Bagdatda gytlyk döwri dowam edýardi. Hemmelerden öň hammallar açlyk çekýärdiler. Bir öýiň içinde bişirilýan çöregiň ysy köçä ýaýrapdy. Bir hammal hem ol öýüň gapysyndan içeri garap şeyle seslenipdir.

- Allanyň razylygy üçin azajyk çörek beriň. Ençeme günden bäri hiç zat iýmedim.”

Tamdyryň ýanynda duran aýal täze çörekden gyzyna uzadyp:

- Bar, ber şu adama” diydi. Gyzjagaz çöregi hammala eltip berdi.

Ỳük çekýan adamyň begenjiniň çägi ýokdy. Öýüne tarap ylgady. Bu adamyň birnäçe günläp bogazyndan hiç zat geçenokdy. Edil şol wagt garşy tarapdan gelýän adamyň gykylygy ony aýak çekmäge mežbur etdi.

-Çalt aýt bu çöregi haýsy öýden aldyň? Hammal yzyna seredip eli bilen görkezdi.
-Hanha, şol öýden.

Gaharjaň adam kellesini ýaýkady we:

- Ýalňyşmandyryn, şeýle zamanda kimiň öýünden çörek alnyp bilner? diýip şol öýe tarap ýöredi. Ol öý şol adamyň öyü eken. Öýüne baryp aýalyndan kim bu garyba çörek berdi? diýip sorady.

Aýaly gorkusyndan gyzyny görkezdi. Gyzyna hiç zat etmez öýdüpdi. Ýöne kanagatsyzlyk, gysgançlyk adamyň ýüregine siňipdi. Elindäki taýak bilen gyzynyň eline batly urup, elini maýyp etdi.

- Hemmelere çörek bersem bu öýde çörek galarmy? diýip hüňürdeýärdi.

Aslynda Allanyň her bir nygmatyna şükür edilmelidi. Şükirsizlik nygmatyň gitmesine sebäp bolýardy. Elbetde bu baýyň soňy hem şeýle bolup başlady. Az wagtyň içinde işleri bulaşdy, iň uly dükanyny satsa-da işlerini düzelmedi. Kä wagtlar bolsa öýüne çörek hem alyp bilenokdy.

Bir gün agşam öýüne geldi we gyzyna sögüp:

- Mundan beýläk menden umydyňyzy kesiň. Sebäbi bu gün çörek alar ýaly pul hem gazanyp bilmedim. Bazara git bir tanyşdan çörek pul sora, diýipdir.

Gyzjagaz bazara gidip bir dükanyň ýanynda tanyş gelmezmikä diýip garaşyp durupdyr. Dükandaky adam onyň ýanyny gelip:

- Sen günäsiz, biçäre birine meňzeýarsiň. Bärde kime garaşýarsyň? diýip sorapdyr. Gyz hem ýagdaýyny düşündiripdir.
- Çörek alar ýaly pulymyz galmady. Bir tanyş geler diýip garaşyp duryn. Adam elini jübüsine elini sokup epesli pul çykaryp gyza uzatdy:

- Al, şu pul bilen islän çöregiňi alarsyň. Bu pursatda men hem maňa berilen nygmatyň şükrüni berdigim bolar.

Gyz bir elini arkasynda gizläp beýleki eli bilen puly aldy. Gyzyň elini gizlemesi adamyň ünsini çekdi.

- Eliňde ýara bar bolsa bejerdeli. Allatagala maňa nygmat berdi, şükrüni bermek üçin bolsa men ýagşylyk etmelidirin.

Gyz başyndan geçenleri gürrüň berdi. Ýagny bir garyba kömek edeni üçin kakasy eline uryp maýyp edenligini şu sebäpli hem hiç kime durmuşa çykmandygyny aýdyp berdi. Muny diňläp duran adam birden gygyrmaga başlady:

- Goňşular! Çaltyrak bärik geliň, men altyn ýürekli gyzy tapdym, ýan ýoldaşym hem ine şu gyz bolar, siz hem şaýat boluň... diýip bir mahalky başyndan geçiren wakasyny gürrüň bermäge başlady.

- Çörek islän garyp mendim. Ol gün men aç bir hammaldym. Diýmek eliň maýyp bolmasyna men sebäp bolupdyryn. Men seni ýalňyz goýmaryn. Beýle etsem menden Alla razy bolmaz. Kakaň berlen baýlygyna kanagat etmänligi sebäpli onyň dukany maňa nesip etdi. Indi synag gezegi mende men hem şol kanagatsyzlyga düşmek islämok. Ýör, nikamyzy gyýdyryp, kakaňy bu kynçylykdan halas edeli – diýip, gysgançlygy zerarly gyzynyň elini maýyp goýan kakasynyň ýanyna yola düşdüler.

Ýeri, siz näme diýýarsiňiz?!. Size bir aýaty aýdaýynmy?

"Şükür etseňiz köpelderin, etmeseniz eliňizden alyp şükür edene bererin."

Bilim, Gurban93 tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir