Italiýada 1821-nji ýylda karbonariýleriň1gozgalaňy bolup geçýär. Stendal Italiýada bolanda şol gozgalaňçylara duýgudaşlyk bildirendigine günä ýöňkelip oňa Italiýadan gitmeklik buýrulýar. Ýazyjynyň Italiýada bolmagy onuň döredijiliginde çuňňur yz galdyrýar. Onuň ‘‘Wanina Wanini“ nowellasynda karbonariýleriň rewolýusion hereketi bilen baglanyşykly wakalar suratlandyrylýar.
Nowellanyň baş gahrymany ýaş ýigit Pýetro Missirilli bir tanymal baý aristokratyň öýünde gizlenýär. Şol ýerde ol Wanina Wanini bilen tanyşýar.
Petro Missirilli aristokrat Azdrubale diýen baý adamyň öýunde ýaralanyp gizlenýär. Knýaz Azdrubale ol karbonariýe özi iýmit, derman berip kömek edýär we köşgüniň dördünji gatynda bir otagda saklaýar. Onuň gyzy Wanina bir gün görme-görüşe gidip gaýdyp gelende tötänleýin atasynyň şeýle alada bilen gulplan otaglarynyň biriniň äpişgesiniň açykdygyny görüp haýran galýar.
Ertesi gün Waninä şol otagyň kiçijik gapysynyň açaryny ele salmak başardýar. Soň şol otaga girip, şol ýerde bir ýaraly aýalyň ýatandygyny görýär. Onuň bilen tanyşýar. Ol aýal özüni Klimentina diýip atlandyrýar, ýöne soň adynyň Petro Missirillidigini, özüniň rewolýusioner-karbonariýdigini boýun alýar we bir ýoldaşynyň kömegi bilen aýal eşigine girip, türmeden gaçandygyny, soň Waninanyň kakasynyň dosty grafinýa Witelleskiniň bagyna baryp ýykylýandygyny we ol aýalyň Petrony Knýaz Azdrubaleniň paýtunyna mündürip iberendigini we žandarmlardan halas edendigini birin-birin Wanina gürrüň berýär. Şeýdip, Petronyň we Waninanyň arasynda tanyşlyk we mähirli gatnaşyklar başlanýar. Petro dört aý Waninaň öýünde gizlenip ýaşaýar biri-birini tüýs ýürekden söýýärler. Emma soň Petro öz göreşini dowam etdirmäge Romanýe şäherine gitmekçi bolýar.
Wanina ony söýändigini aýdyp, Petro Missirillä bile durmuş gurmagy teklip edýär. Emma Petro onuň teklibbini ret edýär we watanyň azatlygy üçin göreşjekgigini aýdýar.
Bu nowellada Wanina öz söýgüsi üçin Petronyň gizlin toparynyň belli ýerde ýygnanyşýandygyny žandarmlara habar berýär. Dokuz adamy žandarmlar tutup türmä salýarlar we dokuz adama gaçmak başardýar. Wanina Petrony öýünde gulplap goýup, onuň adyny sanawda görkezmeýär. Bir ýoldaşyndan Petro öz toparyndan dokuz adamyň tutulandygyny eşidip, özüni ýoldaşlary dönük hasaplar öýdüp, žandarmlara özüni tabşyrýar.
Wanina Liwio Sawelli dýen ýigide dumuşa çykmaga razyçylyk berýär, ýöne soň ol teklipden boýun gaçyrýar.
Wanina Petrony türmeden çykaryp onuň bilen durmuş gurjak bolýar. Ýöne Petro onuň öz ýoldaşlaryny žandarmalara satandygyny bilip, ondan bütinleý ýüz öwürýär.
Wanina Rime gaýdyp baryp, knýaz Liwio Sawellä durmuşa çykýar.
Petro Missirilliniň keşbini üsti bilen ýazyjy öz watanyny, halkyny, aztlygy söýýan batyr şahsyýeti görkezýär. Ol watany, ýoldaşlary üçin söýgülisinden ýüz öwürýär, Wanina bolsa diňe şahsy durmuşy barada pikir edip, Petronyň on dokuz adamdan durýan toparyny öz bähbidi üçin gurban edýär

1 Karbonariýler –XIX asyrda Italiýanyň azatlygy üçin göreşen guramanyň ady, «karbonariý» – «kömür gazyp alýan işçi» diýmegi aňladýar. Şol guramanyň agzalarynyň aglaba bölegi kömürçiler bolany üçin, olara karbonariýler diýip at beripdirler.

Romanguly Mustakow. Dünýä edebiýatynyň taryhy. Ýokary okuw mekdepleri üçin okuw kitaby. II kitap – Aşgabat.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2017 ýyl.

Edebiýat, Gurban93 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir