Bahar günleriniň gysgalşy ýaly.
Gülleriň 
wagtdan öň so:lşy mysaly, 
teşneligi bilen galypdyr dünýä,
Sensiz aýdymlaryň teňleşýär haly..
Ykbal öwrümine düşünmeklik kyn.
Has çetin,
gizlemek hakykatlaryn
Sensizlige uýgunlaşman henizem
Çalýarlar sazyny gamgyndan-gamgyn.
Heý erkine buýsanýan höküm...
Şunça ylymlara ýetsede emriň!
Ýetse-de, ötsede şonçama gezek
Erklije gülüňi gorap bilmediň!
Wah höküm.. näme etsin?
ýazgytda bolsa
Talantlary gerekleýär Hakykat,
Goý olara gowlyklary eçilsin!
(Olarsyz ýaşamak nähili adat?)
Žanna Friske.. bagyşlaýaryn!
- 
                Nepes29
                6 years ago
                
- senin ozune senin halkyn senin dowletin osmesi ucin gram peydasy bolmajak zatlara wagt sarp edyaninize gynanyan.
- 
                Adalat19
                6 years ago
                
- Žanna Friski diýilýäniň kimdigini tanamadymlaý. Erkekmi ýa-da urkaçy?
- 
                Berdi T
                6 years ago
                
- Sag boluň iň esasy talantlaryň gadryny bilmek zerur!
- 
                Berdi T
                6 years ago
                
- A men bolsa sungatdan peýda gozleýännize gynananýan!
- 
                ETIKA
                6 years ago
                
- Peyda gozleyanler Sungata dushunmez sowdada
- 
                Umman
                6 years ago
                
- Gowy goşgy bolupdyr. Edebiýat giň meýdandyr. Ol milletleri saýlamaz.
ETIKA 6 years ago- Gaty tasirli galymyn yiti bolsun...