Milýon gezek her gün diñe sen hakda,
Oýlanýanymy bilýänem dälsiñ.
Bulaşyk pikirleñ gurbany bolup,
Gamlanýanymy bilýänem dälsiñ.

Gijeler ukusyz,düýşümde görüp,
Gündizler hyýalña gujagmy gerip.
Dilimden adyñy düşürmän diýip,
Samraýanymy bilýänem dälsiñ.

Aýap duýgymy açylan güllerden,
Syrym gizläp görüplerden,dillerden.
Kä ýarym bildirmän halyñ illerden,
Soraýanymy bilýänem dälsiñ.

Elbetde göresim gelýär gözlerñi,
Ol gözler heýem gussa dözlermi?!
Hic kime diýmedik pynhan sözlermi,
(Señ ücin kalbymda)
Goraýanymy bilýänem dälsiñ.

Şagül Dovadova.

Çesme: duralga.ru

Tehnologiýa, ulykazy tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir