(1766-1817)

Žermena de Stal fransuz romantizminiň nazaryýetiniň düýbüni tutujydyr.Ýaşlygynda ol Ž.Ž.Russonyň eserlerini köp okapdyr we Russonyň eserleri we döredijilik aýratynlyklary hakynda ‘‘Hatlar“(1788) atly eser ýazypdyr.Onuň ‘‘Edebiýat hakynda“(1800) atly kitaby romantizmiň teoriýasyny esaslandyrmakda uly rol oýnapdyr.Bu eserde taryhylyk düşünjesi öňe sürülýar.Bu pikir bolsa klassisizmiň gözellige bir üýtgewsiz, hemişelik zat hökmünde nygtaýan kadalaryna zarba urýar. Žermena de Stal iki sany şöhrat gazanan romanlaryň awtorydyr.
Žermena de Stalyň ‘‘Delfina“(1802) atly romanynda ýazyjy XIX-njy asyrda ilkinji bolup, aýallaryň azat edilmegi, olaryň jemgyýetde hukuklarynyň kemsidilmezligi hakyndaky temany beýan edýar. Bu eserde Delfina atly gyzyň Leons atly ýigide bolan söýgüsi barada gürrüň berilýär. Ýöne Leons Delfinany söýse-de ol öňki öýlenen aýalayny taşlap gidip bilmeýär. Ol nika bilen daňylany üçin bagtly bolup bilmeýär. Ahyrsoňy Delfina bu şertli kanunlary, jemgyýeti ret edip, ýazgaryp monastyrda ýaşamaga gidýär.
“Korina,ýada Italiýa“(1807) atly romanynda Žermena de Stal aýal hukulary temasyny çuňlaşdyrýar. Bu romanyň gahrymany zehinli şahyr, aýdymçy we aktýor Korinna durmuşda öz döredijiligi, sungaty bilen bütin halkyň söýgüsine mynasyp bolýar. Ýöne Korinna nähili zehinli bolsa-da onuň iň ýakyn adamlary oňa düşünmeýärler. Onuň Angliýaly lord Nelwile bolan söýgüsi pajygaly gutarýar. Ol ruhy ýekelikden heläk bolýar.

Romanguly Mustakow. Daşary ýurt edebiýatynyň taryhy. Ýokary okuw mekdepleri üçin okuw kitaby. II kitap – Aşgabat.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2017 ýyl.

Edebiýat, Gurban93 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir