(1547–1616 ý.)

Ispan edebiýatynda roman žanrynyň güýçli ösmegi Serwantesiň döredijiligine duýarlykly täsir edýär. Serwantes Täzeden Döreýiş döwrüniň iň bir görnükli wekilidir. Ol Madridiň golaýynda ýerleşen Alkala de Enares diýen uly bolmadyk şäherde dworýan, ýagny idalgo1 toparyna degişli maşgalada eneden dogulýar. Onuň kakasy garyp düşen derman satyjy, lukmançylyk-dan habarly adam bolupdyr. Ol ýaşlygynda mekdebi gutaryp, uniwersitetde bilim alypdyr. 21 ýaşynda Serwantes Rim papasynyň Ispaniýadaky ilçisiniň kardinal Akwawiwiniň gullugyna gidipdir. Kardinal Italiýa gidende Serwantes onuň bilen bile gidipdir. Kardinal aradan çykansoň Serwantes Italiýadaky ispan goşunyna harby gulluga durupdyr. Ol birnäçe wagtdan deňiz flotuna alynýar we Lepanto diýen ýerde (1571ý.) uly söweşe gatnaşýar. Şol ýerde ol batyrlarça söweşýär we çep eli agyr ýaralanýar. Ol ýönekeý esger bolsa-da, onuň gaýduwsyzlygy, batyrlygy baradaky gürrüňler şol döwrüň iň ýokary wezipeli harby serkerdebaşylaryna-da ýetipdir. 1575-nji ýylda Serwantes Italiýadan öz Watany Ispaniýa dolanyp barmak kararyna gelende, oňa Ispaniýanyň goşunbaşysy Huan Awstriýskiý gowy häsiýetnama berýär we korolyň adyna onuň harby derejesini beýgeltmek barada hat iberýär. Ýöne onuň Ispaniýa barmak üçin münen gämisiniň üstüne Alžir garakçylary çozup, ol gämini ele salýarlar we Serwantes ýesir düşýär. Alžirli garakçylar Serwantesiň ýanyndaky korola iberilen haty görüp, ony bir baý uly wezipeli adamdyr öýdüp, onuň üçin köp pul aljak bolup, bäş ýyllap ýesirlikde saklaýarlar.
Serwantes birnäçe gezek ýesirlikden gaçmaga synanyşýar, ýöne ol synanyşyklar şowsuz gutarýar. Ahyrsoňy ony pul berip azat edýärler.
Watanyna gaýdyp gelip, Serwantes dürli wezipelerde işleýär. Goşun üçin galla ýygnaýjy, soň tölenmedik salgytlary alyjy bolup işleýär, emma jemgyýetiň puluny bir bankire ynanyp, şol puly sowanlygy üçin türmä düşýär. Şeýle kyn ýagdaýlara duçar bolan Serwantes ömrüniň soňky on bäş ýylyny garyplykda geçirýär, ýöne ol döredijilik işinde uly üstünlikler gazanýar. Şu döwürde ol teatr üçin pýesalar hem-de goşgular, öwüt‑nesihat häsiýetli nowellalar ýazýar.
1605-nji ýylda Serwantes «Don Kihot» romanynyň birinji ki-tabyny ýazyp neşir etdirýär. 1614‑nji ýylda Awelýaneda diýen bir adam bu romanyň «ýalan», galp dowamyny ýazýar. Serwantes bu hadysa-dan howatyrlanyp, 1615‑nji ýylda «Don Kihot» romanynyň ikinji kitabyny neşir edýär. Şonuň öň ýanynda 1613-nji ýylda Serwantesiň «Öwüt-nesihat beriji nowellalar» atly eserler ýygyndysy çykýar. «Don Kihot» romany Serwantesiň ähli meşhur bolan rysarçylyk romanlaryna tankydy ýaňsylama hökmünde ýazylypdyr. Ýazyjynyň özüniň ýazmagyna görä, onuň «Bu ýalan we ugursyz romanlary ýigrenmegi adamlaryň gulagyna guýmak» maksady bar eken. Sebäbi bir wagtlar orta asyrlarda edebiýatda söýgi, dürli başdan geçirmeler, gahrymançylyk temalarynyň meşhur bolmagyna itergi beren rysarlar baradaky romanlar XVI–XVII asyr durmuşyny görkezmekden ejiz gelýärler. Ýeke-täk söýgülisine wepaly rysaryň öz söýgülisine gowuşmak, onuň sylag-hormatyny gazanmak üçin alys ýurtlara gidip, uly edermenlikler görkezip, ýurduna dolanyp söýgülisine gowuşmagy ýaly sýužete eýerilip ýazylan romanlar Serwantesiň döwründe köp ýaýrap, meşhur bolupdyr. Ýöne buržuaz, söwda-satyk gatnaşyklaryň ösüp başlan döwründe rysarçylyk romanlary täze döräp gelýän kapitalistik jemgyýetiniň aýratynlyklaryna, jemgyýetiň maksatlaryna düşünip, olary görkezip bilmändir. Şol sebäpli Serwantes bu möwriti geçen žanry tankyt astyna alýar.
«Don Kihot» romanynda Lamança obasynda elli ýaş töweregindäki bir idalgonyň rysar romanlaryny köp okap, dälilik hetdine ýetip, täzeden rysarlaryň däplerini dikeltjek bolşy barada gürrüň berilýär. Onuň hakyky ady don2 Alonso Kehana bolsa-da, ol özüne Don Kihot Lamançaly diýen at dakýar. Ol özüniň ata-babalaryndan galan «Bütin asyrlar boýunça ýatdan çykyp, bir burça taşlanyp, pos iýip giden söweş geýimlerini arassalamak işine» girişýär. Don Kihot dört aýagy hem agsaýan, hor, lagar düşen atyna «Rosinant» diýip at dakýar. Ol özüne söýgüli gözläp, bir wagtlar özüniň aşyk bolan, goňşy obada ýaşaýan bir görmegeýje daýhan gyzy Aldonso Lorensony gaýybana saýlaýar we oňa Dulsineýa Tobosly diýip at dakýar. Sebäbi şol obanyň ady Tobos bolupdyr. Emma ol gyz Don Kihotyň özüni söýýänligini bilmändir we oňa hiç hili ünsem bermändir. Soňra Don Kihot ýoldaky bir kerwensaraýda şol saraýyň hojaýynyndan rysarçylyk patasyny alýar. Don Kihotyň ondan soňky ilkinji ädimleri, özüni alyp barşy adamlary geň galdyrýar. Malýatakda Don Kihotyň uzyn gije ýatman, ýarag‑esbaplaryny mallaryň suw içýän nowasynda goýup olary goraýşy we malyny suwa ýakjak bolup her gelen adam bilen uruşmagy, onuň töweregindäki adamlarda onuň sag däldigi baradaky pikiri döredýär. Serwantes bu kitabynyň ilkinji sahypalaryndan rysarçylyk romanlarynyň durmuş bilen hiç hili baglanyşygynyň ýokdugyny, şol romanlaryň ideýalaryndan ruhlanan we göýä şol romanlaryň sahypalaryndan çykyp, hakyky durmuşyň jümmüşine düşen keşp bolan Don Kihotyň üsti bilen görkezýär. Onuň diýýän sözleriniň, edýän işleriniň hakyky durmuş bilen hiç hili baglanyşygy ýok, şol sebäpli Don Kihotyň näme etjek bolýandygyna hiç kim düşünmeýär. Onuň aýdýan sözleri onuň daş‑töweregindäki adamlaryň aň-düşünjesine laýyk gelmeýär.
Rysarlyk patasyny alan Don Kihot indi adalat işlerini amala aşyrmaklyga girişýär. Andres atly 15 ýaşly çopan oglanjygy tokaýda hojaýynynyň elinden boşadýar. Emma Don Kihot gidensoň ol daýhan oglany agaja daňyp ýene-de ýençýär.
Don Kihotyň ýanynda hemişe onuň wepaly ýarag göteriji hemrasy bolan Sanço Pansa öz hojaýynynyň edýän işlerine tankydy göz bilen seredýär. Ol Don Kihot ýaly howaýy bir edermenlik ýa-da adalat üçin göreşmeýär. Ol ilki bilen öz garnyny doýurmagyň aladasyny edýär, uklamagy gowy görýär. Öz obadaşy Don Kihot oňa ilki duşanda «Basyp alan bir adamyza seni gubernator3 etjek» diýende derrew öýüni we aýalyny taşlap, Don Kihot bilen gitmäge razylaşýar.
Don Kihot we Sanço Pansa biri-birine meňzemeýän keşpler bolsalar-da, olaryň aýdýan pikirleri Täzeden Döreýiş döwrüniň ideýalary bilen utgaşyp gidýär. Don Kihot Sanço Pansa öwüt-nesihat berip: «Sen eger-de gowy işler etseň, saňa begleriň, senýorlaryň gözi gider» diýip, adamyň gelip çykyşynyň däl-de, onuň edýän işleriniň oňa at-abraý getirýändigini aýdýar. Päk ýürekli Don Kihotyň täsiri bilen ahyrsoňy Sanço Pansanyň hem häsiýeti üýtgeýär. Onuň kalbynda adalata, azatlyga we adamzada bolan söýgi döreýär.
Bu romanda Don Kihotyň keşbi Wilýam Şekspiriň «Gamlet» tragediýasyndaky dünýäde ýamanlygyň garşysyna göreşmegi ýüregine düwen Gamletiň keşbine meňzeş. Ol Gamlet ýaly işjeň hereket edýär. Ýöne onuň ýamanlyga garşy göreşi ýel degirmenleriniň üstüne äpet duşmanlardyr öýdüp çozuşy ýaly şowsuz gutarsa-da, her bir okyjy päk ýürekli, çaga ýaly sada Don Kihotyň kämil bolmadyk jemgyýetiň kemçiliklerini düzetjek bolup edýän hereketlerine duýgudaşlyk bilen seredýär we onuň maksatlarynyň, ýüreginiň päkligine düşünýär. Ömrüniň soňky bölegini Serwantes Madridde geçirýär. Ýazyjy 1616‑njy ýylyň 23-nji aprelinde aradan çykýar.

1Idalgo – Ispaniýada köşk gatlagyna degişli adam, dworýan.
2 Don – Ispaniýada “jenap” diýmek.
3 Gubernator – welaýat häkimi.

Romanguly Mustakow. Dünýä edebiýatynyň taryhy. Ýokary okuw mekdepleri üçin okuw kitaby. I kitap – Aşgabat.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2015 ýyl.

Edebiýat, Gurban93 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir