Her bir ynsan özüni durmuşda rahat, howpsyz duýmak üçin ähli zadyny (işini, öýüni), şertlerini özüne görä dizayn etmäge, ýerli-ýerine goýmaga çalyşýar.  Eger täze bir öýe göçsek, ol öýe diňe haly yazyp goýmayarys.  Ol öýüň diwarlaryna surat asarys, öýüň içine gelişjek owadan bezegler bilen bezäris. Yagny öýümizi biz öz isleglerimize, arzuwlarymyza görä bezeýäris, dizaýn edýäris. Sebäbi ol öýüň özümize degişlidigini bilmek we ol öýde özümizi rahat, howpsyz duýmak isleýäris. We öýümiz bilen aramyzda bir bag, aragatnaşyk kemala gelýär.

Ýokardaky mysalda belleýşimiz ýaly, durmuşdaky ähli gatnaşyklar ýer we adam gatnaşyklary hem şeýledir. Bir adam özüni rahat, howpsyz duýup bilmeýän biri bilen durmuş gurup bilermi? Belkide mejbury ömür boýy bile ýaşar. Ýöne muňa sagdyn, kämil maşgala diýilmeýär.

Uly adamlarda bolşy ýaly çaga hem dünýä inen gününden başlap özüni ynamdar, rahat duýup biljek , hossarlyk duygusyny kemala getirjek bir ýer isleýär. Bu isleg – her adamyň ýaradylyşyndan gelýän bir mätäçlikdir. Belki çaga hem birahat, söýgüsiz, ynamsyz durmuşda Allanyň beren ömrüni ýaşar. Ýöne gynansagam  sagdyn, kämil ýaşamaz.

Bu mätäçlik nähili derejede wajyp?

Psihologlar “Her bir hossaryň çagasy bilen aragatnayk gurup bilmegi ( söýgi we mähir bagy ), suw ýaly, nahar ýaly durmuşdasagdyn, kämil ýaşamagy üçin gaty möhümdir.” diýip belläp geçýärler.

Bu sözlemden netije çykarsak çaga sagdyn, kämil, ynamdar baglanyp bilmese soňunda “ölüm” bar diýmekdir

Çaga ynamdar aragatnaşyk gurman ýaşap bilermi? Şeýle pikirlensek, howwa ýaşar. Ýöne kämil, sagdyn durmuşda ýaşamaz.

 Bärde John Bowbliniň geçiren barlagyny gürrüň bermekçi.

2-nji dünýä söweşinde bir yetimhanada barlag-gözleg işleri geçirilýär. Söweşde hossarlaryny ýitiren çagalar bu ýetimhana ýerleşdirilýärdi. Ýetimhananyň geň galdyryjy tarapy gaty köp çaga agyr kesellere sezewar bolup, ýogalýardy.  Döwlet bu barlag-gözegçilik işini John Bowliniň toparyna tabşyrýar.

Seredýärler welin, ýetimhananyň arassaçylygy gaty gowy, çagalaryň iýmitlenişi gowy, wagtynda ýatýarlar, turýarlar. Ýöne bu zatlara garamazdan çagalaryň agyr kesellere duçar bolmagy dowam edýärdi.

Näme üçin ýagdaýlar beýlekä diýip pikirlenip durkalar bir çaga olaryň ünsüni çekýär. O çaga beýleki çagalardan tapawutlylykda sagdyn, kämil  we keýpi ýerindedi.

“Çagalaryň näme üçin keselleýändiklerini tapyp bilmedik, iň azyndan sagdyn çagany synlaly, belki onuň sagdyn, kämil bolmagyna näme ýardam edýändigini taparys” diýip sagdyn çagany synlap başlaýarlar.

Ýetimhanada gündiz we gije enekeleri işleýär. Gije işleýän bir eneke öz çagasyny söweşde ýitiripdir. Bu sagdyn we kämil diýýän  çagamyzy öz çagasyna meňzedip ony öz perzendi ýaly söýüpdir. Ýatmazyndan öň oňa hüwdi aýdyp beripdir, gujaklapdyr, ogşapdyr….ähli çagalar jaň kakylanda uka gidýän bolsa, bu  çagajygy enekesi “ Ýör ýataly”  diýip özi alyp gidýär eken. Bu çaganyň enekesi tarapyndan söýülmegi, hossarlyk edilmegi çaganyň sagdyn, kämil ýetişmegine ýardam edipdir.

Howwa, çaganyň uka mätäç bolşy ýaly, uka gitmezden öň oňa kitap bermek, gujaklamak, ogşamak, ony gowy görýändiňi aýtmak hem wajypdyr.

Çaganyň garnyny doýurmak wajyp bolşy ýaly, çagamyz bilen pikir-alyşmak, bu nahary ony gowy görýändigi üçin bişirendigmizi aýtmak, onuň ruhy dünýäsi bilen bag gurmak; ýagny onuň bir şahsyýetdigini duýdurmak hem wajyp bolup durýar.

Ünsüňizi çekip biler: Çagalarymyzyň iň uly mätäçligi – olary bolşy ýaly kabul etmekdir!

Bilim, ETIKA tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir