Ra (Müsür tañrysy)


Müsüriñ keramatly tañrylarynyñ biri hem Radyr. Ol müsürlileriñ gün tañrysy hasap edilipdir. Keramatly merkezi Geliopolisdir. Onuñ kellesiniñ üstünde disk şekilli günüñ bolmagy megerem şol sebäpdendir. Onuñ kellesi bürgüt (şahyn) şekilli, adam sypatly bolupdyr.
Köneki tañrylaryñ biri Atum bilen bir hökmünde görülip IV dinastiýa döwründe döwletiñ tañrysy bolupdyr.
Kefrenden başlap faraonlar onuñ neslinden gelendiklerini yglan edipdirler.
Soñ-soñlar Rany Osiris bilen baglanyşdyrylypdyr. Osirisden soñra Set Osirisi öldürip häkimýet başyna geçipdir.
Setden soñ kakasynyñ aryny alyp Horus faraon bolupdyr. Horus bilen baglanyşdyryp Rahorus adyny alypdyr.
Gün Ranyñ nyşanydyr. Bütin wujudy ýa-da gözüni gün bilen baglanyşdyrypdyrlar. Poýenikse meñzeş bir aýratynlygy bar, her gün irden oduñ içinden täzeden dogulýar.
E. A. Wallis Budgeniñ pikiriçe görä Ra Müsüriñ ýeke täk tañrysy (monteýizm) bolupdyr. Beýleki bütin tañrylar we zenan tañrylar Ranyñ bölegini emele getirýärdiler.
Biziñ eramyzdan öñ 2400-nji ýyllarda tañry diýlip yglan edildi soñra bolsa Amun bilen birleşip Amunra hökmünde tanalmaga başlady.
Ra beýleki tañrylardan has asyl kökden ybaratlygy sebäpli beýleki tañrylara emir berip dolandyryjy bolandygy hakda aýdylýar. Amonra iñ güýçli tañry bolup Müsüri bir teokrasiýa öwürýär. Atom Güni batyrmaga güýji ýetendigi üçin Radan soñky gelen tañry diýlip çaklanylýar.
Kepri ㅡ Güni hereket etdiren tañry bolup, olam Ranyñ bir bölegi boldy.
Amonranyñ kimligi grek we rim mifologiýalaryndaky Ýupiter bilen deñ görülipdir. Zewsiñ şäheri Diospolis; Febeýa baglydy. BiziN eramyzdan öñki XIV asyra çenli şol bir şekilde bar bolan Ra Akenaton döwründe Aten ýeke tañry ynanjyna geçeninden soñ tañrylyk güýjüni ýitiripdir.
Şondan öñ Ra her wagt ýeke tañry hökmünde görülýärdi. Ra ylahy (biziñ eramyzdan öñki 1370-nji ýyllarda) panteýizm düşünjesinde Ra köptañryçylygyñ söweşini añladýardy. Tañrylaryñ hemmesi aýry tañry hökmünde däl-de Ranyñ bir bölegini añladýardy.
Muña mysal edip şu aşakdaky ýazgylary getirýärin: ''Şükürler bolsun Ra (tañra); Güýji ýaradan Amentiñ amallarynyñ içine giren, serediñ Temunyñ wujudyna''. ''Şükürler bolsun ol Ra daga. Güýji ýaradan Anubisiñ gizlin ýerlerine giren, serediñ Keperanyñ wujudyna''.
Ra her gije Duata geçmek üçin hökmürowanlyk gaýygy bilen ýolçulyga çykar eken. Duat diýmek o dünýä diýmekdir.
Dañ atanda Atet, öýleden soñ Sektet ýoldaşlyk eder eken. Maat, kaos antitezinde; gaýygyñ gitjek ýolyny aýdyñlaşdyrardy. Aýyñ nyşanyna eýe bolan Tot hem ýoldaş bolupdyr. Horusuñ ýanynda gijelerine garaşardy. Birnäçe beýleki tañrylar bu gaýyk bilen birlikde ýoldaş bolupdyrlar. Mehen gaýygy garañkylykdaky janly-jemendelerden gorar eken. Ilkinji mifologiýada Set gaýygy goranda Apep oña hüjüm edýär. Ýöne mifologiýanyñ soñralarynda şeýtan hökmünde görülýär we Tot Set şeýtanyna garşy gaýygy goraýar. Günüñ tutulmagyna hem gaýygyñ goragsyz hala gelendigine ynanylýar eken.

Bilim, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir