1959-njy ýylda Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň Çohpetde obasynda eneden bolýar.
1983-nji ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy hünäri boýunça tamamlady. Ol ýurdumyzda çap edilýän gazet-žurnallaryň we milli teleradioýaýlymlaryň redaksiýalarynda dürli wezipelerde işläp gelýär. Häzirki wagtda “Garagum” žurnalynyň bölüm redaktory bolup işleýär. Şu döwre çenli ol köp goşgularyň, poemalaryň, köp sanly uly göwrümli çeper hem-de dokumental kinofilmleriň awtorydyr.
Giň okyjylar köpçüliginiň hormatyna we söýgüsine mynasyp bolan zehinli şahyr 2007-nji, 2009-njy, 2012-nji ýyllarda Türkmenistanyň Prezidentiniň „Türkmeniň Altyn asyry“ atly bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. 2010-njy ýylda “Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti“ diýen hormatly ada, 2014-nji ýylda “Magtymguly Pyragy” medalyna mynasyp boldy.

Hüwdüle meni

 Söýgi sallançagy, hüwdüle meni,
Gark et ak säheriň süýdüne meni!
(bir ömre bir gözel ýeterlik weli,
Ençe juwan gyzlar söýdü-le meni...)

Duýmaýyn dünýäniň eşret-azabyn,
Sende birazajyk irkileýin men.
Doýmaýyn diňleýe söýgüň owazyn –
Şatlyklaryňdan hem gülküleriňden.

Yşkyň heserine – saýrasyn guşlar,
Yşk ody otlasyn baglaň depesin.
Ýara ezýet berip tolkunan saçlar
Aýňaltsyn ykbalyň yrga nepesin.

Göreçler çakyşsyn göreçler bilen –
Gökde däl, gözlerde çaksyn ýyldyrym.
Ýaryň allaryna aldanan düýşler
Oýanyp bagryna bassyn ýyldyzyn..
 
Doýuryp mähiriň süýdüne meni,
Söýgi sallançagy hüwdüle meni!...

  1978 ý.

Eleşan sazanda

Aýlanyp saz çalýaň köçeme-köçe,
Millet içre restoranda-barlarda.
Ýok, sen mes bolaňok al şerap içip,
Ýa minnet çekeňok ynjyk ýarlardan.

 Sen-gedaý,
hiç kime eliň sereňok,
Sen Hudaý,
hiç kime edeňok höküm.
Sen saz çalýaň sagy-sola, seleňe –
Jübüňde harjyň ýok,
egniňde ýüküň.

Aýlanyp saz çalýaň mes şäher içre,
Tukat köňlüň dünýe üste seçeläp.
Sende howandar ýok,
ýok sende hüjre,
Seň öwzaryň garaňky dar köçeler...

Sen – gudrat,
 kim oňa edýär pitiwa?!
Sen bir bilbilgöýe –
gulak salýan ýok.
Seni kowýan,
direýän ýok petige,
Ýa çagyryp habaryňam alýan ýok.

Sen – hazyna,
ýok jübüňi çöwürýän,
Sen diwana,
a eliňde mandolin?
Saňa degseň, sarsyp gidýär öwülýä.
Sen – perişde aýagyňda gandalyň?!

Başyňda gyşardyp köne papagyň,
Weýran dünýe içre saz çalyp ýörsüň.
Seret o sümükli telbe-makawa,
Seň üstüňden gülýär?!
Wah, özi, gör, kim?!

Diňlenýärmi – diňlenmeýär,
parh etmän,
Gowşadaňok mandolinaň kakuwyn.
Sen saz çalýaň ýelesinde bihepbäň,
Çalýaň degresinde keýtik-sakawyň.

Millet şerap süzýär,
  sen gözüň süzýäň,
Millet arabaly,
 a sen pyýada.
Ýöne sen saz çalýaň yzyny üzmän,
Ker dünýede sen saz çalýaň, byradar!

Çal sazyňy,
tarlaryňy çitikläp,
Çal sazyňy,
 paýradyp gözýaşyňy!
Goý, üstüňden gülübersin süpükler,
Üns berme!
Çal sazyňy, ýaşuly!

Sen kirşiň kak,
 millet kaksyn heşelle.
Çal sazyňy, bu lal açan dünýede!
Gynanma ýoklugyna öýüň-düşelgäň.
Çal sazyňy,
bakyp kepbä-kümmede!

Dirikäň saz bilen ýasyň tutup git.
Ýogsam sende ne hossar bar,
ne-syrdaş!
Öz agyňy özüň aglap ötüp git –
Çal sazyňy!
Çal sazyňy,
Çal, gardaş...

  1993 ý.

Edebiýat, Gurban93 tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir