Ashgabat Hakynda Ballada Saher salkyn howa,ses yok umsumlik, Kayarym mashyn gechyar shayoldan. Yshyklar sonmandir,yagtylyp asman, Azan sesi metjitde yanlanar irden. Dan shapagyn serpip gun dogup baryar, Owshun atyar bitaraplyk binasy. Baglarda josh uryar gushlaryn sesi, Son yanlanar beyik Turkmen Senasy. Sena bilen orup Turkmen Milleti, Ashgabadyn oyanshyna syn eder. Char tarapdan gelen dunya halklary, Ashyklar shaherine seyran eder. Ishe baryar hanha Turkmen agasy, Talyp yashlar okuwlaryna howlugar. Her tarap janlanyp yene de bir gun, Gechip baryar goyup yza gowluklar. Kopetdagyn gerdeninden yol yasap, Gorner Serdar yoly dashdan selenlap. Ir-saherden gechsen Serdar Yolyny, Janyn rahat tapar,pikirlen yenlap. Ashgabada myhman geler char yandan, Seyilgahler owshun atar yaldyrap. Towerek yashyllyk,agachlar gurshap, Chuwdurumler akar suwlar buldurap. Garashsyzlyk seyilgahi bash bina, Ashgabadyn yureginde yerleshyar. Bash eyyamy hemde yagty geljegi, Hem shu guni bir nokatda birleshyar. Oguzhan Turkmenin agirt heykeli, Chagyryar halkyny agzybirlige. Bir elde bash oky gysyp dur makam, Bir elde altyn yay bakyar shalyga. Gorkut Ata payhaslaryn soltany, Owut-nesihatyn ochmez chyragy. \"Turkmen synmaz asman zemin synmasa,\" Diyip aydyp gechen beyik shygary. Arslan yurek,Turkmen halkynyn shiri, Gorogly beg gayduwsyzlyk nyshany. Watan uchin pida eylap janyny, Eylap derbi-dagyn yuz-mun dushmany. Watan goragyna chagyryar heykel, Yow guni dushmana berip gaytawul. Diyyar:\"Ey Turkmenin yerinden beygel,\" Dine beyik ishin yoluna goyul. Shygyrlar soltany beyik Pyragy, Diyer:\"Bir dowlete eylalin gulluk, Shonda halkym jebis yashap beygeler, Bolar parahatlyk,hem bolar bolluk.\" Turkmen dowletinin binyadyn tutan, Turkmenbashyn shugla salyan heykeli. Oz halkyna abadanlyk bagsh eylap, Yylgyryp dur salamlap oz halkyny. Garashsyzlyk binasynyn bashynda, Owshun atyar yany dogan ay halka. Chuwdurumler her tarapda akyp dur, Garshylayar achyp gujagyn halka. Yollar ayna,gyralary bezelip, Kebshirlenen guller bilen yadaman. Enelerin elin tutup yol bilen, Chagajyklar gidip baryar shadyyan. Mukaddes Ruhnaman beyik binyady, Gune garshy shugla salyar her baby. Yupek kimin tolkun atyp chuwdurum, Shaglap akyar,gurshap beyik kitaby. Turkmen atyn tanadyp dur aleme, Kishnap Ahalteke galyp charpaya. On at on tarapdan chapyp baryan dek, Atlan shekli bezeg beryar charyana. Seyilgahler yaryshyan dek gurulan, Barha bir birine sepleshyan baryar. Bir gorsenem seyilgahden ashyklar, El tutushyp,yuwash gurleship baryar. Gyz owadan gozler jeren bakyshly, Gysmyljyrap soyenine naz bilen. Yakasy keshdeli,mahmal nagyshly, Soz bilen dal,dushunishyarler goz bilen. Yigit oz diyenli gayduwsyz gochak, Gyz elinden tutup gozun gulduryar. Gashlary gur gara,sachlary sechek, Sheydip yara oz soygisin bildiryar .......... Bayram gunlerinde Ashgabat tasin, Gornup bir bashgacha bolar owadan. Geler char tarapdan myhman-mediwan, Bezenip gyz-gelin,sholar owadan. Gurbanlykda uch gun bayram howasy, Her tarap ala yaz,showhun shagalan. Shahyr shygyr okar,bagshysy desdan, Gutlar bir biregi gonshydyr golan. Gunaler dokuler hinnildik uchyp, Salyutlar atylar bayram shanyna. Asmanda dolan ay nuryny sachyp, Medet berer halkymyn imanyna. Garashsyzlyk bayramlaryn soltany, Turkmenimin altmysh asyr arzuwy. Ashgabadym tasinlige burener, Her kim shat gorner,hal-ahwal gowy. Ruhyyet koshgunde beyik dabara, Bolup gecher,aydym bilen saz bilen. Yashyl baydak al-asmanda pasyrdar, Ol salganar,yanlanan owaz bilen. Gyshyn yetip geler sowuk howasy, Son goruner yz yanyndan Tazeyyl. Ashgabadyn merkezinden beygeler, Gurlan Yolka her tarapa yazyp gol. Bayramlarymyz tirkesh gurap gecherler, Paytagtymyn gozelligine gork goshup. Yone Ashgabadyn has gozel wagty, Gijesidir,aydar yurekler joshup. Gun shapagy Ashgabada chayylyp, Binalara oz bolushly gork berer. Owadan gornushe bolup hayrana, Gowshap dushunjelen,kalba erk berer. Gozelligin dunyasine gark bolup, Dine gozelligi soyup yasharsyn. Dursap ozun,pikirlerin tarashlap, Bagtyn yylylygyn duyup yasharsyn. Hachanda bakanda ala-asmana, Kabir yerden yyldyzjyklar yaldyrar. Seyilgahde suw sepilen otlaryn, Ustlerinde damjajyklar buldyrar. Ahyrynda seyilgahlen chyrasy, Yanyp dash-towerek bolar ap-aydyn. Chuwdurumler akar yene shildirap, Gozellige bolup senin shayadyn. Dynch almaga geler yakyn-alysdan, Gozel Ashgabada ederler seyran. Seyilgahler gujak achyp garshylar, Onun gozelligine bolarlar hayran. Kopetdagyn in owadan yerinde, Gurlyp \"Asma Kopri\" ajayyp desga. Tebigatyn jummushinde tasinlik, Bakyan char tarapa,dunyage nusga. Chagalaryn \"Ertekiler Dunyasi,\" Owshun atyar hakykata owrulip. \"Aldarkose\" hem \"Bowenjik\" garshylap, Salam berer chagalara dogrulup. ............ Az salymdan nuryn sachyp aleme, Dogar yalkym salyp,gijan soltany. Ashgabadyn gozelligine gork goshup, Dorar soyga dolup yshkyn bossany. ............. Yurekdaki duygylaryma din salyp, Ashgabady taryp etsem az yaly. Gozelligin ol merkezi hem ozi, Dort pasly jana hoshtap yaz yaly. Ak gara burenip gozel Ashgabat, Yada salar ertekiler shaherin. Yuzin sypap gecher assaja shemal, Yada salar mahremligin baharyn. Yaz pasly Ashgabada gelende, Gozelligine bashyn eger yaydanman. Chunki chyn gozellik bolyar bashgacha, Bu pikiri aydar goren oylanman. Butun dunya Ashgabada bakyp dur, Gorenleri oz keshbine baglayar. Shamchyrag dey salyp shuglasyn dunya, Sachyp nuryn charyan gownun chaglayar. Ashgabadym-bu dunyade gymmadym, Sen yuregi gozel Turkmenistanyn. Alem-jahan abadanlyk merkezi, Yany achylan gul-gunchaly bossanyn. 20.09.2007 HAZAR REJEPOW ANKARA UNİWERSİTETİNİN 3.YYLLYK TALYBY

Köneler, Lider tarapyndan 16 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir