Anubis (Müsür tañrysy)

Gadymy Müsür eýýamyny gorka salan tañrylaryñ biri hem Anubisdir. Ony hyýaly oýlap tapylan hasap etselerde Anubis çokundyryjylar (ruhanylar) tarapyndan hakyky Müsür tañrysy hasap edilipdir.
Anubise başgaça Anpu hem diýlipdir. Antiki Müsür mifologiýasynda aýdylmagyna görä ölümiñ tañrysy bolupdyr. Başga bir Müsür tañrysy bolan Set bilen durmuş gurup Nepthis we Osirisiñ ogly bolupdyr. Möjekleriñ mazarlaryñ töwereginde ygyp ýörmekleri sebäpli möjek kelleli Anubis ölüm bilen baglanyşdyrypdyrlar.
Soñra Set tarapyndan öldürilen Osirisi mumiýalany üçin mumiýalamaklygyñ tañrysy bolupdyr.
Onuñ etmeli işi bütin ölüleri goramak we olary beýige çykarmak bolupdyr. Şol sebäpden mumyýalaýjy kişiler Anubisiñ maskasyny dakynyp ölenleri mumiýalaýan ekenler.
Ölen adam o dünýede günä ýöñkelýärkä Anubis oña kömek edipdir. Anubis o dünýede ölüleriñ penakäri hem ölüler diýarynyñ hojaýyny bolupdyr. Anubis tañrylaryñ arasynda iñ gorkunjy we gorky beriji hökmünde tanalypdyr. Ölüleri täzeden dünýä ýüzüne ugratmaga hem ygtyýary bolupdyr diýibem çaklanylýar. Onuñ ýüzünde şagalyñ salan ýarasy bar.
Anubisiñ aýak yzlary mazarlygyñ daş töwereginde görülipdir. Gadymy müsürlileriñ ynanjyna görä Anubis mazarlary gorap saklaýar eken. Şol sebäpden mazar otaglarynyñ girelgelerinde Anubisiñ heýkelleri goýulupdyr.
Anubis ölüleriñ ruhyny dartyp alar eken.
Onuñ terezisinde ölüniñ ruhuny hasaba çekip adalatlylygyñ zenan tañrysy Maatyñ tüýüni goparyp alýar. Gowy adamynyñ ýüregi tüýiñ ýanynda üstün gelip ölüniñ ruhuny gök ýüzüne göterilmegine kömek eder eken.
Eger erbetlik eden biri bolsa tüý terezä agram salyp şol adamynyñ ruhy ýerasty diýara ugradylýar eken.
Bu hem soñsuz azap diýmekdir.
Anubis Osirise ahyrýete gitmelileri aýyl-saýyl etmäge kömek edipdir.
Anubisiñ şekilini gara möjek kelleli, ýa-da möjege meñzeş it (köpek) kelleli, uzyn saçly, adam gözli, adam sypatynda janlandyrypdyrlar. Onuñ şekilleri Müsür ybadathanalarynyñ ýa-da piramidalaryñ diwarlarynda merhumyñ başynda egilip duran ýagdaýda ýa-da dik durup faraonlar bilen şertnama baglaşylan görnüşde teswirlenipdir.

Bilim, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir