler geçsin,
Gel, gyz, saňa goşgy okap bereýin.

Ýaz bolup gidersiň Güýz bolup gelseň,
Goşga goşgy berjek gyz bolup gel sen.
Her kime ýetdirýän bagt däldir bilseň,
Gel, gyz, saňa goşgy okap bereýin.

Gözlerimde paýhas, sözde öwüt bar,
Depämde uly borç, elde döwet bar,
Aýdylmadyk sözler bagta böwet bor.
Gel, gyz, saňa goşgy okap bereýin.

Ýören däl pes pyglyň yzynda ýüwrüp,
Men bir pespäl oglan, haýykma, höwrük,
Agladan söýgimi aýdyma öwrüp,
Gel, gyz, saňa goşgy okap bereýin.

Bagrym daglar galan günler uzakda,
Ýürek aglar alaç tapman duzakda,
Sada oglan… hem şol gedem gyz hakda,
Gel, men saňa goşgy okap bereýin.

Goşgymda ýüregim etegňe gaçar,
Günler durna dönüp, arany açar.
Kim bilýär soň ykbal duşurar haçan,
Gel, gyz, saňa goşgy okap bereýin…


Awtory: Torum Ýaýlan

Edebiýat, Gürgençli tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir