ENELER

(Hekaýa)

„Eneler jomartdyr, giňdir eneler...”
Gurbannazar Ezizow.
Bu waka 1950-nji ýyllaryň wakasy. Ony maňa Daňatar agaň özi gürrüň berdi...
Tuwak ejäň gelni Amansoltanyň ýene aýagy agyrdy. Ilki ilkijesi, soň ikinjisem
durmansoň üçünji bäbejigiň dünýä injek güni ýakynlaşdygyça içerde howsala
artýardy. Her gezeginde ölüp direlýän Amansoltana Tuwak ejäň has haýpy gelerdi.
Ol ikinji bäbekden soň „Guzym, beýdip janyňy orta goýma. Il gowudyr, ogulluk
alaýrys” diýibem gördi. Emma, sesini çykarmaýan gelniniň niýeti bäbekdedi.
Gaýnynyň bir aýdanyny iki diýdirmeýän Amansoltanyň bu meselede aýak
diremeginiň aňyrsynda enelik, öz bäbegiňi huwwalamak islegem ýatsa ýtýardy
welin, onuň çökder ýeri gelin bolup gelen öýüniň ýaýarwyny dowam etdirmek diňe
onuň özünden çözülmelidi. Agtyga gözüm düşse bolýar diýip dileg edip ýören
garrylaryň armany ähli zatdan agyr geljekdi.
Bularyň baryny terziň bir gapdalyna goýup, beýleki tarapyna-da öz janyny goýan
Amansoltan bu gezegem birinjisini saýlapdy. Üçünji däl, bäşinji gezegem bolsa ol
şony saýlamaga ýaýdanjak däldi. Adamsy Berkeliň şäherli tanyş lukmanlary geçen
gezek bäbege jan girenden Amansoltany telim barlagdan geçiripdiler. Ýöne dünýä
injek çagaň ogulmy-gyzdygynam öňünden görkezip duran, häzirki ýaly üýtgeşik
enjamlar o döwürlerde ýokdy.
Berkeliň özüniň aýal ugrundan bolmasa-da, käriniň lukmandygy ýagdaýy has-da
çylşyrymlaşdyrýardy. Indiki dünýä injegiň hatyrasyna häzirki ýaşap ýöreniň
janyny howp astynda goýmaga onuň razy bolasy gelenokdy.
Kakasy Sähet aga ýaşlaryň durmuşyna kän goşulmazdy. Pikirini aýdanda-da gaty
seresaplydy. Diňe ejesi: „Nalaja galan bolsak başga gep. Nalaja-da goýmasynda,
oglum. Biz öz ýanyndan bir zatlary hasap ederis, eýtsek eýle bolaýmasyn, beýtsek
beýle bolaýmasyn diýeris, ahyrynda-da nesibämizdäkini göreris” diýip, gelniniň
tarapyny çalardy. Berkeli içinden: „Mundan beterm nalaçlyk bolarmy?” diýse-de,
ejesiniň „nesibeli” gürrüňi onuň barja hasabyny bulaşdyryp, näçe gündür aňynda
aýlap ýören pikirlerinde ikirjiňlenmäge mejbur edýärdi. Üstesine-de göni gelen
ajalyň öňünde luknaçylygyň nähili ejiz gelýändigini lukman bolansoň göre-göre
gelýärdi.
Ýene içerde eneleriň diýeni boldy. Bu gezek Berkeli Amansoltana hiç zat
tabşyrjagam bolmady. Ol aýdylaýjak ownuk tabşyryklara aňryýany bilen
düşünýärdi. Tuwak eje-de gelniniň elini sowuk suwa urdurmazlyga çalyşýardy. Hatda öýdäki biş-düşe-de özi ýetişjek bolardy. Han gelinsiremek nire –
Amansoltanyň muňa gaýta kejebesi daralardy. „Enesi, beýtseňiz, men beter
bolýan” diýip, gaýnyna nägileligini aňdyrardy. Emma, Tuwak ejäňki ýürekdendi. Il
örmänkä hamyryny ýugrup basyryp goýýardy. Ilerki çeşmeden getirmeli suwy
bedireleň kiçirägi bilen iküç gatnap, özi getirerdi. Mal-garaň ýanyna-ha gelnini
öňem eltmändi, ind-ä asylam eltmeýärdi. Gözüne ullakan äýnegini dakynyp
elinden Magtymgulusyny düşürmeýän gaýn atasam elinden gelenjesini ederdi.
Odun-çöpüň ownugyraklaryny bölekleşdirip goýardy.
Öňki iki bäbekde-de özüni günäli ýaly saýýan, obaň göbekenesi Annagözel ejäňem
bir aýagy olardady. Her gezegem: „Geçip barýan, sowulaýdym” diýip gelerdi. Bar
aladasam Amansoltan.
- Gelin, göwrümiňi giň tutgun. Alla berjek bolsa derýasynda kändir. Bu yhlasyňa
ol senem boş goýmaz.
- Wah, enesi bir ýerde oturyp bilenok. Beýtseň erkeklerem aljyradýaň diýibem
çykdym. Çete çykýa-da aglaberýä...
- Haý gelin, sen bilmersiň oň çeken jebirlerini... Tutha-tutluk, açlyk. Kakasyny,
gaýyn atasyny bir günde sürgün etdiler. Durmadyk çagasynyň sanyny aýtsam
ynanmarsyň. Gaýnataňy urşa alanlarynda ýeke ogly Berkeli bilen galdy. Alla jan
beterinden saklasyn. Birim bar müňim bar diýip, saňa gözlerini dikip oturandyrlar.
Tüweleme şu gezek bäbegiň ugry düzüw. Inşalla, inşalla.
Şol arada gapydan giren Tuwak ejä söýünç bilen garap:
- Boýdaş jan, şu gezek Alla ýüzüňizi güldürjek ýaly – dýdi.
- Şeýle bolsun-da...
Tuwak eje bu gezek tas hemme kişiň gözüniň alnynda aglapdy. Emma bir ýerden
gelen gaýratyna daýanyp, gaýta ýylgyrdy, „Çaý äbereýin” diýdi. Ýöne Annagözel
ejäň şol gyssanmaçlygy. O planylaň gelninem görmeli diýip, uzak eglenmän çykyp
gitdi. Tuwak eje: „Annagözel bilýändir. Sen zady gaýgy etmegin. Berkelä-de
ýuwaşlyjak bilen aýdyp, onam begendiräý. Men aýtsam özünden tapýandyr diýer”
diýip, bu habara begenjinden näme işläp ýöreninem bilmän daşaryk çykdy.
Bäbegiň dünýä inmeli güni barha ýakynlaýardy. Annagözel eje näme diýse-de,
Amansoltan böwrüni diňlemesini goýanokdy, aladasy gün geçdikçe artýardy. Bu
gün onuň haly hasam beterleşdi. Berkeliň „Şäheriň bäbekhanasyna äkideýin”

Dowamy teswirde.

Awtory: Ylýas Amangeldi

Edebiýat, Gürgençli tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir