TÄZE ÝYL SOWGADY
(Hekaýa)
Edaranyň kärdeşler arkalaşygy guramasynyň işgärler üçin taýýarlan bu gezekki Täze ýyl sowgady adatdakylardan has tapawutly boldy. Içi süýji-kökeden bol sowgatlar daş keşbi boýunça-da gaty kaşaňdy. Özem her işgär üçin bir aýratyn sowgat, olaryň çagalary üçin bolsa aýratyn sowgat niýetlenendi. Işiň ahyryna çenli edaranyň işgärleriniň hemmesi diýen ýaly özlerine hem-de çagalaryna niýetlenen sowgatlary alypdylar. Diňe uzakly gün işine gümra bolup oturan edaranyň ýaşuly işgäri Çary aga sowgatlary almaga heniz barmandy.
—Çary aga, senem özüňe degişli sowgatlary alyp gidäý—diýip, edaranyň kärdeşler arkalaşygy guramasynyň başlygy ýörite ýanyna gelip aýdansoň, ýaşuly işgär dümtünip oturan işlerini bir gyra süýşürdi-de, sowgat paýlanýan otaga bardy.
—Ynha, nesip etsin!—diýip, edaranyň kärdeşler arkalaşygy guramasynyň başlygy Azat Çary aganyň öňünde üç sany Täze ýyl sowgadyny goýdy. —Biri özüň üçin, bu ikisi bolsa agtyjaklaryň üçin.
—Sag bol, Azat jan! Agtyklar üçin işden soň şu gün dükana ýörite baryp sowgat alaýyn diýip durdum. Büý-ä gaty gowy boldy—diýip, Çary aga Azada tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi-de, sowgatlaryny alyp, iş otagyna geldi.
Iş wagty tamam boldy. Çary aga edaradan berlen sowgatlary bir uly torba saldy-da, öýüne bakan gaýtdy.
Üç sany gabaraly sowgat salnan torbany göterip öýüne gelen pursady Çary aga özüni edil Aýazbaba ýaly duýdy. Derwezäni açan badyna agtyklary öňünden çykanlygynda, onuň Aýazbaba bolan kişi bolup, torbasyndan sowgatlary çykaryp, çagalara paýlap beräýmek pikiri hem bardy. Ýöne gyş gününiň garaňky gijesi bireýýäm gatlyşansoň, çagalar bu wagt öýdediler.
Sowgatlary otaga alyp girensoň, Çary aga birden pikirini üýtgetdi. Täze ýyl gününe çenli entek iki gün bardy. Agtyklarynyň bolsa sowgatlary ýetikdi. Olaryň ejesidir kakasy hem sowgatlary düýn-öňňinlikde getiripdiler. Eneleriniň goşa-goşadan alyp beren sowgatlaryny ýada salansoň bolsa, Çary aga edarasyndan getiren sowgatlary agtyklaryna biraz gijikdirip bermek küýüne geldi.
—Gyzgyny bilen berseň-ä gowy bolardy—diýip, sowgatlary buky ýere geçirip durka, Çary aganyň aýaly Ogulsenem daýza aýtdy.
—Süýji-kökeleri artygy bilen ýetik bularyň. Gijräk alsalar, gaýta has gowy bolar—diýip, ýaşuly öz pikirinden dänmedi.
Az salym geçip-geçmänkä iki agtyk atasynyň ýanyna bökjekleşip geldi.
—Ata, hany, sen haçan getirýäň bize Täze ýyl sowgadymyzy?—diýip, üçünji synpda okaýan Aýperi atasynyň gujagyna gelip çökdi-de, ondan sorady.
—Bilmedim-dä, ertir ýa birigün getiräýmesem—diýip, Çary aga içini güldürdi.
—Ertir ýa birigün?..—diýip, Aýperi atasynyň ýüzüne soragly bakdy. —Gaty giç-le. Ilkinji bolup sowgady enem berdi. Soň kakam getirdi, soň ejem getirdi. Sen bolsa iň soňunda getirmekçi bolýaň.
—Ýöne meň getirjek sowgadym has gowy bolar—diýip, Çary aga agtygynyň başyny sypady.
—Ertir şenbe güni, birigün bolsa ýekşenbe. Sen ol günler işe gideňog-a—diýip, bäşinji synpda okaýan Adyl atasynyň alkymyna dykylyp bardy. —Diýmek, bu ýyl sen bizi sowgatsyz goýjak bolýaň, şeýle gerek?
—Toba, toba. Bular edil uly adamlar ýaly gürleýär—diýip, Ogulsenem daýza agtygy Adylyň bolşuna gülüp, başyny ýaýkady.
—Şenbe güni bolanda näme, Aýazbaba sowgady haçan getirse, şol gün hem baryp almaly bolar-da—diýip, atasy Adyla gep düşündirjek boldy.
—Aýazbaba diýýäniň seniň başlygyň bolýar-a, şeýle dälmi?—diýip, Adyl atasynyň ýakasyny goýbermedi. —Seniň iş ýeriňdäki başlygyň saňa Aýazbaba bolan bolup sowgat berýär, senem ony bize getirip berýäň.
—Bäh... tüweleme, bular eýgerder ýaly däl—diýip, Çary aga uly agtygyndan halys basylyp, başyny ýaýkady.
—Ata, sen onda, hakykatdanam, sowgadymyzy ertir getirýäňmi?—diýip, Aýperi atasyndan sorady.
Agtyklarynyň boluşlaryna dözmän oturyşyna, Çary aga bukup goýan sowgatlaryny çykaryp olara beräýsem diýip birbada ýerindenem turjak boldy. Emma çagalar bilen degşip oturmasyna bir tarapdan göhi gelensoň, bu pikirini ol goýbolsun etdi.
—Ertir hökman getirerin, gyzym—diýip, atasy zordan gülmän, agtygyna wada berdi. —Şenbe güni bolsa-da, işe gidip, Aýazbabadan siziň Täze ýyl sowgadyňyzy alyp gaýdaryn.
—Ata, ertir bar-a, biz mekdebe Täze ýyl arçasynyň dabarasyna gidýäs. Onsoň bar-a, mekdepden gelýänçäk, sowgatlarymyzy hökman getirgin, bormy?—diýip, Aýperi atasyna sargyt etdi.
—Bor, gyzym—diýip, atasy ýylgyryp durşuna agtygynyň başyny ýene sypady. —Hökman getirerin.
—Söz berýäň dälmi?—diýip, Aýperi atasynyň ýüzüne bakdy.
—Hawa, söz berýän.
—Ata, enem bilýäňmi näme diýýär?..—diýip, Adyl ýene Çary aganyň alkymyna dykylyp geldi.
—Hawa, seň eneň näme diýýärmiş?—diýip, Çary aga uly agtygyndan sorady.
—Enem «Süýji zat diňe jübüt bolmaly» diýýär.
—Bäh, eger Aýazbaba maňa heriňiz üçin diňe bir sowgat beräýse, onda men näme edeýin?—diýip, Çary aga öýe getiren Täze ýyl sowgatlaryny aňynda sanap oturyşyna agtygyndan sorady.
—Bilemok, enem-ä bize jübüt sowgat berdi. Senem şondan kem galmajak bol.
—Hany, hany... Bolýar, men işden ýadap geldim—diýip, Çary aga Adylyň geplerinden halys basylansoň, gürrüňden gaçmak isledi. —Ertir Täze ýyl arçasynyň baýramyna gitmekçi bolsaňyz, baryň, irgözinden ýatyň.
—Onda ertir Täze ýylyň arça baýramyndan gelýänçäk sowgatlarymyz taýyn bolýa-da, şeýle dälmi, ata?—diýip, Aýperi ýene atasyndan sorady.
—Hökman, gyzym, hökman. Söz berýän.
—Eger atam «Söz berýän» diýse, onda hökman sowgat getirer—diýip, Aýperi otagdan bökjekläp çykyp gitdi.
—Çagalary beýdip kösäp oturanyňdan, beräýmeli ekeniň-dä sowgatlaryny—diýip, agtyklary otagdan çykyp gidensoň, Çary aganyň aýaly adamsyna gatyrgandy.
—Tüweleme, sowgatlary ýetik-le. Gijräk alsalar, süýji bolar—diýip, Çary aga ilkibaşda gelen pikirinden dänmedi.
Agşamlyk naharyny iýensoň, Çary aga ýerine geçip ýatdy. Hepdäniň argynlygy ýaşulyny gowy ýadadypdy. Düşege geçen badyna ol uka gitdi.
Çary aga oýananda jahan bireýýäm ýagtylypdy. Penjireden görünýän gar tozgajyklaryna gözi düşüp, ol daşaryk çykdy. Gyşyň ilkinji gary. Ol şeýle bir tozgalap ýagýardy welin, göwnüňi heýjana getirýärdi.
Arassa howadan işdämenlik bilen dem aldy-da, Çary aga kyrk ýyla golaý bäri endigine eýerip, säher bilen sagadyna tow bermek üçin tahyljygy açdy. Sagadyna elini uzadan çagy onuň üstünde goýlan ak kagyza gözi düşdi. Çary aga kagyzy eline aldy. Juda uly harplar bilen ýazylan ýazgylara gözi düşenden, bu hatyň özüne dgişlidigine ol düşündi. Çary aga haty äýnegini dakynman, arkaýyn okady.
«Ata, bu gün daşarda gar ýagýar. Sen bolsa bize söz beren sowgadyňy getirmek üçin işiňe gitseň, garda üşärsiň. Şonuň üçin biz saňa Adylyň saýawanyny goýup gidýäs. Sen hökman ony ýanyň bilen alyp gitgin. Saýawan seniň eşikleriňi asýan ýeriňdedir. Aýperi».
Çary aga haty okap, tolgundy. Egin-eşiklerini asýan ýeri açyp görse, dogrudan hem gara reňkli saýawan asawaçda asylgy durdy. Bu ahwalaty görüp, geçen agşam çagalary oýnanyna öz ýanyndan ahmyr etdi. Penjireden ýagýan gary synlanda agtyklarynyň biriniň saýawansyz mekdebe gidendigi göz öňüne gelip, öz-özüne käýindi.
Ol haýdan-haý düýnki işden getiren sowgatlaryny bukup goýan ýerinden daşyna çykardy. Sowgatlar bolsa üç sanydy.
Uly agtygynyň «Süýji zat diňe jübüt bolmaly» diýen sözlerini ýada salan Çary aga şu pursatda özüni agtyklarynyň ýanynda müýnli duýdy.
«Näme etsemkäm? Öz guran duzagyma özüm düşdüm-dä» diýip, ol içini gepletdi. Biraz oýa batyp oturansoň, onuň serine bir pikir geldi.
Şu ýaşyna çenli güýçli çabgaly ýagyşlarda hem aňsat-aňsat eline saýawan alyp görmedik Çary aga agtyklarynyň goýup giden saýawanyny eline alyp, dükana ylgady. Dükanda täze ýyl sowgatlarynyň dürli görnüşleri bardy. Emma Çary aganyň işden alyp gelen sowgatlaryna meňzeşi welin olaryň arasynda ýokdy. Ýaşuly birsalym oýa batyp durdy-da, sowgatlaryň iň gowularyndan ikisini saýlady. Dükançy bilen hasaplaşybam, dessine öýe howlukdy.
«Bolsa-da, agtyklar gelmändir» diýip, ol derwezeden giren badyna uludan demini aldy. Dükandan alyp gelen sowgatlaryny öýe saldy-da, olary işden getirenleri bilen goşalandyrdy.
«Bahana bilen her agtygym üçin iki dürli sowgat bolaýdy büý-ä» diýip, Çary aga sowgatlara seredip durşuna içini gepletdi.
—Säher bilen näme işläp ýörsüň?—diýip, Ogulsenem daýza Çary agadan sorady.
Çary aga agtygynyň ýazyp giden hatyny aýalynyň eline tutdurdy.
—Men saňa aýtdym-a düýn «Sowgatlaryňy elinjek ber olara» —diýip, Ogulsenem daýza haty okap bolup, jak-jaklap güldi.
—Wah, bu bezzatlardan men halys basylýan-how—diýip, Çary aga hem gülüp durşuna, iki elini galdyrdy.
—Indi maksadyňy aýt sen?—diýip, Ogulsenem daýza gülmekden ýaňa ýaşaran gözlerini syldy.
—Hersine iki sowgat, ynha, bu bolsa, saňa. —Şeý diýip, Çary aga işden getiren üç sowgadynyň birini aýalynyň eline tutdurdy.
—Bahana bilen menem sowgatly boldum-ow—diýip, Ogulsenem daýza atýdy.
—Daşarda galmagal bar welin, geldiler öýdýän—diýip, Çary aga penjirä bakdy.
Gyzjagazlar üçin niýetlenen kebelekdir gülüň suraty bilen bezelen saýawana Aýperi bilen gysylyşyp derwezeden giren Adyla gözi düşüp, atasy hezil edip güldi.
«Jübüt sowgat» diýip ataňy örtediň welin, sen garagolam-a gowuja kösenipsiň-ow!» diýip, ol elindäki sowgatlaryny alyp, daşary çykdy.
Eziz Geldimyradow.

Edebiýat, myspaser tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir