Salam, agzalar.
Sag-aman okaşyp, işleşip, dynç alyşyp, ýaşap ýörsüňizmi?

Gepiň gysgasy, Yurekdeshler.ru saýdymyzda ýene bir bäsleşik — goşgy ýazmak bäsleşigi yglan edilýär.
"Ýenemi?" diýen soragy bermeziňizden öň bu geçiriljek bäsleşigiň öňkülerden biraz üýtgeşigräkdigini aýdaýyn.
Üýtgeşikligi: bu gezekki bäsleşigi diňe bir saýdyň administrasiýasy däl, eýsem,
[b]"Makul Hyzmat" terjime merkezi — hususy kärhanasy[/b]
bilen bilelikde gurnaýarys. Ýeňijiler kärhananyň gymmat bahaly sowgatlary bilen sylaglanar.
Sowgatlar kärhananyň wekili tarapyndan Aşgabat şäherinde dabaraly gowşurylar.

Şu ýerde size bu kärhana barada gysgajyk maglumat bereýin:

[color=#f82e00]Halkara Söwda Şertnamalar,
Hasaplaşyk fakturalar,
Gümrük namalary we beyleki täjirçilik resminamalaryň terjimesi üçin
Siziň hyzmatyňyzda!
+99312964855
+99363789673
makulhyzmat@gmail.com[/color]
[b] Turkiýe Talyp haklary.
ÝÖS synagy we Atestat bilen Türkiýäniň ýokary okuw jaýyna ýerleşmek isleýän Talyplar!
Imo +99363789673
MAKUL HYZMAT
Resminamalaryň Türk Bilim Geňeşliginiň Talabyna laýyk terjimesi boýunça hyzmat
Salgymyz : Aşgabat ş Ankara köçesi 25 A Blok Gat 4, Otag 401 (Aýtakow-Ýubileýniý çatrygy,
Rysgal bank ýany [/b]

[img]https://s16.directupload.net/images/190208/rvr2xoy3.jpg[/img]

Indi geleliň bäsleşigiň şertlerine! Şertler agyr bolmaz, ýöne gaty ýeňilem däl.
Bäsleşik 3 tapgyrda geçiriler:

[color=#173bd3]1-nji tapgyrda gatnaşyjylar özleriniň iň gowy hasaplaýan bir goşgusyny hödürlemeli. Goşgy öň paýlaşalynam bolsa, metbugatda çap edilenem bolsa zyýany ýok.
Esasy zat goşgyň awtorlyk hukugy gatnaşyjyň özünde bolmaly[/color]

[color=#b53dd2]2-nji tapgyrda ýörite düzülen eminler toparynyň karary esasynda goşgyň temasy hödürlener. Şol tema esasynda gatnaşyjylar öz başarnyklaryny görkezerler[/color]

[color=#039b80]3-nji tapgyrda bolsa, bijeler atylar. Şol bijeler esasynda jübüt-jübütden aýdyşyk görnüşinde goşgy ýazylar. Elbetde, bellenen çäkli wagtyň dowamynda. Eger gatnaşyjylar täk sanly bolaýsa hem, ol haýsydyr bir bitarap agza bilen (mysal üçin, @Pegas agza bilen) aýdyşyk goşgusyny ýazar.[/color]

Goşgular ähli tapgyrda hem meň şahsyma ugradylmalydyr.
Sebäbi bäsleşige hödürlenjek goşgular awtorlary tanadylman, belli bir bellik boýunça (mysal üçin, A awtor, B awtor... görnüşinde) aýratyn mowzuk edilip açylar. Üns beriň, hiç hili nägilelik bolmaz ýaly, goşgulara diňe ýörite düzülen eminler topary baha berjekdir. Alada etmäň, eminler halypa şahyrlardan, şu ugurdan köp çorba sowadan adamlardan düzüler.

Onda näme, başladyk!!! Sizden geljek iň gowy goşgularyňyz üçin şahsy habarlaşmamyz açyk! Üstünlik hemraňyz bolsun!

[img]https://s16.directupload.net/images/190208/vhwe9boo.jpg[/img]

Täzelikler, Nowcha90 tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir