Ýüp bilen çekýärin her kanikuly,
Münýän uçarymyñ ugry Aşgabat.
Gelip Paýtagtyma gözümi dikýän,
Üýtgemändir, binalardan başga zat.

Tiýatrlar, barlar, mermer binalar,
Ünwersitetler, muna öñem görüpdüm,
Elli müñ dollarmyñ bolmany üçin,
Kän gezekler gapysyndan dönüpdim.

Köçeden bir ulyñ geçýäni üçin,
Köçeleriñ ýüzde altmyşy ýapyk.
Awtobusda derläp Wogzala geldik,
Paýtagtyñ daşyny aýlanyp çykyp.

Ïne ahyr soñy şol uly Wogzal,
Dynman eken, geçen ýylky oçurum.
Özüm owarramla, şu mamalar bar,
Umyt bilen biledine garaşýar,
Ýenede on günden gitjek poýuzuñ.

Kassadaky bolsa,telefon bilen,
Bir serýalyñ gahrymany gürrüñi,
"-indiki bölümde ýara$arlar gyz,
özüñ bilýäñ,Süleýmany,Hürremi."

Umydyñy üzüp Änewe gelýäñ,
Bu ýerde-de oçur, ýene bilet ýok.
Otly gelýär, ýolbelede ýalbarýañ,
On dollaryñ alman, otla salanok.

Dört manatlyk bilde, on dollar berip,
Wagonlara münýàñ, bom boşdyr içi.
Boşluguny gòrùp bùtin wagonlañ,
Tüteýär on dollar berenleñ içi.

Ìçiñ eljuk diýýàr, otluda bolsa,
Nurmuhammet Meret,saýraýar bagşy.
Duşakda dùşýärsiñ fiçji alýarsyñ,
Ïçinden ýenede eşegiñ eti,
Pişigiñ dyrnagy cykmasa ýagşy.

Bar külpeti geçip, öýüñe ýetýäñ,
Eneñ bagra basýar, dynýañ hasratdan.
Ynsan ogly asla mahrum bolmasyn,
Enäñ gujagy dek,beýik eşretden.

Çaý nahardan soñra, öñkisi ýaly,
Getirer suratly kolleksiasyny.
Owadan gyzlaryñ suratyn serit,
Diýer"-oglum,gelin edinjek haýsyny."

Birden çar tarapy mawulyk bürär,
Ufff ýenede,uly hasrat başlady.
Şol bir gyza döner, suratlañ bary,
Şahyrsumak galamyny taşlady.

Edebiýat, Nepes29 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir