Balzak özüniň «Şagren derisi» atly romanyny «Meniň ähli işimiň başlangyjy» diýip häsiýetlendirýär. Romanyň baş gahrymany Rafael de Walanten iň soňky puluny kart oýnap utdurýar. Ol Sena derýasynyň köprüsiniň ortasyna ýetende, gamgyn halda derýanyň suwuna seredýär. Onuň kellesinde özüni derýa taşlap gark bolmak pikiri döreýär. Şonda eginbaşy sal-sal bir garry aýal oňa: «Howa gark bolmaga amatly däl. Sena hapa we sowuk» diýýär. Soň Rafael «Gündiziň güni ölmek betgelşik, gowusy gije ölmeli» diýip pikir edýär. Soň ol ýoluny dowam edip ýöräp barýarka ýoluň gyrasynda goýlan kitaplary görüp, olary bahaladyp görmek üçin jübüsine elini sokanda jübüsinde birnäçe teňňe pulunyň barlygy onuň ýüreginde umyt uçgunlaryny döredýär. Ol pullaryny çykaryp görse, hersi iki su 2 gymmatly üç teňňesi bar eken. Olary bir gedaý oglana berip, bu töweregindäki aladaly dünýäni ýatdan çykarmak üçin, Rafael gadymy zatlar satylýan dükana girýär. Dükançy garry oňa Gündogardan getirilen tumary, şagren derisini berýär. Ol deriniň ýüzünde arapça: «Men seniň eliňdekäm sen ähli zada eýe bolup bilersiň, ýöne seniň ömrüň maňa degişlidir, hudaýyň emri şeýledir. Isle, seniň islegleriň ýerine ýeter. Ýöne islegleriňi ömrüň bilen ölçe» diýlip ýazylypdyr.
Deriniň ýüzüne ýazylan soňky sözlere görä, oňa eýe bolan adam näçe köp arzuw-isleg bildirse hem, ähli arzuw-islegler berjaý bolýar, emma şonça-da deri kiçelýär we adamyň ömri gysgalýar. Emma bar pullaryny kartda utduryp, özüni heläklemek halyna ýeten Rafael indi bu derä begenýär we öň ýetip bilmedik arzuwlaryna ýetmek isleýär.

Rafael toý-meýlislerde bolmak, owadan zenanlar bilen döwran sürmek we şady-horramlykda keýpi-sapa çekmek ýaly isleg-arzuwlar bilen ýaşaýar. Şonuň üçin ol: «Şeýlelik bilen, men bu ýowuz, tukat güýje meniň üçin ähli şatlyklary birikdirmegi buýurýaryn. Hawa, men ýerdäki we asmandaky lezzetleriň baryny gujagyma gysyp, soň ölesim gelýär» diýip, derini şatlyk bilen garrydan alyp, köçä çykýar.
Köçede ol Emil, Taýfer atly dostlaryna duşýar we olar täze gazet çykarmagy ýüregine düwen bir bankiriň öýünde boljak meýlise gidýärler. Rafael, Emil, Taýfer ol ýerde keýp çekýärler. Olar Akilina we Ýewfrasiýa atly iki zenan bilen tanyşýarlar, dürli temalardan gürrüň edýärler. Ol gürrüňler haýyrly işler ýa-da gowy maksatlar barada däl. Bu ýaş ýigitler we zenanlar durmuşdan lapykeç bolupdyrlar. Şol sebäpli olaryň bar maksady şu günki pursat bilen ýaşamak. Şol gürrüňleriň arasynda olaryň her haýsysynyň öz geçmiş durmuşy barada gürrüň berilýär.
Ýewfrasiýa atly owadan zenan: «Meni miras goýlan baýlygym bolmany üçin söýgülim taşlady. Emma men öz söýgülimi eklejek bolup, gije-gündiz işleýärdim. Indi meni hiç kim ýylgyrmak ýa-da wadalar bilen aldap bilmez, men öz durmuşymyň tutuş, dynuwsyz baýramçylyk bolmagyny isleýärin» diýip, öz durmuşy barada gürrüň berýär.
Emil Akilinadan «Sen geljek barada näme pikir edýärsiň?» diýip soranda, ol: «Geljek? Siz nämäni geljek diýip aýdýarsyňyz? Men entek ýok zat barada pikir edip näme edeýin? Aý, ýok, bilýärin, biziň geljegimiz hassahana» diýip aýdýar.
Şeýle gürrüňleriň arasynda Rafael Emile özüniň durmuş taryhyny, ýagny kakasynyň ony hukukçy edip ýetişdirjek bolup, ony ýigrimi ýaşyna çenli berk düzgünde saklap okadyşyny gürrüň berýär. Ol hatda kakasynyň öýünden gaçjak hem bolupdyr, emma ony gorky saklapdyr. Ol dürli arzuwlar bilen ýaşaýar.
Bir gezek Rafael kakasy bilen onuň dosty gersog de Nawarranyň öýüne meýlise, bala barýar. Rafaeliň kakasy bir sebäp bilen öz gapjygyny we açaryny Rafaele berýär. Rafael bir perdäniň aňyrsyna geçýär-de, gapjygy açyp, pullary sanap görýär. Ýüz ekýu pul, uly pul. Ol ýüzlerçe meýilleri kellesinde aýlaýar. Soňra iki sany ýigrimi franklyk puly alyp, jübüsinde gizleýär we gapjygy jübüsine salýar. Soňra ruletka 3 oýnalýan ýere baryp puluny oýna goýýar. Şol wagt hem kakasy duşundan geçýär. Rafael ak-tam bolýar. Sebäbi şol orta goýlan puly ol kakasynyň gapjygyndan alypdy. Şol wagt ol özüniň utandygyny eşidýär. Şu pursatda Rafael özüni ölüm jezasyna höküm edileniň günäsiniň geçileni bilen deň görýär.
Netijede, Rafael bir ýüz altmyş frank utýar we olary assyrynlyk bilen elýaglygyna dolaýar we jübüsine salýar. Kakasy: «Ol ruletka oýnaýanlaryň ýanynda näme işlediň?» diýip soranda, ol: «Hiç zat, ýöne seretdim» diýip jogap berýär. «Eger-de sen biraz pul goýup oýnanyňda-da, seniň ýaşyňda bolup biläýjek zat. Indi men saňa her aýda ýüz frank bererin. Sen ýigrimi ýaşyňda, ol puly nämä sowasyň gelse, sowarsyň» diýýär (Rafaeliň ejesi ol on ýaşyndaka aradan çykypdyr).
Birnäçe wagtdan soň Rafaeliň kakasynyň emlägi, mülki täze häkimiýetiň düzgüni boýunça elinden alynýar we bu ýagdaýa ýüregi çydaman kakasy ölýär. Şeýdip, 1826-njy ýylda Rafael ýakyn dosty bolan kakasyny ýitirýär. Üç aýdan soň Rafael bir müň bir ýüz frank pul bilen galýar. Onuň indi hiç kimi ýok. Baý garyndaşlary bar bolsa-da, ol garyplygyndan nalap, olardan kömek soramagy özüne kiçilik bilýär. Kakasynyň berk düzgün bilen beren terbiýesi onuň özüne bolan ynamyny, özbaşdaklygyny gowşadýar. Indi ol özbaşdak hereket edip, jemgyýetde öz ornuny tapmaly.
Rafael indi söýgi, bir ajaýyp gözele duşmak barada arzuw edýär. Emma ol näçe jan etse-de, ony hiç kim söýmeýär. Şonda ol ähli zenanlaryň özüni söýmegini gazanjakdygyna kasam edýär. Onuň arzuwlaýan ajaýyp zenany oňa duşýar. Onuň ady Fedora, emma birnäçe duşuşykdan soň ol Rafaeli söýmegini bes edýär-de, başga kişilere göwün berýär. Fedora baý, ýeke, lezzetde ýaşamagy gowy görýär. Oňa nika, maşgala, çaga gerek däl. Rafael ýaly garyp ýigidi bolsa ol asla söýmek islemeýär, ol oňa ulumsylyk bilen seredýär. Şeýle ýagdaý Rafaeli köp işlemäge, ýazýan eserleriniň ählisini gutarmaga mejbur edýär. Ýazan eserleri üçin dört ýüz elli frank galamhaky alyp, Rafael karzlary bilen üzlüşýär. Soňky galan ýigrimi frank puluny bolsa kartda utdurýar we şondan soň özüni öldürmegiň kül-külüne düşýär...
Şeýle başdan geçirmelerden soň ähli islegleri kanagatlandyrýan jadyly şagren derisine eýe bolan Rafael indi baý durmuşda, hiç zada zar bolman ýaşaryn diýip pikir edýär. Dogrudanam, şol meýlisiň ertesi ol ejesiniň dogany maýor O’Flaýertiniň aýaly hanym Warwara-Mariýa O’ Flaýerti diýen baý aýalyň Kalkutta şäherinde goýup giden mirasyny alýar. Uly baýlyga eýe bolan Rafaeli indi baýlyk gyzyklandyrman, onuň şagren derisiniň kiçelenini-kiçelmänini bilesi gelýär. Ol derini öňküsi gün salfetkada ölçäp çyzan ölçegine deňäp görýär we tisginip gidýär. Görse deri kiçelipdir. Indi Rafael öňünde hiç zady görmeýär: «Dünýäň baýlygy oňa degişli, ol hemme zady edip bilýär, emma ol indi hiç zat islemeýär». Sebäbi indi onuň öňünde «Ölüm» diýen söz görünýär. Şonuň üçin ol «men isleýärin» diýen sözleri aýtmagy öz töweregindäki adamlara gadagan edýär. Ýöne şagren derisi gitdigiçe kiçelýär.
Ahyrsoňy ýarawsyz ýatan Rafael özüni görmäge gelen Polina atly ajaýyp gyzy görüp, ilki oňa gitmegi buýurýar, sebäbi ol bu gyzy söýýär. Şonuň üçin ol «men seniň gujagyňda bolmak isleýärin» hem diýip bilmän, Polinanyň tenini dişläp ölýär.
Balzak bu eserde her bir adamyň öz isleg-arzuwlaryny çäklendirmese, heläk bolup biljekdigini aýdýar. Sebäbi mümkinçilikden daşary bolan arzuw-islegler adamy jenaýata, heläkçilige iterýär. Şeýle-de bu romanda Balzak fransuz jemgyýetiniň içki ruhy durmuşyny görkezýär. Parižiň baý öýlerinde ýaş ýigitleriň, gyzlaryň, zenanlaryň diňe pul, baýlyk, keýpi-sapa kowalaşmak ýaly pikirler bilen ýaşaýandygyny beýan edýär. Bu ýaşlar esasan dworýan, köşk gatlagynyň adamlary. Rafaeliň hem «de Walanten» adynyň üsti bilen onuň tohum-tijiniň imperator Walantenden gaýdýandygy nygtalýar. Şol sebäpli olaryň gürrüňleri hem önümçilik, maldarçylyk, ekerançylyk ýa-da söwda-satyk ýaly haýyrly işler barada bolman, diňe toý-meýlisler, baýlyk, pul, aýal-gyzlar bilen wagty hoş geçirmek barada bolup geçýär.
«Şagren derisi» romany romantiki akymyň tärlerine, äheňlerine laýyklykda ýazylan eser bolsa-da, Balzagyň beýleki realizm usulynda ýazylan eserlerine girelge, gapy bolup durýar, sebäbi eýýäm bu eserde jadyly deri, tötänleýin baýlyga eýe bolmak, beýleki syrly wakalar bilen bir hatarda Parižiň baý gatlagynyň keýpi-sapa kowalaşyp wagt geçirişi realistik usulda suratlandyrylýar. Şeýle-de, Balzagyň geljekde ýazjak «Adamzat komediýasy» romanlar toplumynyň gahrymanlary Rafaeliň gurşawynda görkezilýär. Taýfer, Rastinýak we başga-da birnäçe ady agzalýan gahrymanlaryň keşpleri soňra Balzagyň beýleki romanlarynda öz beýanyny tapýar.

1 Şagren derisi – geçiniň, goýnuň, atyň ýörite eýlenen büdür-südür ýumşak derisi.
2 Su – fransuz pul birligi.
3 Ruletka – pul goýlup oýnalýan humarly oýun.

Romanguly Mustakow. Dünýä edebiýatynyň taryhy. Ýokary okuw mekdepleri üçin okuw kitaby. II kitap – Aşgabat.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2017 ýyl.

Edebiýat, Gurban93 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir