Gyzyl oguzlar


Teke türkmenleriniñ we beýleki türkmen şejere shemalarynda ady Gyzyl göz diýip geçen şejere urugy hakda bilmeýän az bolsa gerek. Biziñ pikirimizçe şol söz aslynda ''Gyzyl oguz'' bolmaly. Arap grammatikasynda oguz sözüni guz diýip belgiländikleri üçin türkmen terjimeçileri şol sözi ''göz'' diýip türkmen şejeresine belläpdirler. Şondan bärem ol at şejerede ''Gyzyl göz'' diýip ýalñyş okalyp gelinipdir. Sözümize tutaryk hökmünde Juma Ataýewiñ ''Dört delil'' makalasyny ýatladasymyz gelýär. Juma Ataýew Magtymgula salgylanmak bilen şeýle goşgyny derñeýär:

Ol kimdir bakyda bir röwşen göz bar,
Öñünde manysy dört müñ dört ýüz bar,

Bolmalysy:

Ol kimdir bakyda bir röwşen Guz bar,
Öñünde manysy dört müñ dört ýüz bar,

Ýagny taryhda ötüp geçen Oguz hany tanatmak islän Magtymguly Pyragy öz goşgy setirlerine Oguzy arapça ''Guz'' diýip ýazypdyr. Belli bolşuna görä bu ýerde-de şejerede-de şolar ýaly säwli ýalñyşlyklary düzedip okasak ýerlikli boljak. Asyl maksadymyz bolsa bu däl-de Gyzyl oguzlar hakda gysgaça maglumat berip okyjylary tanyşdyrmakçy. Gyzyl oguzlar hakda Soltanşa Atanyýazowyñ ''Şejeresinde'' bolsa şeýleräk maglumatlar bar: '' Bu etnonimiň ýüze çykyşy we manysy barda birnäçe çaklama öňe sürülýär. Olaryň esasylaryny ýatlap geçeliň.
1.Köp alymlaryň (A.A.Roslýakowyň, S.Agajanowyň) tassyklamaklaryna görä, bu taýpa öz taýpabaşysynyň adyny göterýär. Görnükli seljuk serkerdesi Togrul begiň gaýyny Gyzyl ibn Ýahýa XI asyrda ençeme türkmen taýpa-tirelerini daşyna üýşürýär. Bu ile Gyzyl ili diýen at berilýär. Soňra bu at gysgalyp, Gyzyl görnüşine geçýär. Ýöne Ärsary, Atatürk ýaly şahslara degişli taýpasynyň ýa-da halkynyň etnik adynyň dakylyşy ýaly, Gyzyla-da gyzyl taýpasynyň adynyň geçen bolmagy mümkindir.
2.Dilçi alym N.A. Baskakowyň pikirine görä, türki etnonimiýada gyzyl sözi (edil ak, gara, gök sözlerinde bolşy ýaly) tarapyň adyny aňladýar. Meselem, gadymy uýgurlar günorta oguzlara, otparazlar (buddistler) bolsa günbatar oguzlara gyzyl oguz diýip at beripdirler.
3. Biziň pikirimize görä, gyzyl etnonim oguz sözüniň gysga görnüşi bolan gyz-guz sözünden we köplügi bildirýän –yl (-l, -al, -el) goşulmasyndan durýar. Bu goşulma şagal, badal, bedel ýaly türkmen etnonimlerini ýasamaga hem gatnaşýar'' diýilýär.
Käbir çeşmelerde Gyzyl oguzlar hakda başga-da gyzykly maglumatlar bar. Gyzyl oguzlar XI asyryñ başlarynda Hazar deñiziniñ günortasynda Tähran, Tebriz, Kazwin, diýilýän çäklerde ýaşapdyrlar. Ildeñiz hökümdary Arslan şanyñ ogly Gyzyl begiñ oýmaklaryna şol at berilipdir. Malazgirt söweşinden soñ Kelkit diýilýän ýeri ele geçiripdirler.
Seljuklylar tarapyndan eýelenen (häzirki atlary) Tokat, Amasýa, Konýa, Ankara, Aýdyñ, Ballykesir, Bolu, Kastamonu we Sinop töwereklerinde mekan tutunyp oturupdyrlar.
Häzirki wagtda Türkiýe respublikasynda Reşadiýe diýilýän ýerlerde Gyzyl Ahmetliler atly bir begligi gurdylar. Myrat II döwründe Gyzyl ogly Ahmet begiñ öldürilmegi bilen çar tarapa dargapdyrlar.
Ýurdumyzdaky Gyzyl oguzlar bolsa Keýmir körüñ serkerdesi Gyzylgözden gaýdýan il hökmünde rowaýat edilip dilden-dile geçip türkmen şejeresinde ady ýazylypdyr.
Türk ýazyjysy Hüseýin Tekinogly ''Gyzyl Oguz'' atly eserinde Mustapa Kemal Atatürküñ asly Gyzyl Oguzlardandygyny belläpdir. Türk dosenti Aly Güzeriñ ýazan ''Garamandan Gojajyga Gyzyl Oguzlar, Atatürküñ asly " atly kitabynda hem şoña meñzeş gyzykly maglumatlary tapsa bolar.

Bilim, Jeksparro tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir