Pul diýeniň eliň kiri ýalydyr,
Bir gün el ýuwarsyň, gider diýdiler.
Pul diýeniň dünýäň mekru-alydyr,
Azaşdyryp, pida eder diýdiler.

Pul gezegen gelin ýaly diýdiler,
Haýyp bolar hallan atyp gözläniň.
Bu gün seni beýhuş edip söýdürer,
Ertir goltugyndan çykar özgäniň.

Pul duşmandyr! - Akyl berer akyldar,
Muzduna uzatsaň ýekeje teňňe.
Dünýäde pul hakda akyl satylýar,
A alaýyn diýsem, pul ýok-da mende.

Gün bir tylla, barýar gögüň ýüzünden,
Aý kümüş pul, barýar gögüň ýüzünden.
Dünýäniň baýlygy dünýäde galar,
Baýam bolmaz munda göwün ýüwürden.

Kime gujak gerip baýlygyň berdiň,
Kimden ýüz öwürip - paýhasyň dünýä?!
Göz ýetirdim tylla ekeni gerbiň,
Pul ekeni seniň baýdagyň, dünýä!

Awtory Nobatguly Rejebow.

Edebiýat, Gurban93 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir