Birini tankytlamagyñdan öñ onuñ aýakgaplaryny eliñe al, onuñ geçen ýoluny geç. Onuñ her büdrän daşyna senem büdre, onuñ göz ýaşlaryny barla, onuñ
çeken ejirlerini , kynçylyklaryny çek. Ynha şondan soñ, nähili ýaşamalydygyny bilýän diý!

Hamyla güýz güni indirdi dünýä,
Gyşyñ buzy ýörjen-ýörjen öwretdi.
Ķä dyzym, kä mañlaý urulyp ýere,
Azarlara tenem öwrendi gitdi.

Şüdügäri aýak ýalañ ädimläp,
Girdaplarda kän towlanyp, taplandym.
Kötel aşdym, gumda çägä gömüldim,
Şükür, ejiz bolaýmakdan saplandym.

Başarsam ýagşylyk etdim duşana,
Başarmasam kän gyýyldym, gynandym.
Hatda ýamandanam gözläp gowulyk,
Ýagşylara meñzemäge synandym.

Bir jyda oglandym, hossara zardym,
Göwni älem içre, gollary dardym.
Ezýetlerden sähel saplanan wagtym,
Höwese, azaba, yhlasa ýardym.

Gollarym uzasa-ýetirdim ile,
Getirmedim sere aldaw ýa hile.
Başymy etegme oklap barardym,
Bardyr öýtsem bu dünýäde nägile.

Yhlas edenimden awunyp gördüm,
Azap çekenimden-alow hem duman.
Jydalyga telim duçar bolsamam,
Sygyndym, birjigem etmedim arman.

Başarsam çykmadym pendinden ulyñ,
Nesibede däle etmedim bäsi.
Bir ahmyrym eziz enäñ gaşynda,
Oglanlykdan boldy, ýazyklañ käsi.

Aş bilen uranam - salama geldi,
Daş bilen uranam - salama geldi,
Meger indi ýaşam paýawlap barýar...
Bu zatlar nireden kelama geldi.

GERDAN ERKDE BOLUP DOLANSA SENE,
DIÑE ŞU TÄLEÝI DILÄRDIM ÝENE.

Awtory näbelli.

Edebiýat, Gurban93 tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir