WEZIPE WE «DOSTLAR»

Işjeňdi ol, gujur bardy bedende,
Tegelände ýaňy kyrkyň onuny,
Wezipä bellejek diýdiler ony—
Täzeledi penjegini donuny.

Tanamdadyksyrap ýörenler ozal,
Gelip başladylar oňa «salama».
«Ol ulaljak» diýip myş-myş ýarýandan,
Olar ony gutlap ýazdylar nama.

Uly wezipede başlady işe,
Tanyş dost-ýarlaryň artýardy sany,
Ol begenip kopelýänne dostlaryň,
Gözlemedi ondan başga bir many.

Ot salýan köpeldi onuň pejine,
Çoýunýan köpeldi onuň ojagyna,
Käbiri oýune çagyryp myhman,
Göterýäjek bolýar ony gujagna.

Gapysynda keserişip maşynlar,
Onuň hyzmatynda boldular taýyn.
Ýöne hiç birine buýrmady ýumuş,
Işine ol juda gaýymdy-gaýym.

Emma bir ýalňyşlyk boldy-da birden,
Ony aýyrdylar uly işinden.
Dost-ýarlar azaldy, gelýän azaldy,
Maşynlar saýlandy onuň işiginden.

Beýle-beýle zada garaşmandy ol—
Kesel tapynaýdy aýalam birden.
Şonda garaşdy ol «öňki dostlarna»
Göwün açyşmaga, aýtmaga derdin.

Il-gün geldi, «gelmeliler» gelmedi,
Ýakynlar kem-kemden ýatlara dönjek.
Sowuldy bu öýüň bazary birçak,
Dost-ýarlar nirede, gitdikä hanjak?

Bu bolýan zatlara galyp ol haýran,
Az-kem aljyrady—Çökmedi gerden.
Özün ýitirmedi, taplandy, gaýta,
Durmuşyň öňünde durdy ol merdem.

Bek durdy ornunda oňaryp işin,
Gözleýäni mydam hakykat boldy.
Onsoň bary-ýogy geçip bäş-üç-aý,
Ýene oň öýüne şat habar doldy.

Şol bolan iş derňelip oňat,
Günäli tapyldy—ýeňledi gerden.
Ýöne köne dostlaň goýan ýarasy,
Gitmedi, gitmedi, gitmedi serden.

Ol başga bir uly wezipä geçdi,
Indi bir edaraň işin dolaýar.
Öz bähbidim diýýär iliň bähbidin,
Ilem ony oňat görýär, sylaýar.

Ýene-de ýalmanşyp köne «dostlary»,
Geldiler, bilmedik çykdylar nirden,
… «Körem hasasyny bir aldyr» diýýär,
Aýyp däl kä mahal öwrenmek körden.

Awtory: Ş.Çarygulyýew

Edebiýat, Gürgençli tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir