\"bu zat\"-da nirden çykdy, türkmen futboly ösüp baryar ahyryn diyip pikir edip bilersiniz. Gaty uzyn blog yazmakçy, bagyşlan. Geçen 2 yyl yagny 2004 Aziya kubogyndan sonra, Türkmenistan yygyndysy birnaçe yaryşlara we gaty az sanly duşuşyk geçirdi. Şol sebapli hem Fifa Reytinglerinde görülmedik derejede pese gaçdy. Yagny 86nji yerden 174e çenli yza gaytdy. Munyn ing uly sebapkari bolsa, 2007 Aziya Kubogyna Türkmenistan gatnaşmaga hukuk gazanandan sonra hem \"sebapsiz\" yaryşdan çekiljekdigini aydyp, gatnaşmazlygy. Şondan sonra Türkmenistan hiç-hili duşuşyk geçirip bilmedi we reytinglerde yza gaytdy. Elbetde her erbet zadyn bir jezasy bolyar. Türkmenistan şol yza galyklygyn jezalaryny çekip başlady. Olaryn birinji türkmen komandalaryna zyyan getirdi. Yagny, bilşiniz yaly önki yyllar.. Türkmenistan Aziyanyn UEFA kubogy yaly yaryş bolan \"Aziya Kubogyna\" 2 türkmen toparyny iberyardi. HTTU, Merw, Nisa we Nebitçi olara gatnaşyp gördi. Şu yyl bolsa, Şagadam we Aşgabat topary gatnaşmalydy. Emma AFC taze karar alyp, Türkmenistanynyn derejesini peseldipdir. Yagny Aziyanyn \"Intertoto\" kubogyna deng bolan, ing pes yaryş bolan, \"President\'s Cup\" yaryşyna indi yekeje topar Aşgabat gider. Anyrda ing pes toparlar çykyş edyar, we abrayy gaty pes. Aziyada ing uly yaryş, \"Champions league\" sonra \"AFC CUP\" we ing pesi hem \"President\'s CUP\".. Geçen yll şol Prezident\'s Cup\" da çempiyon Gyrgyzystanyn topary bolupdyr. Aslynda beyleki tarapdan, Aşgabadyn hem bu yyl çempiyon bolup ing azyndan, uly ses getirer diyip umyt edyan. güyçlilerin pesi bolanyndan, peslerin güyçlisi bolanyn has gowy dalmi eysem? :D reytinglerde yza galmagyn beyleki erbet tasiri bolsa, Türkmenistan yygyndysyna boldy. Yagny 2011 Aziya Kubogyna gatnaşmak üçin mümkinçilikler gaty kynlaşdy. Türkmenistanyn şol yaryşa gatnaşmagy üçin, Aziyadaky ing pes 20 komandan içinde hökmany yagdayda (!) çempiyon bolmagy gerek. Elbetde pes yygyndylar bar. Yene-de gaty riskli zat. Yagny hökman çempiyon bolmaly bolyarsyn. Ol yaryşyn ady \"Challenge Cup\", 2008de we 2010da geçiriler. 2008in çempiyony we 2010yn çempiyony (dineje çempiyony) göni 2011 Aziya Kubogyna gatnaşar. Garaz, Türkmenistan yerliksiz yere abrayyny yitirdi. Hiç-hili beyle kyn yagdaylara düşmek gerek daldi. Türkmenistan has yokarlara mynasyp. Mundan sonra has gowy çykyş edyar, we has yokaryk gider. yene-de yatladayyn. Aziyada 3 dereje bar. 1nji derejadakiler ilkinji 1-14 komanda, 2nji dereje 14-27 komanda, 3nji dereje bolsa 27-44.. Şu wagt biz AFC kararyna göra 3nji derejede yaly tanalyarys. Biz mynasyp yerimiz 15nji dagy , hatda ondan yokarlara hem gidip biljek güyçde. Hazir bolsa 18. Emma her yenemizde has yokaryk gideris. Gaty çylşyrymly we uzyn blog boldy. Size gyzykly bolar diyip umyt edyan. saglygynyz. Içimden geldi yazdym. :)

Köneler, Ga1taman tarapyndan 16 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir