Togsan dokuz adamyñ başyna ýeten rehimsiz bir adam bar eken. Bir gün ol eden işlerini ýatlap, gaýga çümüpdir we ylymly bir adamyñ ýanyna baryp, geçmişini gürrüň beripdir. Toba edip, dogry ýola gelmek isleýändigini, dürs ýaşamak isleýänini aýdypdyr. “Ýöne, munça adamyñ ganyna galamdan soñ, Tañry meniñ günämi geçermikä?” diýip, ganhor ylym okan kişiden özelenip sorapdyr. Alym adam her näçe kän okanam bolsa, okan ylymyny doly özleşdirereden ejiz ekeni. “Ýok, munça adam öldüren bolsañ, Tañry seniñ günäñi geçmez” diýip, ol toba etmäge, ters ýoldan dönmäge gelen ganhoryñ soragyna kesgin jogap beripdir. Ganhor bu söze dergazap bolupdyr: “Oñ ýaly bolsa, men senem aýap goýmaýyn” diýip, ol alym adamyñ hem kellesini kesipdir. Soñra ol başga bir alymy gözläp tapypdyr we ýüz adamy öldürerini gürrüñ beripdir. “Eger toba etsem, Hudaý meniñ günämi geçmezmikä?” diýip, ganhor alymdan sorapdyr. Alym akylly adam ekeni. Ol ganhoruñ gözleriniň içine garap şeýle diýen: “Elbetde, eger ak ýürekden toba etseñ, Hudaý seni hökman bagyşlar. Ýöne meniñ bir nesihatym bar, toba edeñsoñ, bozuk adamlardan gaça dur, gowulara goşul, bozuk adamlar seni ýene öňki ters ýoluña dolap elter.” Ýüz adam öldüren ganhor bu sözlere pagyş-para eräp, ýarym- ýaş halda eden ters işlerine toba edipdir we Hudaýdan özüni bagyşlamagyny sorapdyr. Şondan soñ ol özüniñ bet pygylly ýoldaşlaryndan ýüz öwrüp, päli- niýeti düzüw adamlaryñ ýaşaýan ýerine ýönelipdir. Ýöne ýolda toba eden ganhoryñ sanalgysy dolupdyr we ol dünýäden ötüpdir. Şol mütdetde hem dowzah we jennet perişdeleri merhumyñ janyna eýe çykmaga gelipdirler. Dowzah perişdleri merhumyñ dirilikde köp adamyň ganyna galandygyny aýdyp, onuñ janynyñ özlerine degişlidigini subut etmäge çalşypdyrlar. Ýöne jennet perişdeleri hem kem oturmandyr. - Merhum ölmezden öñ toba etdi we dürs ýaşamak kararyna geldi. Şu niýet bilenem ol gowy adamlaryñ ýaşaýan ýerine ugrady, ýöne ýolda kazasy doldy - diýip, jennet perişdeleri aýdypdyr. Turupdyr bir dawa-galmagal. Onsoñ bu dawany çözmek üçin Jebraýyl perişde iberilipdir. Ol iki tarapy hem diñläp, şeýle karara gelipdir: “Ýeri, aralygy ölçäñ. Eger merhumuñ ölen ýeri gowy adamlaryñ ýaşaýan ýerine golaý bolsa, ol jennet perişdlerine degişli bolar. Ýöne birden onuñ ölen ýeri bozuk adamlaryñ ýaşaýan ýerine golaý bolsa, onda ony dowzah perişdelerine bermeli bolar.” Bu karardan soñ ýeri ölçediler. Toba eden dürs adamlara tarap ýañy ýönelende jan berensoñ, ol heniz bozuk adamlara has golaý ekeni. Ýöne ol ak ýürekden toba edip, ýaman pälinden gaýdypdyr we Hudaý onuň ýatan ýerini süýşirip, gowy adamlaryñ ýaşaýan şäheriniñ alkymyna getiripdir. Şeýlelikde eden ýalñyş işlerine çyndan ökünen we ak ýürekden toba eden bende jennet perişdelerine berlipdir

Sorag-jogap, Perhat Sabirovv tarapyndan 6 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir