Utanç-haýa aslynda adama, iň esasanam gelin-gyzlara gelişýän bir häsiýetdir. Hernäçe utanjaň kişiler hemişe bir kenarda durýan ýaly, kän bir iş başarmaýan ýaly görünseler hem olaryň aýratyn bir özüne çekiji tarapy bolýar, göze ýakymly görünýärler.

Emma haçanda islendik bir zatda çakdan aşalyk bolanda ol ýerde dürli meseleler ýüze çykyp ugraýar. Mysal üçin päk göwünlilik, sadalyk ýaly gowy häsiýetler ýa-da gahar, özdiýenlilik, ýigrenç ýaly duýgular hem orta ýagdaýda bolmasa netijesi hökmän dürli kynçylyklara eltýär. Edil şonuň ýaly hem haçanda utanjaňlyk duýgusy çenden aşa güýçli bolanda, biziň üçin üstünlige gidýän ýolda uly böwet bolup bilýär. Diňe utanýandygymyz üçin köp ýerde yzda galyp bilýäris.

Muňa öz durmuşymdan kiçijik mysal bermekçi. Okuwçy wagtlarym sapaklara gowy düşünýärdim we synaglardan alýan bahalarym hem gowudy. Emma näme üçindir sapakda menden hiçhili ses çykmazdy. Mugallym tagta çykaryp sapak soranda ýüzüm gyp-gyzyl bolardy. Hatda kölenç bolýan waka, mugallymyň beren soragyny bilsem hem batly ses bilen aýtmaga çekinip ýuwaşlyk bilen aýdardym.

Elbetde munam ýanymdaky partadaşymdan başga eşiden bolmaýardy. Partadaşymyň meniň aýdan jogabymy has batly ses bilen aýdanda mugallymyň “berekella dogry” diýen wagtlary hiçem az bolmandy. Soňa baka özümde şuňa göz ýetirdim. Haçanda utanýandygym barada pikir edemde bu pikir meni hasam utanmaga mejbur edýärdi.

Daşyndan seredeniňde “utanar ýaly näme bar” diýmek gaty aňsat, emma utanjaňlyk seni ýüpsüz daňyp bilýär. Gowy görýän kişileriň ýanynda hiçhili olary tanamaýan ýaly özüňi sowuk alyp barmaga islegsiz bir ýagdaýda mejbur edip bilýär. Bu häsiýetiň mende näme üçin beýle güýçlidigi barada köp pikirlenýärdim, we soňunda bu ýagdaýyma nämäniň sebäp bolandygyna azda-kände düşündim.

Bu häsiýetden halas bolmak, iň azyndan kontrol edilip boljak derejä getirip bilmek üçin birnäçe ýollary synap gördüm we meniň üçin iň peýdalysy atmosferamy üytgetmek boldy. Belki menden başga-da bu temada kynçylyk çekýänler bar bolup biler diýen pikir bilen bu makalany ýazmak kararyny aldym.

Biz belki doktor, belki güýçli bir injener, bugalter, mugallym ýa-da haýsam bolsa bir ugurda ussat, gaty akylly, ökde bolup bileris. Emma bizdäki utanjaňlyk duýgusy biziň şol ussatlygymyzy görkezmegimize päsgelçilik berýändigi sebäpli biziň derejämiz pesde görünýär we has öňe okdurylmagymyza päsgel berýär.

Öz bahamyzy 1 diýip hasaplap, bizde bar bolan gowy talantdyr häsiýetleriň her birisini şol 1-iň yzynda birnäçe nol goýsak, ýagny öz bahamyz 1000..diýip hasap etsek, utanjaňlyk güyçliligine görä şol sany islendik onluk drob bilen köpeltmek ýaly bolýar. Ýagny 1000 – lik ýagdaýdan utanjaňlygymyz sebäpli 0,001 ýagdaýyna düşüp bilýäris. Bu ýagdaýa çözgüt tapmak üçin ilki bilen nämeden utanýandygymyzy anyk bilmeli. Adam nämelerden utanyp biler?

Özünden, işinden, karýerasyndan, okaýan ugrundan,…(bulardan utanýan bolsak düzeltmegiň ugruna çykyp bileris);Maşgalasyndan, aýaly ýa-da adamsyndan, eje-kakasyndan,…(bular utanyljak zatlar däl, maşgala biziň gelip çykan ýerimiz, biziň çagalarymyzyň biz sebäpli ilden utanmagyny islemeris);Geçmişinden, eden işlerinden ýa-da etmedik işlerinden;Gelejeginden, “Meniň geljegim şeýle bolmalymy? Men bu gazanjak pulum bilen planyçada bolup bilmeýärin.”.(instagramdan başgalaryň durmuşyny özümize ölçeg hökmünde alyp soňam özümizden utanmalyň);

Adamlarda bu utanjaňlygyň öte ýagdaýda bolmagynyň birnäçe sebäpleri bolup bilýär. Köplenç bu maşgaladaky terbiýeden başlanýar. Eger çaga ýalňyş bir hereket edende diňe sögünç eşidýän bolsa, ejesi ony kakasyna ýamanlamak bilen gorkuzýan bolsa, kakasy hem söz arkaly ýa-da fiziki ýagdaýda ony jezalandyrýan bolsa, ýagny ene-ata çagany sowgat ýerine diňe jeza bermek arkaly terbiýeleýän bolsa netijede çaga aşa utanjaň, çekinjeň, täze zatlary, işleri synap görmäge gorkýan biri bolup ýetişýär. Sebäbi onuň täze zatlary synanda başarmasa ýene-de käýinje sezewar bolup biljekdigi baradaky pikir aňynda galýar. Şol sebäpli hem az zat bilen oňuşyp käýinçden, sögünçen uzak bolmagy saýlaýar.

Ikinji bir sebäp bolsa mekdeplerdäki ýa-da uniwersitetlerdäki mugallymlar bolup biler. Eger okuwçy ýa-da talyp sorag soran ýagdaýynda mugallymdan dogry ýagdaýda jogap alyp bilmedik ýa-da gödek jogap alan ýagdaýynda ikinji gezek soramazlygy saýlap öz dünýäsine çümýär. Sebäbi bu onuň üçin daş-töweregindäki dost-yarlarynyň gözünde pes ýagdaýa düşmek ýaly bolýar. We wagtyň geçmegi bilen okuwyň dowamynda gazanan bu häsiýeti durmuşyna ornaşýar.

Utanjaňlygyň iň ýokarky derejesi eýýam bir hassalyk hökmünde hasaplanýar. Bu keseliň ady erythrophobia. Bu ýagdaýdaky kişileriň hemişe ýüzleri utanmakdan ýaňa gyzyl, elleri der gürleseler sesleri titreýän ýagdaýda bolýarlar we bu kesel üçin lukmanyň kömegi gerek bolup durýar.

Nämäniň utanmaga sebäp bolup biljekdigini öwrenen bolsak, geliň indi bu ýagdaýdan nädip halas bolup biljekdigimizi göreliň.Ilki bilen özümiziň utanýandygymyzy kabul etmeli;Utanýan zatlarymyzy kagyzda bolmasada kellämizde hatarlalyň; (Nämämizden utanýarys? Daş görnüşimizden, saglygymyzdan, maddy ýagdaýymyzdan,…)Iň gowy başarýan zadymyzy tapalyň, hiç zat başaramyzok diýsegem iň azyndan bir zat bardyr; (sport, edebiýat, sungat,…)Bizi utandyrýanlar kimler? Olardan uzaklaşmaly; (mysal üçin biz aslynda pulumyzyň azlygyndan däl-de şol ýagdaýyň biri tarapyndan ýüzümize urulmagyndan çekinýäris, alan eşigimiz arzanlygy üçin däl-de biriniň muny diline çolap bizi kemsitmeginden çekinýäris,…). Emma Eleanor Roosewelt tarapyndan aýdylan: “Hiçkim siziň rugsadyňyz bolmasa sizi kemsidip bilmez” sözler bize asyl hakykady görkezýär.Atmosferamyzy üýtgetmek, ýagny gatnaşýan adamlarymyz, ýaşaýan ýerimiz bolup biler. Sebäbi täze baran ýerimizde hiçkimiň biz hakda maglumatynyň yoklugy sebäpli özümizi isleýşimizi ýaly tanatmaga, başdan başlamaga mümkinçilik döreýär. Bu esasanam uniwersitetde, ýa-da iş sebäpli başga şähere gidilen ýagdaýynda has amatly bolýar;Gürlemäge söz tapmaýan ýa-da adamlar bilen diýalog gurmagyň usullaryny bilmeýän bolsak – onda bu jahyllyk bolýar. Onuň bilen söweşmeli, okamaly öwrenmeli.Özümize kiçi-kiçi sowgatlar almak, bir gymmat telefonyň ýerine bizi begendirip biljek, öz otagymyzy bezär ýaly zatlar satyn almak;Eger bu dünýeden öten ýagdaýymyzda biziň isleglerimizi biziň ýerimize ýaşap, durmuşa geçirip biljek biri barmy? Herkim öz durmuşy bilen gaty başagaý, belki biziň duýýan utanjaňlygymyzyň töweregimizdäkilere bildirýän ýeri hem ýokdur. Şol sebäpli öz dogrylarymyza görä ýaşalyň, arzuw-hyýallarymyzy durmuşa geçirmäge, şowsuzlyga sezewar bolsagam, utandyryljak bolsagam iň azyndan hiç synanyşmadyklardan bir ädim öňdedigimizi ýatlap, täzeden synanyşalyň we başaralyň! Töweregimizdäkileriň edýän gep-gürrüňleri ýa-da teswirleri bizi kämilleşdirmäge itermeýän bolsa olara gulak asman, ýolumyza dowam edeliň!

Sözümiň soňunda ýalňyş düşünja sebäp bolmazlyk üçin birzady belläp temany jemlemekçi. Utanjaňlygy ýeňmek – edepsizlik ýa-da ýüzsüzlik bilen garyşdyrylmaly däl. Käwagt ýüzi açyk, çekinmegiň nämedigini bilmeýän we bu häsiýetini adamlary aldap, arabozmak, gep gatnatmak üçin ulanýanlaram bolup bilýär. Beýle adamlardan jemgyýete zyýandan başga zat ýetmeýär. Şol sebäpli ähli duýgularymyzyň ýüpüni öz elimizde saklap, özümizi hem töweregimizdäkileri hem sylalyň. Soňundan puşman bolmazlyk üçin, başgalara päsgel bermän üstünlige eltýän ýoldan ýöräliň!

Bilim, ETIKA tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir