(1850-1894)

Neoromantizm akymynyň iň görnükli wekilleriniň bir bolan Robert Luis Stiwenson 1850-nji ýylyň 13-nji noýabrynda Şotlandiýanyň Edinburg şäherinde eneden dogulýar. Onuň kakasy maýak gurluşygy boýunça inžener bolupdyr. Stiwensonyň özi hem okap, inženerçilik hünärini ele alýar. Stiwenson ýaşlygynda inçekesel bilen keselläp, köp wagtyny düşekde geçirmeli bolýar. Şonda enekesiniň gürrüň berýän rowaýatlaryny, ertekilerini diňläp, onuň edebiýata bolan höwesi artypdyr. Onuň söýgüli ýazyjysy Walter Skott eken.
Stiwenson ýaşlyk döwründe köp syýahat edipdir. Ol Belgiýa we Fransiýa syýahat edende, Fenni Osborn atly, 1840-njy ýylda Amerikada doglan, üç çaganyň enesi bolan zenan bilen tanyşýar we oňa aşyk bolýar. Ol aýal ärinden resmi taýdan aýrylyşandan soň, Stiwenson oňa öýlenýär. Stiwensonyň öz çagalary bolmandyr. Emma ol Fenniniň çagalaryny gowy görüpdir. Ol öz eserleriniň käbirini şol çagalar bilen ara alyp maslahatlaşyp ýazypdyr.
Fenni Osborn Stiwensondan on ýaş uly bolsa-da, olar Samoa adalaryna gidip, ol ýerde bagtly ýaşapdyrlar. Samoa adasynyň ýerli halky Stiwensony gowy görüp, oňa «Tuzitala» («hekaýa gürrüň beriji») diýip at beripdirler. 1894-nji ýylda Stiwenson aradan çykanda ony Samoa adasyndaky iň beýik dagyň depesinde jaýlapdyrlar.
Stiwensonyň döredijiligine iňlis ýazyjylary Defo, Walter Skott we rus ýazyjysy F.M.Dostoýewskiý güýçli täsir edipdir. Onuň «Markheým» (1885) atly hekaýasynda «jenaýat we jeza» temasy açylyp görkezilýär. Garyplara kömek edip, gowy, sahawatly adam boljak bolup, Markheým gadymy zatlary satýan dükançy-satyjyny öldürýär, ýöne ol alan pullaryny, baýlygyny ulanyp bilmeýär. Ol öz jenaýatynyň üstüniň açylaryndan gorkup, ahyrsoňy antikwaryň hyzmatkärine polisiýany çagyrmagyny soraýar we dükançyny özüniň öldürendigini boýun alýar.
Adamyň tebigatynda, aňynda ýagşylyk we ýamanlyk meýilleriniň göreşi ýazyjynyň «Doktor Jekiliň we mister Haýdyň täsin taryhy» (1888) atly powestinde bir adamyň iki keşbe bölünişiniň üsti bilen görkezilýär.
Doktor Genri Jekil wagtal-wagtal örän rehimsiz girdenege öwrülýär. Mister Haýdyň edýän jenaýatlary kem-kemden doktor Jekiliň ähli gowy häsiýetlerini ýok edýär we onuň ölümine sebäp bolýar.
Stiwensonyň «Hazynalar adasy» (1883), «Çägelikdäki öý» (1880), «Gara peýkam» (1888), «Ogurlanan» (1886), «Katriona» (1893) we başga-da birnäçe romandyr powestleri uly meşhurlyk gazanýar.

Romanguly Mustakow. Dünýä edebiýatynyň taryhy. Ýokary okuw mekdepleri üçin okuw kitaby. II kitap – Aşgabat.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2017 ýyl.

Edebiýat, Gurban93 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir